Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
169157791534dc.jpeg
3 aý ozal
«Sanly çözgüt – 2025»: Täze pikirler we innowasiýa üçin giň meýdança

Türkmenistanda sanly tehnologiýalary ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary esasynda, ýurdumyzda sanly ulgamy döretmek we kämilleşdirmek ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Şol çäkde, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi tarapyndan her ýyl geçirilen «Sanly çözgüt – 2025» innowasion taslamalar bäsleşigi, IT pudagynyň, emeli aň ulgamynyň we robototehnika tehnologiýalarynyň ösüşine giň mümkinçilikleri döredýär.

1691567a7344ae.jpeg
3 aý ozal
Paýtagtymyzda ulag-kommunikasiýa toplumyna degişli iri halkara forumlar geçirilýär

Düýn Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmentel — 2025» atly XVIII halkara sergi we ylmy maslahat, şeýle-de «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2025» atly halkara maslahat we sergi öz işine başlady. Möhüm strategik pudaklarda sebit hem-de halkara hyzmatdaşlygy, işewürligi ösdürmekde täze mümkinçilikleri açjak bu çäreler ilkinji gezek bitewi meýdançada utgaşdyrylyp geçirilýär.

169156ccc24133.jpeg
3 aý ozal
Mämmethan Çakyýew: Türkmenistan daşary ýurt maýadarlary hyzmatdaşlyga çagyrýar

Türkmenistan daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň anyk maýa goýum tekliplerine seretmäge taýýar diýip, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Mämmethan Çakyýew çarşenbe güni Aşgabatda geçirilýän “Türkmentel–2025” ylmy maslahatynda aýtdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär. 

16915788795435.jpeg
3 aý ozal
Ilkinji Russiýa-Eýran ýük otlusy Türkmenistandan geçdi

Russiýadan ugrap, Türkmenistanyň çäginden üstaşyr geçen ilkinji ýük otlusy Eýrana baryp ýetdi. Bu barada ýekşenbe güni Eýranyň IRNA agentligi habar berdi. Otlynyň düzüminde kagyz, sellýuloza hem-de beýleki senagat önümleri ýerleşdirilen 62 sany 40-futlyk konteýner bardy.

169156ba35b8e8.jpeg
3 aý ozal
Türkmenistan we Saud Arabystany haj möwsümini gurnamaklygy ylalaşdylar

Türkmenistanyň Müftüsiniň müdiriýeti bilen Saud Arabystanynyň haj we umra ministrligi 2026-njy ýylda türkmen raýatlarynyň haj zyýaratyna iberilişini guramak tertibini kesgitleýän ylalaşyk baglaşdylar. Bu barada Saud Arabystanyndaky Türkmenistanyň Ilçihanasy habar berýär.

169157384b40b0.jpeg
3 aý ozal
Türkmen-eýran serhedinde ýerleşýän «Artyk» hem-de «Sarahs awtoýollary» gümrük nokatlarynyň durkuny täzelemek işleri başlandy

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy serhetýaka gümrük nokatlarynyň ulag geçirijilik kuwwatyny ýokarlandyrmak we gümrük hyzmatlarynyň hilini kämillleşdirmek boýunça işleri tapgyrlaýyn esasda alyp barýar. Bu işleriň nobatdaky tapgyrynda, türkmen-eýran serhedinde ýerleşýän «Artyk» hem-de «Sarahs awtoýollary» gümrük nokatlarynyň durkuny täzelemek boýunça gurluşyk işlerine başlady.

169141fea2b7ce.jpeg
3 aý ozal
Aşgabatda “Türkmentel-2025” halkara sergisi we ylmy maslahaty öz işine başlady

Şu gün «Türkmentel-2025» atly halkara sergi we ylmy maslahat, şeýle hem «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2025» atly halkara maslahatyň we serginiň açylyş dabarasy geçirildi.

1691418028fc76.jpeg
3 aý ozal
Parahatçylyk we döredijilik konsepsiýasy — Bitarap Watanymyzyň ileri tutýan strategik ugry

Ýurdumyzyň Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady goýlan, hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýan daşary syýasaty häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunda ähli gyzyklanma bildirýän döwletler bilen netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge möhüm ähmiýet berilýär.

169142a3edfdbd.jpeg
3 aý ozal
“Demirýollary” AGPJ çelekli wagonlary satyn almak boýunça halkara bäsleşik yglan edýär

“Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti öndüriji zawodlaryň arasynda nebit önümlerini daşamak üçin niýetlenen çelekli wagonlary satyn almak boýunça №DÝ/AGPJ-051 belgili açyk görnüşli halkara bäsleşik yglan edýär

16912bf652f76f.jpeg
3 aý ozal
Aşgabat sanly ykdysadyýeti ösdürmek we logistika strategiýalaryny durmuşa geçirmek boýunça bilermenleriň gepleşigini kabul eder

Häzirki wagtda global sanly ykdysadyýetiň möhüm ugurlary, telekommunikasiýa ulgamlarynda iň oňat tehnologik çözgütler, şeýle hem sebit we dünýä ulag pudagynyň logistika strategiýalary ýurdumyzyň ykdysady durmuşyna işjeň goşulýar.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.