Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
Türkmenistanyň wekiliýeti 5-nji Tbilisi Ýüpek ýoly forumyna gatnaşdy
2025-nji ýylyň 22-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 5-nji Tbilisi Ýüpek ýoly forumyna gatnaşdy.
Innowasiýalar, akylly tilsimatlar we häzirki zaman ulag düzüminde öňdebaryjy tejribeler bir meýdançada
12–14-nji noýabry aralygynda Türkmenistanda «Türkmentel–2025» atly Halkara sergisi we ylmy maslahaty hem-de «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara baglanyşyk we ösüş – 2025» atly Halkara maslahaty we sergisi geçiriler.
Türkmenistan, Özbegistan, Gyrgyzystan, Hytaý täze multimodal gatnaw ýoluny işe girizdiler
Hytaý, Gyrgyzystan, Özbegistan we Türkmenistan bilelikde ýük daşamak üçin täze halkara multimodal gatnaw ýoluny açdylar, bu gatnaw ýoly Orta geçelge hökmünde hem tanalýan Hazarüsti halkara ulag gatnaw ýolunyň günorta şahasy bolup durýar.
Birleşen Milletler Guramasy: parahatçylygyň we ösüşiň bähbidine halkara tagallalara 80 ýyl
23-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Birleşen Milletler Guramasynyň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygy mynasybetli maslahat geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Daşary işler, Maliýe we ykdysadyýet, Saglygy goraýyş we derman senagaty, Bilim ministrlikleriniň hem-de BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň Başlygy bilen Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisiniň arasynda duşuşyk geçirildi
2025-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň Başlygy bilen Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisiniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Aşgabat 2026-njy ýylda GDA-nyň Demir ýol ulaglary boýunça geňeşiniň mejlisini kabul eder
GDA gatnaşyjy döwletleriň Demir ýol ulaglary boýunça geňeşiniň müdirligi, Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligine Geňeşiň 84-nji mejlisini 2026-njy ýylyň maý-iýun aýlarynda Aşgabatda geçirmegi teklip edip hat iberdi.
Sanlylaşdyrma we emeli aň ulgamlary: Türkmenistanyň gümrük gullugynyň BAE sapary
Ýakynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekiliýeti Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi we Dubaý şäherlerine iş saparyny amala aşyrdylar. Sapar Abu-Dabi şäheriniň Gümrükhanasy tarapyndan BMG-niň Halkara Söwda Merkezi bilen hyzmatdaşlykda gurnaldy.
«Sanly çözgüt-2025» innowasion taslamalar bäsleşiginiň saýlama tapgyry başlady.
Türkmenistanda sanly tehnologiýalary ösdürmäge gönükdirilen «Sanly çözgüt - 2025» innowasion taslamalar bäsleşigi IT tehnologiýalary ösdürmek, emeli aňy has-da kämilleşdirmek we robototehnika ýaly ugurlarda täze pikirlere ýüzlenmek üçin giň mümkinçilikler açýar.
Türkmenistan bilen Russiýanyň Mejlisleriniň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyga gol çekdildi
Russiýa Federasiýasyna resmi saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň binasyna baryp gördüler we ol ýerde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Hormatly myhmanlaryň kitabyna ýazgy galdyrdy.
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Gruziýanyň Prezidenti we Premýer-ministri bilen duşuşdy
2025-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Gruziýa resmi saparynyň çäklerinde Gruziýanyň Prezidenti Mihail Kawelaşwili bilen duşuşygy geçirildi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.