Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER

«Türkmenaragatnaşyk» agentligi we «Thales Alenia Space» kompaniýasy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdy
22-nji fewralda, Aşgabatda «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň başlygy Hajymyrat Hudaýgulyýew bilen kosmos pudagynda ýöriteleşen howa giňişligi enjamlaryny öndürýän fransuz «Thales Alenia Space» kompaniýasynyň wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Aşgabat — Pekin — Aşgabat howa gatnawy mart aýynda gaýtadan ýola goýlar
2023-nji ýylyň 19-njy martyndan başlap, «Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat — Pekin — Aşgabat ugry boýunça yzygiderli howa gatnawlary ýerine ýetirip başlar. Bu barada «Turkmenportala» awiakompaniýa tarapyndan habar berildi. Awiakompaniýa eýýäm uçuşlar üçin petekleriň satuwyna başlady.

Türkmenbaşy ― Baku aralygyndaky gämi gatnawynyň bahasy arzanlaýar
Sputnik agentliginiň habaryna görä, 2023-nji ýylyň 1-nji martyndan «Azerbaýjan Hazar deňiz daşaýyş» (ASCO) ÝGPJ Baku ― Türkmenbaşy ― Baku aralygynda gatnawlaryň bahasyny arzanladar.

AÖB Türkmenistanyň ulag we energiýa pudaklaryna $625 million maýa goýdy
Aziýanyň Ösüş Banky (AÖB) 2000-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň ulag we energetika pudaklaryndaky iki maýa goýum taslamasy üçin 625 million ABŞ dollaryny bölüp berdi diýip, AÖB-niň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň Direktory Artur Andrisýak sişenbe güni "Trend" agentligine beren interwýusynda mälim etdi.

Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky ulaglar arkaly söwda 32,64% artdy
Eýranyň senenamasynyň birinji on aýynda Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky ulaglar arkaly söwda dolanyşygy 389,65 million ABŞ dollaryna barabar boldy.

Ýeňil awtoulaglara sürüjileri işe çagyrýarys!
“Türkmenawtoulaglary” agentliginiň "Lebapawtoulag" önümçilik birleşigi ýeňil awtoulaglarda sürüji bolup işlemäge isleg bildirýän “A,B” sürüjilik derejesi bar bolan raýatlary aşakdaky günlerde söhbetdeşlige kabul edýär:

Ýewropa — Kawkaz — Aziýa halkara ulag ugry sanlylaşdyrylar
«TRACECA» halkara hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gatnaşyjy ýurtlar Ýewropa — Kawkaz — Aziýa halkara multomodal ulag geçelgesini sanlylaşdyrmak boýunça Iş toparyny döretmek kararyny goldadylar. Bu barada «Trend» habarlar agentligi mälim edýär.

«Türkmentelekom» Türkmenistandaky internetiň bahasyny arzanlatdy we tizligini ýokarlandyrdy
«Türkmentelekom» aragatnaşyk kärhanasy 2023-nji ýylyň 1-nji martyndan nyrhnamalaryň bahasyny arzanlatdy we internet tizligini ýokarlandyrdy. Bu barada «Türkmentelekomyň» resmi saýtynda habar berilýär.

Gämili ýük daşalyşda ýeňillikli tarifler döredilýär
«Azerbaýjanyň Kaspi deňiz gämi ýük gatnawy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Baku — Türkmenbaşy — Baku ugry boýunça awtomobilli ýükleriň gämiler arkaly daşalyşynda arzanlaşyk yglan edýär. «Azertag» habarlar agentliginiň mälim etmegine görä, ýük daşalyşyndaky täze tarifler 1-nji martdan güýje girýär.

Halkara ýük daşamalary üçin Gümrük edaralary tarapyndan ýeňillikler berilýär
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «1975-nji ýylyň 14-nji noýabryndaky MDP depderçesini ulanmak bilen Ýükleriň halkara daşalmagy hakyndaky Gümrük konwensiýasyna» laýyklykda hereket edýän Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň «TIR-EPD» maglumat ulgamyny, Döwlet gümrük gullugynyň «ASYCUDA World» utgaşdyrylan gümrük maglumat ulgamy bilen utgaşdyrdy. Bu barada «customs.gov.tm» habar berýär.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.