Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
16279f46d8fc94.jpeg
2 ýyl ozal
Watan gerçekleriniň gahrymançylygy ebedidir

Asuda asman, parahat zemin, erkana guşlar, çaga gülkisi, bolelinçilik, bagtyýar zamana göräýmäne bu bir adaty ýagdaý. Emme şeýle günler kimleriň arzuwy, kimleriň nesibi. Duýgular ýumagny çözleseň çözüler gider. Esasy mesele öňümizdäki şanly sene barada. Bu günki gün biz şu parahatçylygy gazanan ýeňişi , has dogrysy “Beýik ýeňşiň 77 ýyllygyny” baýram edip belleýäris. Ýöne uryşsyz ýeňiş bolmaz, pidasyz uruş ... 

16279e726be3e5.jpeg
2 ýyl ozal
Gahrymanlar unudylmaýar

1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 77 ýyllygy mynasybetli hormatly  Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ata Watanymyzy gorap, edermenlik görkezen gahrymanlarymyzyň hatyrasy belentde sarpalanýar. Gerçek ýigitlerimiziň görkezen edermenligi, tylda gije-gündiz arman-ýadaman zähmet çeken ildeşlerimiziň merdanalygy, gaýratlylygy şöhratly taryhyň gatlarynda ebedilik saklanýar.

16278d58330ab8.jpeg
2 ýyl ozal
Döwletliligiň şamçyragy

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ömrümiň manysy» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralarynyň geçirilmegi dowam edýär. Şeýle dabara öňňin — 7-nji maýda «Türkmendemirýollary» agentliginiň mejlisler jaýynda hem geçirildi. Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň guramagynda geçirilen bu dabara agentligiň wekilleri, il sylagly ýaşulular, mährem eneler, şeýle-de ugurdaş okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyplary gatnaşdylar.

16275f1fe2af32.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistandan Dubaýa we Frankfurta howa gatnawlary gaýtadan dowam eder

Döwlet Baştutanymyz Birleşen Arap Emirliklerine hem-de Germaniýa Federatiw Respublikasyna howa gatnawlaryny ýola goýmak teklipleri makullady.

16275ece6a8406.jpeg
2 ýyl ozal
Durnukly ösüş ulag-aragatnaşyk hyzmatlarynyň girewidir

Hormatly Prezidentimiziň 6-njy maýda geçiren sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemi jemlendi hem-de halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleleriň birnäçesine garaldy.

16275ebdc6ca26.jpeg
2 ýyl ozal
Ýurdumyzda ýerli howa gatnawlary doly ýola goýlar

Bu barada hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýewe anyk tabşyryklary berdi.

16275ee94a0ab9.jpeg
2 ýyl ozal
«Türkmentelekom» domen üçin korporatiw poçta hyzmatyny hödürleýär

«Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasy resmi saýtynda domen üçin korporatiw poçta hyzmatyny hödürleýändigini habar berýär. Hyzmatyň esasynda korporatiw poçta döretmek üçin salgylanmadaky anketany doldurmak gerek bolýar. Korporatiw poçtada kärhananyň adyny, hünärmeniň adyny ýa-da familiýasyny, şeýle-de islendik bir sözi ulanmak bolýar.

1626b9644bfc91.jpeg
2 ýyl ozal
SAZLAŞYKLY IŞLERIŇ AÝDYŇ NETIJESI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş ýagdaýlaryny mundan beýlägem gowulandyrmak, mähriban Watanymyzyň ykdysady binýadyny has-da berkitmek babatda netijeli işler durmuşa geçirilýär.

162722bed60119.jpeg
2 ýyl ozal
Sanly ykdysadyýetiň mümkinçilikleri

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän beýik işler halkymyzyň bagtyýar geljegini, ýurdumyzyň ösüşlerini has-da belende göterýär. Şunda ykdysadyýetimiziň sanly ulgama geçmeginiň aýratyn mümkinçiliklere eýe bolýandygyny bellemegimiz gerek. Munuň özi döwrebap ösüşleri, tizligi üpjün edýär. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň döredýän giň mümkinçilikleriniň netijesinde durmuşa geçirilýän işleriň örän ýokary netijelere eýediginden habar berýär.

1626b2b079ea0c.jpeg
2 ýyl ozal
Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde häzirki zaman sanly tehnologiýalar we intellektual ulgamlar ornaşdyrylar

Bu barada hormatly Prezidentimize Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew hasabat berdi.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.