Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
165bc6ce07bc87.jpeg
1 ýyl ozal
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2023-nji ýyl: Ulag we kommunikasiýa toplumy

2023-nji ýyl milli ykdysadyýetimiziň çalt depginde ösdürilmegini maksat edinýän ulag düzümlerini döwrebaplaşdyrmak boýunça iri möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilen döwri hökmünde Watanymyzyň ýyl ýazgysyna girdi. Ýurdumyzyň ýol-ulag ulgamyny döwrebaplaşdyrmak babatda ägirt uly işler amala aşyrylýar.

165bc7fd1e8e26.jpeg
1 ýyl ozal
Russiýa geljekde hem Türkmenistanyň ulag taslamalaryna gatnaşmagy dowam etdirer

Demirgazyk - Günorta halkara ulag geçelgesini ösdürmegiň çäklerinde Russiýa geljekde hem Türkmenistanyň we beýleki döwletleriň ulag taslamalaryna gatnaşmagy dowam etdirer. Bu barada Russiýanyň Hökümetiniň wise-premýeri Alekseý Owerçuk beýleki yklymüsti ulag geçelgelerinde bar bolan meseleleriň çäginde degişli ulag geçelgesiniň barha artýan ähmiýetini göz öňünde tutup belläp geçdi. Bu barada "TASS" habarlar agentligi mälim edýär.

165bc7d106e04f.jpeg
1 ýyl ozal
«EIB Global» ulag ulgamynyň ösüşi üçin Merkezi Aziýa ýurtlaryna 1,5 milliard ýewro golaý serişde bermegi meýilleşdirýär

Ýewropanyň maýa goýum banky (EIB Global) Brýusselde geçirilen «Ýewropa Bileleşigi — Merkezi Aziýa» maýadarlar forumynda Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan we Gazagystanyň Ösüş Banky bilen bilelikde umumy bahasy 1,47 milliard ýewro barabar taslamalary maliýeleşdirmek barada özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamalara gol çekdi.

165bc7ba926015.jpeg
1 ýyl ozal
“Türkmenhowaýollary” agentligi gijeki yşyk çyralaryny täzelemek boýunça tenderiň möhletini uzaldýar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenhowaýollary” agentligi öz binasynyň çägindäki gijeki yşyk çyralaryny täzelemek boýunça açyk görnüşli tenderiň möhletini uzaldýar

165bc70a4b5454.jpeg
1 ýyl ozal
«Türkmenistan» awiakompaniýasy Jidda we Hoşimin şäherlerine awiapetekleriň onlaýn-satuwyny açdy

«Türkmenistan» awiakompaniýasy turkmenistanairlines.tm resmi web saýtynda Jidda (Saud Arabystany) hem-de Hoşimin (Wýetnam) şäherlerine howa gatnawlarynyň awiapetekleriniň onlaýn-satuwyny ýola goýdy.

165bc6fc98ee81.jpeg
1 ýyl ozal
Gazagystan Türkmenistan, Hytaý we Özbegistan bilen üstaşyr geçiş mümkinçiliklerini ýokarlandyrar

Gazagystanyň Hökümeti Hytaý, Özbegistan we Türkmenistan bilen serhetdäki gözegçilik nokatlaryny doly derejede döwrebaplaşdyrmaga başlaýar. Bu barada Gazagystan Respublikasynyň maliýe ministriniň orunbasary Ýerzjan Birjanow Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Merkezi aragatnaşyk gullugynda geçirilen metbugat ýygnagynda mälim etdi.

165bbef9ccda08.jpeg
1 ýyl ozal
TRACECA maksatnamasyna gatnaşýan türki dilli ýurtlaryň gümrük hyzmatlarynyň ýeke-täk portaly dörediler

TRACECA halkara maksatnamasyna gatnaşýan ýurtlaryň gümrük gulluklary elektron hyzmatlarynyň ýeke-täk tranzit portalyny döretmek bilen bagly çarçuwaly şertnamany taýýarlaýarlar. Bu barada Azerbaýjanyň Döwlet gümrük komitetiniň Baş gümrük dolandyryş müdirliginiň gümrük düzgünleşdiriş departamentiniň başlygy Jafar Guluzade «Trend» saýtynyň habarçysyna gürrüň berdi.

165bb32ae728a3.jpeg
1 ýyl ozal
“Balkan” gämigurluşyk we abatlaýyş zawody MA – ÝB ugry boýunça ýükleri daşamak üçin deňiz gämilerini gurmaga ukyplydyr

“Balkan” gämigurluşyk we abatlaýyş zawody MA – ÝB ugry boýunça ýükleri daşamak üçin deňiz gämilerini gurmaga ukyplydyr Şu ýyl gämi gurluşygyna girişen “Balkan” gämigurluşyk we abatlaýyş zawody özüniňň hyzmatdaşlary bilen birlikde 14 aýyň dowamynda ilkinji gury ýük gämisini gurup ulanmaga bermegi meýilleşdirýär. Gämileriň ikinji şondan iki aý soň, üçünjisi hem 4 aýdan soň ulanmaga berler.

165bb314062244.jpeg
1 ýyl ozal
Türkmenbaşy Halkara deňiz porty Merkezi Aziýa bilen Ýewropany özara baglanyşdyrar

Belgiýa Patyşalygynyň Brýussel şäherinde sişenbe güni geçirilen Ýewropa Bileleşiginiň “Global Gateway” başlangyjynyň Maýadarlar forumynda “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň başlygynyň orunbasary Seýitguly Baýseýidow Ýewropa bilen Merkezi Aziýanyň arasynda arabaglanyşygy üpjün edýän Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň sebit üçin esasy deňiz merkezi hökmünde strategiki ornuny belläp geçdi.

165bb341365f6d.jpeg
1 ýyl ozal
«Türkmenawtoulaglary» agentligi bäsleşik yglan edýär

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentligi Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda, Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde we Mary welaýatynyň Mary şäherinde gurulýan elektron enjamlary bilen enjamlaşdyrylan awtotürgenleşik meýdançalary üçin ulag serişdelerini, okuw enjamlaryny we materiallary satyn almak we gurnamak üçin bäsleşik yglan edýär;

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.