Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
«RDÝ» Demirgazyk — Günorta geçelgesiniň gündogar şahasyna arzanladyş yglan etdi
«Russiýanyň demir ýollary» (РЖД) Gazagystanyň we Türkmenistanyň üstünden geçýän halkara Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesiniň gündogar şahasy boýunça gara metallary daşamakda 50% arzanladyş yglan etdi. Bu barada «nCa» habar berdi.
Maý aýynda Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň açylyşy meýilleşdirilýär
Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde 2024-nji ýylyň 17-nji maýynda Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň hem-de meşhur söz ussadynyň ýadygärliginiň açylyşyny geçirmek göz öňünde tutulýar.
«Turkish Airlines» awiakompaniýasyň Aşgabatdaky wekilhanasy awiapetekleri bronlamagyň mümkinçiliklerini artdyrýar
«Turkish Airlines» awiakompaniýasy ýolagçylaryna awiapetekleri bron etmegiň birnäçe amatly usulyny hödürleýär. Adatça, köpçülikleýin belli bolan petek sargyt edilýän turkishairlines.com web sahypasyndan peýdalanmakdan başga-da, munuň üçin şu amallary ýerine ýetirip bilersiňiz.
Türkmenistanyň wekiliýeti Owganystanda söwda we üstaşyr ýük daşamalary barada üçtaraplaýyn gepleşiklere gatnaşar
Türkmenistanyň wekiliýeti Owganystanda söwda we üstaşyr ýük daşamalary barada üçtaraplaýyn gepleşiklere gatnaşar. Gepleşikler türkmen, owgan we gazak wekiliýetleriniň arasynda bolup geçer. Şol maksat bilen Gazagystanyň Premýer-ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet hem Owganystana sapar bilen bardy.
Paýtagtymyz Aşgabatda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçiriler
24-nji maýda Aşgabatda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçiriler. "Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, 25-nji aprelde sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow bu halkara çärä taýýarlyk görlüşi barada hormatly Prezidentimize hasabat berdi.
“Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly halkara ylmy maslahat
Düýn Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly XVI halkara ylmy maslahat geçirildi. Däbe öwrülen forum ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli guralýan esasy çäreleriň üstüni ýetirdi.
Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XIV mejlisi geçirildi
24-nji aprelde Türkmen bedewiniň milli baýramynyň öňüsyrasynda Arkadag şäherinde utgaşykly görnüşde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XIV mejlisi geçirildi.
Türkmen-german strategik hyzmatdaşlyk kartasynyň çäginde ulag geçelgesi meselelesine hem garaldy
Düýn türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň ýerine ýetiriji direktory Mihael Harms bilen duşuşdy. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.
Kosmos ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy
Fransiýanyň paýtagty Parižde badalga alan Türkmenistanyň energetika toplumyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumyň çäginde şu gün — 24-nji aprelde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen Fransiýa Respublikasynyň «THALES SIX GTS France SAS» kompaniýasynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi.
Parižde TEIF 2024 halkara forumy öz işine başlady
Türkmenistanyň energetika toplumyna daşary ýurt maýalaryny çekmek boýunça halkara forum (TEIF 2024) çarşenbe güni Fransiýanyň paýtagty Pariž şäherinde öz işine başlady. Bu barada Türkmenistanyň nebit-gaz pudagynyň elektron gazeti habar berdi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.