Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER

Türkmenistanyň we Özbegistanyň arasynda ulag-üstaşyr geçelgesiniň geçirijiligini ösdürmek boýunça çäre geçirildi
Türkmenistanyň we Özbegistanyň gümrük gulluklarynyň harby gullukçylary ýükler barada deslapky maglumatlary alyşmak boýunça geçirilen bilelikdäki okuw çäresine gatnaşdylar. Ol Farap awtoýollary (Türkmenistan) we Alat (Özbegistan) gümrük nokatlarynda geçirildi.

Türkmen wekiliýeti Brýusselde ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirdi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktorynyň orunbasary Batyr Annaýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Belgiýa Patyşalygynyň Brýussel şäherinde geçirilýän Ýewropa Bileleşiginiň “Global Gateway” başlangyjynyň Maýadarlar forumynyň çäginde duşenbe güni birnäçe duşuşyklary geçirdi. Bu barada “Biznes Türkmenistan” internet neşiriniň foruma gatnaşýan wekilleri habar berdiler.

Brýusseldäki Maýadarlar forumynda Türkmenistanyň ulag mümkinçilikleri tanyşdyryldy
“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň başlygynyň orunbasary Seýitguly Baýseýidow ÝB-niň “Global Gateway” başlangyjynyň Maýadarlar forumynda soraglara jogap berýär, 2024-nji ýylyň 30-njy ýanwary, Brýussel, Belgiýa. (Surat: Biznes Türkmenistan)

Türkmenistan halkara deňiz portunyň enjamlary we tehnikalary üçin ätiýaçlyk şaýlaryny satyn alar
«Türkmendeňizderýaýollary» agentligi Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň enjamlary we tehnikalary üçin ätiýaçlyk şaýlaryny getirmek babatda halkara bäsleşik yglan etdi. Bäsleşigiň maksady porty öz wagtynda abatlamak we tehniki hyzmatybökdençsiz ýerine ýetirmek arkaly, onuň üznüksiz işlemegini üpjün etmekden ybaratdyr.

Türkmenistan Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda ulag merkezine öwrülmäge taýýardygyny mälim etdi
Türkmenistan Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda ýük daşamak babatda möhüm üstaşyr merkeze öwrülmek üçin ähli zerur infrastruktura eýe. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktorynyň orunbasary Batyr Annaýew Brýusselde geçirilýän Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýanyň arasynda durnukly ulag arabaglanyşygy boýunça «Global Gateway» maýa goýum forumynda eden çykyşynda mälim etdi.

«Türkmenpoçtanyň» «gapydan gapa» çaparçylyk hyzmatynyň gerimi giňeýär
«Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasy «gapydan gapa» çaparçylyk hyzmatyny hödürleýär. Bu çaparçylyk hyzmatynyň türkmenistanlylaryň ünsüni çekýän esasy aýratynlygy bolsa onuň köp sanly peýdaly taraplary bilen bagly:

Türkmenistan we Bütindünýä poçta birleşigi hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýar
Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekili Wepa Hajiýewiň Bütindünýä poçta birleşiginiň Baş direktory Masahiko Metoki bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Şweýsariýadaky ilçihanasy habar berýär.

ÝB-Merkezi Aziýa durnukly ulag arabaglanyşygy boýunça maýa goýum forumy açyldy
Düýn Belgiýa Patyşalygynyň Brýussel şäherinde Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýanyň arasynda durnukly ulag arabaglanyşygy boýunça “Global Gateway” maýa goýum forumy öz işine başlady.

«Sanly Çözgüt IT meýdança» HJ bilim we sanly hyzmatlaryň gerimini giňeldýär
«Sanly Çözgüt IT meýdança» HJ 5-14 ýaşly çagalar üçin “Robototehnika esaslary” atly täze okuwyň başlandygyny habar berdi. 6 hepdelik okuw, ösen tehnologiýalary ulanyp, dürli görnüşli robot kömekçilerini nädip ösdürmelidigini öwretmegi maksat edinýär.

«Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Türkiýe» ulag geçelgesiniň geçirijilik ukyby ösdüriler
Özbegistan Hytaýy Merkezi Aziýany Türkiýe bilen birleşdirýän ulag geçelgesine goşulyşmaga çagyrýar. Bu geçen hepde Pekinde «Özbekdemirýollary» paýdarlar geňeşiniň başlygy Zufar Narzullaýew bilen «Hytaý döwlet demirýollarynyň» başlygy Go Szuhuýeniň arasynda geçirilen duşuşykda aýdyldy diýlip, «nCa» tarapyndan habar berildi. Şeýle hem bu geçelgäniň geçirijilik ukybyny bilelikde ýokarlandyrmak teklip edilýär.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.