Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
Türkmenistan Germaniýanyň “Deutsche Bahn Holding” kompaniýasy bilen demirýol pudagynda hyzmatdaşlygy ýola goýar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew Hökümetiň 10-njy maýda geçirilen mejlisinde döwlet Baştutanymyza ýurdumyzyň demir ýol ulaglary pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Waşingtonda Hazarüsti halkara ulag geçelgesini ösdürmek boýunça forum geçiriler
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Waşington şäherinde 2024-nji ýylyň 21-nji maýynda “Hazarüsti ulag geçelgäni has netijeli nähili peýdalanmaly” mowzugy bilen her ýyl geçirilýän sekizinji Hazarüsti forumy geçiriler. Bu barada “Caspian Policy Center” (CPC) barlag merkezi habar berýär.
Russiýanyň Premýer-ministri Mişustin Türkmenistana geler
Russiýanyň Premýer-ministri Mihail Mişustin şu ýylyň 24-nji maýynda Aşgabatda geçiriljek Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň höükmet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisine gatnaşar. Bu barada Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň GDA ýurtlary boýunça bölümi habar berdi.
«Türkmenistanyň ulag-logistika merkezi» CASCA+ ugry boýunça ýük daşamalar üçin ýörüte ýeňillikli bahalary hödürleýär
«Türkmenistanyň ulag-logistika merkezi» APJ Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üsti bilen CASCA+ Türkmenistan – Ýewropa we Ýewropa – Türkmenistan ugry boýunça ýük daşamalar üçin ýörüte ýeňillikli bahalary hödürleýär diýlip, kompaniýanyň saýtynda habar berilýär.
Dostluk gezelenji. Taklamakan we Ýüpek ýoly ýörişi 2024 Hytaýyň Horgos şäherinde başlandy
2024-nji ýyldaky Taklamakan we Ýüpek ýoly ýörişi Hytaýyň Sinszýan uýgur awtonom sebitindäki Horgosda başlandy. Bäsleşige Hytaýdan, Gazagystandan we Gyrgyzystandan gelen 130-dan gowrak ýaryşçy gatnaşýar.
“Türkmendeňizderýaýollary” agentligi halkara bäsleşik yglan edýär
“Türkmendeňizderýaýollary” agentligi aşakdaky lotlar boýunça halkara bäsleşik yglan edýär
Türkmenistanda raýat awiasiýasy pudagy üçin halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamak meýilleşdirilýär
Türkmenistanda uçuşlaryň howpsuzlygy boýunça döwlet inspektorlaryny taýýarlamak hem-de awiasiýa howpsuzlygy boýunça milli gözegçi ugurlary boýunça hünärmenleri taýýarlamak işini ýola goýmak meýilleşdirilýär.
Ýanwar-mart: Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky ulaglar arkaly söwda dolanyşygy $2,5 milliarddan geçdi
Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky ulaglar arkaly söwda dolanyşygy 2024-nji ýylyň ýanwar-mart aýlarynda 2 milliard 598 million 884 ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada Hytaýyň gümrük gullugy habar berýär.
Halkymyzyň tutanýerli zähmeti bilen eziz Diýarymyz üstünliklere beslenýär
Geçen hepde möhüm wakalara baý bolup, olar «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň ösüş depginini we döredijilik kuwwatyny giňden açyp görkezdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ynsanperwer döwlet syýasaty ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegine, ählumumy howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilendir.
«Türkmenaragatnaşyk» agentliginde Magtymguly Pyraga bagyşlanan şygryýet agşamy geçirildi
«Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan gurnalan şygryýet agşamy ýurdumyzda yglan edilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly şygara we beýik türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlandy.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.