Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
167e0e36d28ff4.jpeg
3 aý ozal
Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli dabaralar

21-nji martda türkmen halky Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlikde we şatlykda, ýagşy arzuw-umytlar bilen garşylady. Esasy dabaralar, däp bolşy ýaly, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky “Nowruz ýaýlasynda” ýaýbaňlandyryldy.

167dbabbbcf64b.jpeg
3 aý ozal
Bitarap Türkmenistan sebitara ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda çykyş edýär

“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny” atly halkara maslahat geçirildi. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna beslenýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçirilýän bu maslahata türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagy onuň ähmiýetini has-da artdyrdy.

167dba6cee731a.jpeg
3 aý ozal
Türkmen halkynyň Milli Lideri: Merkezi hem-de Günorta Aziýany birleşdirjek täze ulag geçelgelerini döretmek zerurdyr

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistandan Owganystana, ondan aňryk Pakistanyň portlaryna barýan demir ýoluň gurluşygyny we bu işde taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşýan taraplaryň halkara maliýe institutlary, maýa goýum gaznalary, bank edaralary we degişli guramalar bilen hyzmatdaşlygyna möhüm ornuň degişlidigini belledi.

167dba40d6af4e.jpeg
3 aý ozal
«Hazar logistika» kompaniýasy hyzmatdaşlyga çagyrýar

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 17 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilýän sergide ýurdumyzyň hususy pudagynyň gazananlary görkezildi. 

167dba2671c46c.jpeg
3 aý ozal
Täjigistanda GDA-nyñ multimodal ulag geçelgelerini sanlylaşdyrmagyň strategiýasy işläp taýýarlanýar

Täjigistanda ýurduñ Garaşsyz Döwletleriñ Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiñ çäklerinde Arkalaşygyñ multimodal ulag geçelgelerini sanlylaşdyrmagyň strategiýasy işläp taýýarlanyp başlandy.

167da4d8c449a8.jpeg
3 aý ozal
2024: Türkmenistan bilen Gruziýanyň ulaglar arkaly söwda dolanyşygy $80 milliondan geçdi

2024-nji ýylda Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky ulaglar arkaly söwda dolanyşyk $80 milliondan gowrak boldy. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi habar berýär.

167da4ac608266.jpeg
3 aý ozal
Aşgabatda «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forum geçirildi

Paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly hususy pudaga maýa goýumlary çekmek boýunça halkara forum geçirildi.

167da48f3d40ae.jpeg
3 aý ozal
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: — Ata Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmek biziň baş maksadymyzdyr

19-njy martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň döwlet Baştutany wezipesine girişmegine üç ýyl bolýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Watanymyz parahatçylyk we döredijilik ýoly bilen ynamly öňe gitmegini dowam etdirýär.

167d91894e4dde.jpeg
3 aý ozal
2024-nji ýylda Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky ulaglar arkaly söwda dolanyşygy 80 million dollardan gowrak boldy

Gruziýanyň Milli statistika gullugy (Geostat) 2024-nji ýylda Gruziýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky ulaglar arkaly söwda dolanyşygy baradaky maglumatlary çap etdi. Türkmenistandan Gruziýa edilen importyň mukdary 58,09 million ABŞ-nyň dollaryna barabar boldy, Gruziýanyň Türkmenistana eksporty bolsa 22,9 million ABŞ-nyň dollaryna ýetdi – diýip, Trend neşiri habar berýär.

167d90e80ce8cf.jpeg
3 aý ozal
«Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni» mynasybetli awtobuslaryň şäherýaka ugry ýola goýlar

2025-nji ýylyň 21-22-nji martynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Nowruz ýaýlasynda geçiriljek «Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni» mynasybetli baýramçylyk günlerinde 2025-nji ýylyň 19-njy martyndan başlap, 72-lik «Awtokombinat — Türkmeniň Ak öý i— Awtokombinat» şäherýaka ugry ýola goýulýandygy barada habar berilýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.