Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
Gazagystandaky forumda sebit logistikasynyň täze ugurlary kemala getirilýär
14-15-nji maýda türkmen wekiliýeti, şol sanda «Türkmen Logistika» assossiýasiýasynyň, döwlet edaralarynyň we işewür düzümleriniň wekilleri Almatyda geçýän 13-nji Merkezi Aziýa söwda forumyna gatnaşýar. Bu barada «Türkmen Logistika» assossiýasiýasynyň resmi saýtynda habar berilýär.
Turgundy gury portunda ammarlar toplumy gurlar
Berkarar döwletimiziň ulag ulgamynda goňşy döwletler bilen halkara demir ýol geçelgeleriniň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Häzirki wagtda möhüm ulag geçelgeleriniň biri bolan Owganystan döwleti bilen serhetleşýän Serhetabat Turgundy demir ýol geçelgesiniň işjeňligini artyrmak möhüm mesele bolup durýar.
Aşgabat halkara howa menzili bäsleşik yglan edýär
“Türkmenhowaýollary” agentliginiň Aşgabat halkara howa menzili www.ashgabatairport.gov.tm resmi web saýtyna hem-de ykjam goşundylara täze üýtgeşmeleri girizmek we olary kämilleşdirmek, şeýle hem ýokary derejeli maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek (şol sanda tehniki taýdan) üçin potratçy saýlamak boýunça bäsleşik yglan edýär
Türkmenistanda azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň halkara sergisi geçirilýär
15-nji maýda Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň halkara sergisi açyldy.
«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebinde wagyz-nesihat çäresi geçirildi
15-nji maýda, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebinde Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň eserlerinden ugur alyp, ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek we olaryň ruhy-ahlak medeniýetini kemala getirmek ýaly meselelerine bagyşlanan wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
«Daşoguzawtoulag» önümçilik birleşigi «B» hem-de «C» topara degişli sürüjilik şahadatnamasy bolan sürüjileri işe çagyrýar
«B» hem-de «C» topara degişli sürüjilik şahadatnamasy we sürüjilik tejribesi bolan sürüjiler «Toyota Corolla « we «Hýundai Elantra» kysymly ýeňil taksi awtoulaglaryny dolandyrmak üçin işe çagyrylýar.
Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna baryp gördi
Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi Gismat Gozalow 2024-nji ýylyň maý aýynyň 13-14-i aralygynda iş sapary bilen Balkan welaýatyna gitdi.
Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 30 ýyllygy mynasybetli maslahat geçiriler
Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) arasyndaky hyzmatdaşlygyň 30 ýyllygy mynasybetli 2024-nji ýylyň 14-nji maýynda Aşgabatda “Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 30 ýyllygy: geljegiň hatyrasyna bilelikdäki işler” atly maslahat geçiriler.
Aşgabatda tiz öwrenmäge we aň taýdan kämilleşmäge ýardam edýän «IQ007» mekdebi açyldy
Aşgabatda çagalary we ýetginjekleri ösen bilim maksatnamalaryna laýyklykda goşmaça bilim almaga çagyrýan täze bilim merkezi — «IQ007» mekdebi açyldy. Çagalar tiz okap öwrenmek we aň taýdan kämilleşmek, sowatly ýazmak we kalligrafiýa, iňlis dilini suwara öwrenmek, şeýle hem IQ etika ýaly ugurlary aňsatlyk bilen özleşdirip bilerler.
Aziýa — Ýewropa ugry boýunça ýük ýollamagyň nyrhlary peselmegini dowam etdirýär
Konteýnerleri Aziýadan esasy sarp ediş bazarlaryna ýollamak üçin nyrhlar peselmegini dowam etdirýär. 13 — 17-nji senenama hepdelerinden (mart aýynyň ahyryndan) Ýewropa üçin nyrhlar takmynan 7% düşen bolsa, Demirgazyk Amerika üçin bahalar ondan hem pese gaçdy: Ýuwaş ummanyň kenar portlary boýunça 11%, Atlantik üçin 17% azaldy.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.