Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
Ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk toplumynyň ýolbaşçysy bellenildi
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly 25-nji martda geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde «Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň düzümini tassyklamak hakynda» Кarara gol çekdi.
SANLY BILIM WE ULAG ULGAMY ROWAÇLY ÝOLLARDA
Ýurdumyzda bilim ulgamyny kämilleşdirmek ugrunda döwlet tarapyndan amala aşyrylýan işler her bir türkmenistanlynyň, aýratyn hem, ýaşlaryň durmuşynda öz beýanyny tapýar. Bilim ulgamynyň sazlaşykly ösüşini gazanmaga, ýaşlarymyzyň ylym-bilim almagy üçin zerur şertleri döretmäge gönükdirilen tutumly işler durmuşa geçirilýär.
ULAG DIPLOMATIÝASY - ÄHLUMUMY ÖSÜŞIŇ HATYRASYNA
Häzirki wagtda Türkmenistan Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň esasynda özüniň amatly geosyýasy we ykdysady ýerleşişini hem-de adam kuwwatlyklaryny netijeli peýdalanyp, dünýäniň ösen döwletleri bilen aýakdaş gitmek, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek ugrunda yzygiderli tagallalar edip, halkara hyzmatdaşlygynyň gerimini barha giňeldýär.
Hünär – akar bulak, ylym – ýanar çyrag
24-nji martda «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebinde ýurdumyzda sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça ýaş zehinlileri ýüze çykarmak, aragatnaşyk ulgamynyň hünärmenleriniň zähmet ussatlylygyny artdyrmak, hem-de ýeňijileri sylaglamak maksady bilen «Öz hünäriniň ussady» atly bäsleşik geçirildi.
Türkmenistanyň ulag-üstaşyr ýük daşamalary artdyrylar
Daşkentde geçirilen duşuşykda Aziýa-Ýuwaş ummany sebitinden we Hytaýdan Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Türkmenistanyň we Kawkaz ýurtlarynyň üsti bilen Ýewropa demir ýol ulaglary arkaly halkara ýük daşamalaryny ösdürmek ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Кыргыз темир жолу» döwlet kärhanasynyň metbugat beýanatynda habar berildi.
Kazan howa menzili aprel aýyndan başlap Türkmenistana howa gatnawlarynyň ýola goýuljakdygyny habar berdi
Kazan halkara howa menzili 2022-nji ýylyň aprelinden başlap Türkmenistan bilen uçuşlary täzeden başlamagy meýilleşdirýär. Bu barada «Kazanskiye Vedomosti» neşiri howa menziliniň metbugat sekretary Adel Gataulliniň sözlerine salgylanyp habar berýär.
Türkmenistanda kiberhowpsuzlygy berkitmek boýunça çäreler görülýär
«Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» bellenen wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, müşderilere internet ulgamy arkaly menzilara bank hyzmatlaryny hödürlemek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Bilşimiz ýaly, sanly ulgam köp işleri ýeňilleşdirýär, ýerine ýetirilýän amallary tizleşdirýär we wagty tygşytlaýar.
Ýurdumyzda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenilýär
21-nji martda halkymyz Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen dabaralandyrdy. Folklor-etnografiýa toparlarynyň çykyşlary, milli lybaslar, aýdymdyr tanslar gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan bu gadymy baýramyň tebigatyň we durmuşyň galkynyşyny alamatlandyrýandygyny görkezdi.
ULAG-ÜSTAŞYR GATNAWLAR PUGTALANDYRYLÝAR
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen ýurdumyzda gurlan halkara ulag geçelgeleri dünýä halklaryny hyzmatdaşlyga we bu ugurda tagallalary birleşdirmegiň zerurdygyna gönükdirilendir.
HALKARA ULAG GEÇELGELERI – DOSTLUK KÖPRILERI
Ulag ulgamynyň kuwwatyny has-da ösdürmek babatda öňe sürülýän halkara başlangyçlar dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan gyzgyn goldaw tapyp, bu başlangyçlar üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýar. Türkmenistan bu ulgamda ägirt uly kuwwata eýe bolmak bilen, iri halkara we sebit taslamalarynyň birnäçesini ýerine ýetirýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.