Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER

“Türkmen hemrasy” ÝGPJ audit barlagyny geçirmek boýunça bäsleşik yglan edýär
“Türkmen hemrasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti 2024-nji ýylda jemgyýetiň maliýe-ykdysady ýagdaýy boýunça audit barlagyny alyp barmak üçin, audit edaralarynyň amala aşyryp biljek audit hyzmatlarynyň täjirçilik (bahalaryny görkezmek bilen) teklipleri kabul edýär

Türkmenistan Halkara Deňiz Guramasynyň Halkara deňiz gatnawyny ýeňilleşdirmek hakynda Konwensiýasyna goşulmagy meýilleşdirýär
26-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew deňiz-derýa pudagynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak we gämileriň gatnawlarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, halkara standartlara laýyklykda milli kanunçylygyň kämilleşdirilişi barada hasabat berdi.

Tokioda türkmen wekiliýeti sanagat, ulag we syýahatçylyk boýunça duşuşyklary geçirdiler
Tokio şäherine iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ýaponiýanyň sanly ulgam işleri boýunça ministri Taro Kono bilen duşuşdy.

Türkmenistan we Italiýa ulag infrastrukturasyny döretmekdäki maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy
Türkmenistanyň Italiýadaky ilçisi Toýly Kömekow Italiýanyň infrastruktura we ulag ministriniň orunbasary Edoardo Riksi, RFI (FS Topary) kompaniýasynyň prezidenti Dario Lo Bosco we baş direktory Žanpero Strisiuglio bilen duşuşdy. Bu barada «Teleborsa» habar berdi.

Türkmenistan Hazarüsti söwda ýoly boýunça bilelikdäki hereketleriň meýilnamasyny maslahatlaşýar
Türkmenistanyň wekiliýeti geçirilýän Hazarüsti söwda ýoly boýunça bilelikdäki hereketleriň meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşmak üçin Daşkent şäherinde geçirilýän çärä gatnaşýar.

“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginde sanly ulgam, maglumat we kiberhowpsuzlyk ugurlary boýunça okuw-sapak geçirildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sanly ulgamy hemmetaraplaýyn ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetimizde uly üstünlikler gazanylýar. Ýurdumyzyň ykdysadyýetini mundan beýläk hem ösdürmekde we döwrebaplaşdyrmakda sanly ulgamyň aýratyn orny bardyr.

Gazagystan Türkmenistanyň we Owganystanyň üstünden özara ýük daşamalary ýola goýmagy teklip etdi
Häzirki wagtda Gazagystanyň we Pakistanyň arasynda demir ýol arabaglanyşygy ýokdur. Munuň deregine, şol sanda Türkmenistanda bar bolan üstaşyr geçelgeleriň netijeli ulanylmagynyň uly geljeginiň barlygy bellenilýär.

«Türkmenaragatnaşyk» agentliginde «Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy egsilmez hazynadyr» atly wagyz-nesihat maslahaty geçirildi
Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň dünýä dolan şöhratyny has-da beýgeltmek we ony giňden wagyz etmek maksady bilen «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylarydyr, hünärmenleriniň gatnaşmagynda, 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli wagyz-nesihat maslahaty geçirildi.

Türkmenistanyň we Belarusyň ilçileri Moskwada söwda, logistika meselelerini maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçisi Esen Aýdogdyýew we onuň bu ýurtdaky belarus kärdeşi Dmitriý Krutoý 24-nji ýanwarda Moskwada duşuşyk geçirdiler. Onda Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň dürli meseleleri maslahatlaşyldy. Diplomatlar hususanda, iki ýurduň bir-birlerindäki söwda öýleriniň işi barada özara pikir alyşdylar.

Daşoguzda awtoulaglaryň tehniki ýagdaýy anyklanylýan täze desgalar açyldy
Daşoguz welaýat Polisiýa müdirliginiň Saparmyrat Türkmenbaşy etrap polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny anyklaýyş we hasaba alyş toparynyň binasynyň açylyş dabarasy boldy. "Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, dabaranyň dowamynda medeniýet we sungat işgärleriniň, polisiýa edaralarynyň döredijilik toparlarynyň çykyşlaryna uly orun berildi.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.