Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
«Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň çäginde ornaşdyrylan laboratoriýada synaglar geçirilip başlandy
Türkmenistanda halkara gatnaşyklarynyň ösdürilmegi bilen, onuň ulag pudagy hem ösýär we halkara derejelerine ýetýär. Ýagny, häzirki wagtda «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda Koreýa Respublikasynyň «Koryo Shipbuilding Industry Technology Co., Ltd.» gämi gurluşyk kompaniýasy bilen bilelikde dünýä ülňelerine laýyk gelýän ýük göterijiligi 6100 tonna bolan iki sany gury ýük gämileriniň gurluşyk işleri ýokary derejede alnyp barylýar.
Türkmenistanyň DIM-i BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna taýýarlyk boýunça brifing geçirildi
18-nji iýulda Türkmenistanyň DIM-nde BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC 3) taýýarlyk boýunça brifing geçirildi.
Hazaryň kenarynda täze nebit guýujy beket açyldy
18-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Şol mejlisiň barşynda hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly «Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň Kenar toplaýjy – ýükleýji nebit kärhanasynyň nebit we nebit önümlerini guýulýan hem-de kabul edilýän täze 3-nji gämi duralgasynyň açylyş dabarasyna ak pata berdi.
Türkmen türgenleri «Ýüpek ýoly – 2025» rallisinde öňdelige eýeleýär
12-nji iýulda badalga alan Russiýa Federasiýasyndan Mongoliýa Respublikasyna uzaýan «Ýüpek ýoly – 2025» rallisine gatnaşýan Türkmenistanyň toparlary ynamly öňde barýarlar. 4 tapgyrynyň netijesinden soňra T2 kategoriýasynda bäsleşýän Türkmenistanyň türgenleri öňdeligi eýeleýärler.
«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat — Seul — Aşgabat gatnawyny ýola goýdy
«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat — Seul — Aşgabat gatnaw ugry boýunça hepdelik uçuşlary amala aşyryp başlady. Bu barada «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynyň resmi web saýtynda habar berilýär.
Özara bähbitli, köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň wakalary Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan, sebit hem-de ählumumy derejede parahatçylygy, durnuklylygy goldamaga, umumy abadançylygy üpjün etmäge gönükdirilen döredijilikli daşary syýasat strategiýasyna ygrarlydygyny aýdyň tassyklaýar.
Ýurdumyzyň intellektual kuwwaty pugtalandyrylýar
Paýtagtymyzda, Arkadag şäherinde hem-de ýurdumyzyň welaýat merkezlerinde ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine dalaşgärlerden resminamalar kabul edilip başlandy.
Aşgabat şäherindäki demir ýol ulaglary orta hünär okuw mekdebinde resminamalary kabul edişlik başlandy
Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň Aşgabat şäherindäki demir ýol ulaglary orta hünär okuw mekdebi 2025/2026-njy okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýär:
Awazada internetiň 4G+ tehnologiýasy işe girizildi
“Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan” gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berildi. Bu barada Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde habar berildi.
Türkmen türgenleri «Ýüpek ýoly – 2025» ralli-reýdi ýaryşyna gatnaşýar
12-22-nji iýul aralygynda Russiýa Federasiýasyndan Mongoliýa Respublikasyna uzaýan «Ýüpek ýoly – 2025» ralli-reýdi ýaryşyna badalga berildi. 4811,58 kilometrlik menzile uzap gidýän halkara ýaryşyna Türkmenistandan türgenler hem gatnaşýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.