Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
ÝHHG Hazar sebitinde ulag arabaglanyşyk taslamasyny giňeltmegi meýilleşdirýär
“Hazar deňziniň sebitinde “ýaşyl” portlarynyň ösdürilmegine ýardam bermek” atly taslamanyň umumy bahasy 2,5 million ýewro barabardyr.
Sanly ulgam – daşky gurşawyň abadançylygynyň täze çözgüdi
Sanlylaşdyrma - bütin dünýäniň aýdyň geljeginiň kepilidir. Çünki, sanly ulgam umumadamzat durmuşynyň has çalt döretmek, maglumat gözlemek we olary tertiplemek ýagdaýlaryny awtomatlaşdyrdy, amatlaşdyrdy we has elýeterli etdi.
Minsk — Türkmenbaşy ýörite uçar gatnawy amala aşyrylar
«Türkmenistan» awiakompaniýasy tarapyndan 2022-nji ýylyň 11-nji aprelinde Minsk — Türkmenbaşy ugry boýunça ýörite uçar gatnawyny amala aşyrmak meýilleşdirilýär. Ýörite gatnaw bilen türkmen raýatlary Belarusdan alnyp gaýdylar. Bu barada atavatan-turkmenistan web saýtynda habar berilýär.
Ulag diplomatiýasy aýdyň ösüşlere beslenýär
Ýurdumyzyň bagtyýarlyk döwrüniň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda dünýä ýüzünde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletiniň ulag diplomatiýasyny kämilleşdirip, halkara derejesindäki beýik başlangyçlary amala aşyrmagy, onuň bu ugurda eýeleýän ornuny has-da ýokarlandyrýar.
Ýurdumyzyň ulag-aragatnaşyk toplumynyň durnukly ösüşi
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 8-nji aprelde geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny ösdürmegiň şu ýylyň birinji çärýeginiň jemleri jemlendi
Awtobuslaryň hereketini onlaýn yzarlamak hyzmaty ýola goýuldy
Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary we myhmanlary «Duralga» ykjam goşundysynyň kömegi bilen Aşgabatdaky şäheriçi ýolagçy awtobuslarynyň gatnaw ugurlary we wagtlary baradaky anyk maglumatlar bilen tanşyp bilerler. Munuň üçin olar «Duralga» ykjam goşundysyny iOS we Android platformalaryndan ýükläp almalydyrlar.
DEŇIZ PORTY: DOSTLUGYŇ HEM HYZMATDAŞLYGYŇ MENZILI
Öňde-soňda türkmen halkymyz goňşy gatnaşyklaryny ýokary derejelere göterýär. Goňşulary bilen dostlukly, doganlykly hyzmatdaşlyklary amala aşyrýar.
Halkara ýük daşamalary sanlylaşdyrmak işleri boýunça tejribe alyşdylar
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň gümrük edaralary sanlylaşdyrmak işleri boýunça tejribe alyşdylar. Duşuşygyň dowamynda azerbaýjanly wekiller ýurduň gümrük ulgamynda amala aşyrylan özgertmeler bilen tanyşdyrdylar.
ULAG DIPLOMATIÝASY ROWAÇLANÝAR
Arkadagly Serdarymyz «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 19-njy martynda Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabaradaky taryhy çykyşynda: «Häzirki döwürde ulag-logistika ulgamy sebitleri we dünýäniň kontinentlerini birleşdirýän güýje öwrülýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolup durýar. Şoňa göräde, bu geografik ýagdaýdan we beýleki mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanarys» diýip, ulag diplomatiýamyzyň täze ugurlaryny kesgitledi.
Türkmen-italýan deňiz ulaglary hyzmatdaşlygy ösdürilýär
Türkmenistanyň Italiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Toýly Kömekowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Neapol şäherinde iş saparynda boldy.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.