Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
Hormatly Prezidentimiz BMG-niň Durnukly ulag ulgamy boýunça ikinji ählumumy maslahatyna gatnaşdy
14-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag ulgamy boýunça ikinji ählumumy maslahatyna onlaýn tertipde gatnaşdy. Bu maslahat şu gün HHR-iň paýtagty Pekin şäherinde öz işine başlady.
HALKARA ULAG ULGAMY – ÖSÜŞE TARAP ULY ÄDIM
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gahryman arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ulag ulgamy gün günden kämilleşýär. Häzirki wagtda ulgamy döwrüň talabyna laýyk ösdürmek, has-da döwrebaplaşdyrmak, sanly bilim ulgamyna geçmek boýunça öňde goýulýan wezipeler toplumlaýyn çözülýär.
Gazagystan Türkmenistanyň üsti bilen Eýrana eksportyny artdyrar
Gazagystan Türkmenistanyň üsti bilen Eýrana harytlarynyň birnäçesiniň eksportyny artdyrmagy meýilleşdirýär. Eksport edilýän harytlaryň umumy mukdary 162 million 300 müň ABŞ dollaryna ýetip biler. Bu barada Gazagystanyň Söwda we integrasiýa ministriniň orunbasary Kaýrat Törebaýew Tährana amala aşyran iki günlük iş saparynyň dowamynda mälim etdi.
Russiýanyň ilçihanasy Türkmenistandan indiki ýörite uçar gatnawynyň senesini yglan etdi
2021-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda Türkmenabat — Moskwa ugry boýunça “Sibir” howaýollarynyň uçarynyň indiki ýörite uçuşy guralar. Bu uçuş baradaky maglumat Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň sosial aragatnaşyk ulgamynda beýan edildi.
DEMIR ÝOL PUDAGYNYŇ BAÝ MIRASY
Garaşsyzlyga eýe bolanymyzdan soň, diýarymyzda ägirt uly syýasy, ykdysady, ruhy özgertmeler amala aşyryldy. Amala aşyrylan pudaklaýyn işleriň netijesinde ýurdumyzda milli aň, milli gymmatlyklar öň görlüp - eşidilmedik derejelerde ösdi. Türkmeniň milli medeni gymmatlyklary bilen dünýä medeniýetiniň arasynda özboluşly ýakyn, jebis, täze arabaglanyşyk emele geldi.
Parahatçylyk döredijilik we durnukly ösüş ata Watanymyzyň rowaçlygynyň gözbaşydyr
Netijeli halkara hyzmatdaşlyk, ýurdumyzyň halk hojalyk toplumyny durnukly ösdürmek, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny senagatlaşdyrmak hem-de sanlylaşdyrmak, eziz Diýarymyzy dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna gysga möhletde çykarmak maksady bilen onuň senagat, zähmet we aň-bilim kuwwatyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, ildeşlerimiziň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak hormatly Prezidentimiziň yzygiderli durmuşa geçirýän özgertmeler syýasatynyň esasy ugurlarydyr.
“Altyn Asyr” öýjükli aragatnaşyk kompaniýasy mobil toruny döwrebaplaşdyrýar
“Türkmenaragatnaşyk” agentligi “Altyn Asyr” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň öýjükli aragatnaşyk ulgamyny giňeltmegi nazarda tutup, zerur enjamlary satyn almak üçin halkara tender geçirdi.
Raýat awiasiýa ulgamy hünärmenleri üçin täze ýaşaýyş jaýlaryby ulanmaga berdi
Ýaňy-ýakynda Lebap welaýatynyň Dolandyryş merkezindäki täze ýaşaýyş jaý toplumynda 17 sany köp gatly jaýyň hem-de 70 sany kottejiň gurluşygy tamamlanyp, ulanylmaga berlipdi. Jeyhun.news-yň habar bermegine görä, 17 sany köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 2-si Türkmenabadyň Halkara howa menziliniň hünärmenleri üçin niýetlenendir.
“Türkmentelekom” Wi-Fi ulgamynyň çägini giňeldýär
Täzelikde gurlup ulanylmaga berlen “Aşgabat” söwda-alyş merkezinde ýokary tizlikli interneti üpjün etmek maksady bilen, “Türkmentelekom” elektrik aragatnaşyk kompaniýasy tarapyndan çäksiz Wi-Fi ulgamy ornaşdyryldy. Täze ýer eýýäm kompaniýanyň web sahypasyndaky interaktiw karta hem goşuldy.
Halkara deňiz porty we sanly ykdysadyýetiň hünär taýýarlamakda giň mümkinçilikleri
Sanly ykdysadyýete çeçiş – jemgyýetde giň gerimli we köp ugurly özgerişleri öz içine alýan düýpli öwrülişikdir. Sanlaýyn ulgamy ylym we bilim pudaklarynda giňden ornaşdyrmak ýurdumyzda sanly ykdysadyýete geçişiň möhüm ugrudyr.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.