Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
166307361f36f9.jpeg
1 ýyl ozal
Arkadag şäher häkimligi Aşgabat — Gökdepe ýolunda gurluşyk­-gurnama işleriniň başlandygyny habar berdi

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň, Arkadag şäheriniň häkimliginiň degişli bildirişi «Türkmenistan» gazetiniň düýnki sanynda çap edildi. Bildirişde şeýle bellenilýär:

1663075ed33e66.jpeg
1 ýyl ozal
Türkmenistan we Eýran elektrik geçiriji ulgamynyň üçünji şahasynyň gurluşygyny maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň ýokary derejeli wekiliýeti Tähran şäherinde elektrik energiýasynyň önümçiligi we paýlanylyşy boýunça eýran kompaniýasynyň daşary söwda wekilhanasynyň (TAVANIR) baş direktory Mehrdad Eklimi bilen duşuşdy.

1662f3bbd44cc9.jpeg
1 ýyl ozal
«Belavia» Türkmenistana ýene bir göni awiagatnawyny açýar

Belarus Respublikasynyň «Belavia» döwlet awiakompaniýasy 12-nji awgust — 2-nji sentýabr aralygynda diňe sişenbe günleri däl, eýsem, duşenbe günleri hem Türkmenistana awiagatnawy amala aşyrar.

1662f339c181f4.jpeg
1 ýyl ozal
Budapeştde Türkmenbaşy deňiz portunyň Hazar deňzi geçelgesini ösdürmek babatda mümkinçilikleri tanyşdyryldy

25-26-njy aprelde Wengriýanyň paýtagty Budapeştde Türki Döwletleriň Guramasynyň Ulag boýunça utgaşdyryjy komitetiniň 2-nji mejlisi geçirildi. Duşuşyga gatnaşyjylar Gündogar-Günbatar Hazarüsti halkara geçelgesi boýunça ulag-üstaşyr amallaryny ýeňilleşdirmek, ýük daşamalary amallaryny sanlylaşdyrmak, multimodal arabaglanyşygy oňaýlaşdyrmak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

1662f2bcfdd85f.jpeg
1 ýyl ozal
Urumçy-Aşgabat-Urumçy ugry boýunça howa gatnawy hepdede iki gezek amala aşyrylar

Hytaýyň “China Southern Airlines” awiakompaniýasy Urumçi (Hytaý)-Aşgabat (Türkmenistan)-Urumçi (Hytaý) ugry boýunça ýolagçy howa gatnawynyň sanyny şu ýylyň 18-nji maýyndan başlap, hepdede iki gezege çykarmagy meýilleşdirýär.

1662f2111ac438.jpeg
1 ýyl ozal
Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Owganystanyň arasynda ulag-üstaşyr geçelgelerini ösdürmek barada üçtaraplaýyn duşuşyk geçirildi

Kabulda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýewiň, Owganystanyň söwda-senagat ministri Nuriddin Aziziniň we Gazagystanyň Premýer-ministriniň orunbasary Serik Jumangariniň arasynda üçtaraplaýyn duşuşyk geçirildi.

1662f294e1e8a9.jpeg
1 ýyl ozal
Kononenko we Çub 2024-nji ýylda ilkinji gezek açyk äleme çykdylar

Russiýaly kosmonawtlar Oleg Kononenko we Nikolaý Çub bu ýylda ilkinji açyk kosmosa çykyşy amala aşyrdylar diýip, «Ren.tv» habar berýär.

1662f26d92f8d7.jpeg
1 ýyl ozal
Türkmenistan we Owganystan Turgundy şäherinde Bilelikdäki logistika merkezini döretmegi meýilleşdirýär

26-njy aprelde Kabulda Owganystanyň söwda-senagat ministri Nuriddin Aziziniň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen-owgan gepleşikleri geçirildi.

1662f2e9c37c5b.jpeg
1 ýyl ozal
Türkmen işewürleri Tähranda geçiriljek ilkinji ECOTEX sergisine gatnaşmaga çagyrylýar

Türkmen işewürleri Eýran Yslam Respublikasynyň paýtagty Tähran şäherinde geçiriljek Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň ilkinji Tehnologiýalar we innowasiýalar sergisine (ECOTEX) gatnaşmaga çagyrylýar.

1662b461d6158a.jpeg
1 ýyl ozal
Türkmenabat halkara howa menzili bäsleşik yglan edýär

“Türkmenhowaýollary” agentliginiň Türkmenabat halkara howa menzili, menziliň toplumynda oturdylan wideogözegçilik ulgamyny hemişe işjeň ýagdaýda saklamak we olara ygtyýarly hünärmenler tarapyndan wagtly-wagtynda tehniki hyzmatlaryny ýerine ýetirmek üçin ýerine ýetirijini saýlamak boýunça açyk görnüşli bäsleşik yglan edýär

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.