Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
165bb2f88433c6.jpeg
1 ýyl ozal
Türkmen wekiliýeti Ýewrokomissiýanyň wekili we ispan kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktorynyň orunbasary Batyr Annaýew bilen Ýewrokomissiýanyň halkara hyzmatdaşlygy boýunça baş direktoryň orunbasary Miriam Ferranyň arasynda geçirilen duşuşyk.

165bb2caf6e697.jpeg
1 ýyl ozal
Daşoguzda «KAMAZ» okuw we hyzmat ediş merkeziniň gurluşyk işleri tamamlandy

Daşoguz şäherinde «KAMAZ» ulaglaryny abatlamak boýunça okuw we hyzmat ediş merkezinde gurluşyk hem-de gurnama işleri tamamlandy. «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habar bermegine görä, häzirki wagtda täze desganyň işe girizilmegi üçin taýýarlanylan işleriň çäginde çekilen aragatnaşyk ulgamy we oturdylan enjamlar barlanýar.

165bb2a725f0d5.jpeg
1 ýyl ozal
RŽD Türkmenistanda wekilhanasyny açmagy meýilleşdirýär

Russiýa Federasiýasynyň «Rossiýskiýe železnyýe dorogi» (RŽD) açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Türkmenistanda öz wekilhanasyny açmagy meýilleşdirýär. Bu barada TASS habar berýär. Habarda bellenilişine görä, RŽD-niň wekiliýetiniň Aşgabada saparynyň dowamynda «Türkmendemirýollary» agentliginiň wekilleri bilen gepleşikler geçirildi.

165bb21a393d0f.jpeg
1 ýyl ozal
Daşary ýurtlaryň uçarlary Türkmenistanyň howa menzillerine 1,5 müňden gowrak tehniki gonuşlary amala aşyrdylar

Daşary ýurtlaryň awiakompaniýalaryna degişli uçarlar Türkmenistanyp halkara howa menzillerinde tehniki gonuşlaryň 1601 sanysyny, täjirçilik maksatly gonuşlaryň bolsa 1019 sanysyny amala aşyrdylar. Bu barada «Türkmenhowaýollary» agentligi habar berdi.

165ba9d4cd3829.jpeg
1 ýyl ozal
Berkarar döwletimiziň demir ýol ulaglary pudagy durnukly ösüşleri nazarlaýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe geçen ýylyň uly üstünliklerinden badalga alan, 2024-nji «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly ýylymyzyň ilkinji günlerinden  ýurdumyzy ähli babatda ösdürmek boýunça giň gerimli işlere  aýdyň ýollar açyldy. Garaşsyz Türkmenistan Watanymyzyň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulmagynda demir ýol ulaglary pudagynyň goşandy uludyr.

165bb1c1f8b7f3.jpeg
1 ýyl ozal
Hyzmatlardan il hoşal

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ulag ulgamynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde uly ösüşler, özgerişlikler gazanylýar. Güneşli Diýarymyzyň şäherlerinde we obalarynda hyzmat edýän, halkara ülňülerine laýyk gelýän döwrebap awtobuslar, taksiler halkymyzyň kalbynda uly buýsanç, kanagatlanma duýgusyny döredýär.

165ba49acd94b6.jpeg
1 ýyl ozal
«Türkmenistan» awiakompaniýasy Kuala Lumpur şäherine uçuşyň biletine arzanlaşyk yglan edýär

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Malaýziýanyň paýtagty Kuala Lumpur şäherine amala aşyrýan ýolagçy gatnawyna arzanlaşyk yglan edýär. Bu barada awiakompaniýanyň resmi saýtynda habar berildi.

165ba291c214f3.jpeg
1 ýyl ozal
Demir ýol ulaglary pudagynda halkara derejeli duşuşyk geçirildi

Düýn Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmendemirýollary» agentliginde  Russiýa Federasiýasynyň “РЖД” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň wekiliýeti bilen «Türkmendemirýollary» agentliginiň hünärmenleriniň halkara derejesindäki duşuşygy boldy.

165ba2996c6ab0.jpeg
1 ýyl ozal
Ýokary tizlikli elektrik otlusy paýtagtymyzy Arkadag şäheri bilen birleşdirer

Türkmenistanda ilkinji elektrik otly Arkadag şäherini we Aşgabat şäherini birleşdirer. Şeýlelikde, bir nokatdan beýlekisine bary-ýogy 18 minutda baryp bolar. Bellenilişi ýaly, bu taslama barada şu günler Russiýa Federasiýasynyň «Rossiýskiýe železnyýe dorogi» (RŽD) açyk paýdarlar jemgyýetiniň baş direktorynyň orunbasary S.Pawlowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen «Türkmendemirýollary» agentliginiň başlygy A.Atamyradowyň arasynda geçirlen gepleşiklerde bellenildi.

165b9e045eb4ca.png
1 ýyl ozal
«Türkmenawtoulaglary» agentliginde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna bagyşlanan maslahat geçirildi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginde 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli wagyz-nesihat maslahaty geçirildi.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.