Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
YLMY-INNOWASIÝA, DÖREDIJILIK FESTIWALYNYŇ ÝEŇIJISI
Türkmen döwlet binagärilk we gurluşyk instituty ýurdumyzyň ýokary we orta okuw mekdepleriniň talyplarynyň, şeýle hem orta mekdepleriň okuwçylarynyň gatnaşmagynda ylmyň, täzeçilligiň we döredijiligiň festiwaly geçirildi. Festiwal 16-njy maýdan 21-nji maý aralygynda geçirildi. Ýurdumyzyň ýokary we orta okuw mekdepleriniň inžener-tehniki we dizaýner başarnygy bar bolan talyplar festiwala özbaşdak hem-de toparyň düzüminde gatnaşdylar.
Türkmenistan Tatarystan bilen ulag-logistika hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirýär
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow penşenbe güni Russiýanyň Tatarystan Respublikasyna gulluk iş saparyny amala aşyryp, şol ýerde hormatly myhman hökmünde “Russiýa — yslam dünýäsi: KazanSummit 2022” XIII halkara ykdysady sammitine gatnaşdy we ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini geçirdi.
Ulaglar ulgamynynyň maddy-tehniki binýady pugtalandyrylar
Türkmenistan howa, deňiz, demir ýol hem-de awtomobil ulaglary parkyny giňelder. Munuň üçin ýurduň aýry-aýry ulag pudaklaryna täze howa ulaglary, ýük teplowozlary, ýeňil awtoulaglar, kiçi awtobuslar satyn alar we deňiz gämileri gurlar.
Türkmenistan bilen Eýran Sarahs terminaly arkaly söwda hyzmatdaşlygyny gaýtadan dikelder
2022-nji ýylyň 1-nji iýunyndan Türkmenistan Sarahs serhet terminalynyň üsti bilen Eýran Yslam Respublikasyna özara söwda hyzmatdaşlygyny gaýtadan dikelder.
Aşgabatda ýaş alymlaryň ylmy taslamalarynyň sergisi geçirildi
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda ýaş mugallymlaryň, talyplaryň we mekdep okuwçylarynyň taýýarlan ylmy taslamalarynyň sergisi geçirildi. «Türkmenistan» gazetinde habar berlişi ýaly, sergide görkezilen ylmy işlerdir taslamalaryň aglabasynyň Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyplaryna degişlidir.
Ýurdumyzda şu günden ýolagçy demir ýol gatnawlary gaýtadan dikeldilýär
Ýola goýlan gatnawlar Aşgabat - Türkmenbaşy, Aşgabat–Daşoguz we Türkmenabat–Türkmenbaşy ugurlary boýunça hereket eder.
Türkmenabat halkara howa menzili bäsleşik yglan edýär
“Türkmenhowaýollary” agentliginiň Türkmenabat halkara howa menzili sanawda görkezilen harytlary satyn almak we hyzmatlary ýerine ýetirmek boýunça açyk bäsleşik yglan edýär:
Aşgabat bilen Türkmenbaşynyň arasynda awtobus gatnawy açylýar
20-nji maýdan başlap Aşgabat — Türkmenbaşy we Türkmenbaşy — Aşgabat ugurlary boýunça gatnawlar dikeldilýär. «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň habar bermegine görä, awtobuslar sişenbe, penşenbe we şenbe günleri Aşgabatdan Türkmenbaşy şäherine, duşenbe, çarşenbe we anna günleri bolsa yzyna — Aşgabat şäherine gatnawlary amala aşyrarlar.
Kerkiden Türkmenbaşy şäherine guraljak uçar gatnawlarynyň awiapetekleriniň bahasy belli boldy
Uçar gatnawlaryny «Türkmenistan» awiakompaniýasy amala aşyrar. Uçuşlar her hepdäniň duşenbe güni, ýagny hepdede bir gezek ýerine ýetiriler.
MOSKWA UÇJAK ÝÖRITE UÇAR GATNAWYNA PETEKLER SATYLYP BAŞLANDY
20-nji maýda «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň amala aşyrjak Aşgabat — Moskwa ugry boýunça ýörite uçar gatnawyna petekler satylyp başlandy.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.