Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
Ilkinji “Agroexpress” otlusy Türkmenistanyň üsti bilen Hindistana barar
Russiýadan Hindistana iberilen ilkinji “Agroexpress” otlusy Türkmenistanyň çäginden geçer. Russiýanyň demirýollary (RŽD) açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň penşenbe güni habar bermegine görä, RŽD AGPJ-niň “RŽD Logistika” golçur kompaniýasy we “Suhoý Port Ýužnouralskiý” jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýet tarapyndan gurnalan we ugradylan bu otly süle we däne önümlerinden ybaratdyr.
Türkmenistanda iki sany gury ýük gämisiniň gurluşygyna taýýarlyk görülýär
Mälim bolşy ýaly, «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen Koreýa Respublikasynyň «Koryo Shipbuilding Industry Technology Co. Ltd.» kompaniýasynyň arasynda ýük göterijiligi 6 müň 100 tonna deň bolan iki sany gury ýük gämisini taslamalaşdyrmak we bilelikde gurmak babatda degişli şertnamalar baglaşyldy. Şu günler bolsa täze gämileriň gurluşygyna girişmek boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Şawkat Mirziýoýew Omanyň ministri bilen Türkmenistanyň üstünden geçýän ulag geçelgesi boýunça pikir alyşdy
Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew 2-nji maýda Oman Soltanlygynyň söwda, senegat we maýa goýumlara ýardam etmek ministri Kaýs bin Muhammad al-Ýusufy kabul etdi. Duşuşygyň çäginde Türkmenistanyň üstünden geçýän ulag geçelgeleri boýunça hem pikir alşyldy. Bu barada özbek Lideriniň Metbugat gullugy habar berýär.
Türkmenistana «Altyn bürgüt» syýahatçylyk otlusy geldi
«Altyn bürgüt» syýahatçylyk otlusy 1-nji maýda türkmen-özbek serhedinden geçip, 2-nji maýda Aşgabat şäherine geldi. Beýik Ýüpek ýolunyň ugry bilen gelýän otluda ýedi ýurtdan 97 syýahatçy bar diýip, HHM ýazýar.
Eýran Türkmenistanyň raýatlary üçin wiza düzgünini ýönekeýleşdirýär
Eýran Türkmenistanyň raýatlary üçin wiza düzgünini birtaraplaýyn ýönekeýleşdirýär. Bu barada Eýranyň söwda, senagat, dag-magdan we oba hojalyk edarasynyň başlygy Samad Hassanzade Türkmenistanyň söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdow bilen Tähranda geçirilen duşuşykda mälim etdi diýip, «Tahran times» habar berýär.
Türkmenistanyň döwlet gümrük gullugynda daşary ykdysadyýet işine gatnaşyjylar bilen duşuşyklar geçirildi
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň hünärmenleri bilen daşary ykdysadyýet işine gatnaşyjylaryň arasynda duşuşyklar boldy.
Türki döwletleri bilelikde kosmosa emeli hemra ibererler
Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary Mirwohid Azimow guramanyň agza we synçy döwletleriniň kosmos agentlikleriniň 3-nji mejlisinden soňra beren beýanatynda türki döwletleriň arasynda bilelikde emeli hemra işläp düzmek babatda ylalaşyk gazanylandygyny habar berdi.
“CAMCO Technologies” kompaniýasy türkmen bazaryna girmäne gyzyklanma bildirýär
Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Palwanow şenbe güni Belgiýanyň Lýowen şäherinde “CAMCO Technologies” kompaniýasynyň Söwda ösüş müdiri Werner Piters bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda kompaniýanyň wekili türkmen bazaryna girmäge gyzyklanma bildirýändigini mälim etdi.
«Türkmenpoçta» işewürler we hususyýetçiler üçin çaparçylyk hyzmatyny ýetirýär
«Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasy müşderilerine amatly çözgüdi — «Gapydan-gapa» çaparçylyk hyzmatyny hödürleýär.
Döwlet hyzmatlar portalynda «şahsy otaglardan» peýdalanýanlar 50 müňe golaýlady
Häzirki wagtda Türkmenistanda internet ulanyjylaryň sany 3 million 205 müň 250-den geçdi. «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan taýýarlanyp, tapgyrlaýyn işe goýberilýän taslamalaryň artmagy bu ugurda gazanylýan üstünliklere şaýatlyk edýär diýlip, «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.