Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER

Mary halkara howa menzili bäsleşik yglan edýär
Türkmenistanyň "Türkmenhowaýollary" agentliginiň Mary halkara howa menzili menziliň içerki aragatnaşygyny üpjün etmek maksady bilen göterilýän radiostansiýalary satyn almak boýunça açyk görnüşli bäsleşik yglan edýär

Arkadag şäherinde YHG-niň birinji ministrler forumy geçiriler
Şu ýylyň aprel aýynda Arkadag şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki birinji forumy geçiriler. Iri halkara çärä taýýarlyk görlüşi hakynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde hasabat berdi diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Parahatçylyk, ynanyşmak we deňhukuklylyk ýörelgelerine eýerip
Ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, sebit we halkara derejede deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunda gyzyklanma bildirýän ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryň geriminiň giňeldilmegine möhüm ähmiýet berilýär.

Haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti “Al-Arabiýa” teleýaýlymynyň wekilleri bilen duşuşdy
19-njy aprelde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa ýurdumyza sapar bilen gelen “Al-Arabiýa” teleýaýlymynyň esasy alypbaryjysy Rizwan Hanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşdy. Duşuşykda myhmanlar gaznanyň alyp barýan işleri bilen giňişleýin tanyşdyryldy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Ulag diplomatiýasy boýunça Halkara merkeziniň Ýerine ýetiriji sekretary bilen duşuşdy
2025-nji ýylyň 17-nji aprelinde Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ulag diplomatiýasy boýunça Halkara merkeziniň Ýerine ýetiriji sekretary Igor Runowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.

Türkmenistan telekommunikasiýalar pudagynda dünýä tejribesini ornaşdyrýar
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna beslenip, «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygary astynda geçýän şu ýylyň wakalary Watanymyzyň şanly ýyl ýazgysyna täze sahypa bolup ýazylýar. Bitaraplyk syýasaty ýurdumyza milli ykdysady ösüşiň wezipelerini üstünlikli çözmäge mümkinçilik berdi.

Astanadaky II Merkezi Aziýa media forumynda žurnalistika ugry boýunça Merkezi Aziýanyň baýragyny döretmegi teklip etdiler
Astanada açylan II Merkezi Aziýa media forumynda žurnalistika ugry boýunça Merkezi Aziýanyň baýragyny döretmek pikiri teklip etdiler. Bu barada “KAZINFORM” habar berýär.

Türkmenistan we ABŞ migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri sişenbe güni Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň ikinji sekretary Braýan Gowarda Granjin bilen duşuşyk geçirdiler. Onuň dowamynda, hususan-da, migrasiýa ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerine garaldy diýip, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy habar berýär.

2024-nji ýylda Eýranyň üsti bilen ýük daşalmagy ep-esli artdy
Geçen ýylda (2024-nji ýylyň 20-nji martyndan 2025-nji ýylyň 20-nji martyna çenli) Eýranyň üsti bilen ýük daşalmagy öňki ýyl bilen deňeşdirilende (2023-nji ýylyň 21-nji martyndan 2024-nji ýylyň 19-njy martyna çenli) 22,5% artdy.

“Türkmenistan” awiakompaniýasy”: Taýlanda gidýän ýolagçylaryň dykgatyna
2025-nji ýylyň 1-nji maýyndan başlap, Taýland Patyşalygynyň Migrasiýa gullugynyň habar bermegine görä, Taýland Patyşalygyna girmegiň düzgünleriniň üýtgeýändigi we ýurda girmezden öň sanly migrasiýa kartasynyň doldurylmalydygynyň zerurdygy barada habar berilýär.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.