Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
Akina — Andhoý demir ýolunyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyryna gadam basdy
5-nji iýunda Akina — Andhoý demir ýolunyň Owganystanyň çäginde ýerleşýän galan böleginiň işlerine başlanyldy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi web saýtynda habar berýär. Degişli habarda: «2022-nji ýylyň 5-nji iýunynda Türkmenistanyň demirýolçulary we bilermenleri Akina şäherine Akina — Andhoý demirýolunyň gurluşygyny dowam etmek üçin geldiler. Türkmen bilermenleri şeýle hem öz ýanlary bilen ähli gerek bolan tehnikalary we enjamlary getirdiler» - diýlip bellenilýär.
Türkmenistan Özbegistana öz çäginden ýükleri geçirmäge rugsat berdi
Özbegistan Türkmenistanyň çäginden ýükleri daşamagyny gaýtadan ýola goýdy. Bu kararyň 1-nji iýundan güýje girendigi barada gazeta.uz web saýty respublikanyň ministrligine salgylanyp habar berýär.
Aşgabat halkara howa menzili bäsleşik yglan edýär
“Türkmenhowaýollary” agentliginiň Aşgabat halkara howa menzili Bäherden we Gökdepe etraplarynda, Köpetdagyň dag eteklerinde, Ýalkymdaky ýaşaýyş jaý toplumynda hem-de Arçabil we Gökdere ýollarynyň ugrunda özüne berkidilen ýer meçdançalaryndaky tokaý zolaklara, baglara, agaçlara, gyrymsy agaçlara ideg etmek we olary suwarmak boýunça bäsleşik yglan edýär
WELOSIPEDIŇ EKOLOGIÝAMYZA TÄSIRI
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Watanymyzda halkymyzyň bolelin, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny, jemgyýetimiziň mizemez esasy bolan maşgala ojaklarynyň mäkämligini, watansöýüji, sagdyn we berk bedenli ýaşlaryň kemala gelmegini üpjün etmek ugrunda netijeli işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiz ýaş nesliň saglygynyň goralmagyny döwlet derejesindäki ilkinji nobatdaky wezipe hökmünde kesgitleýär.
Aşgabat şertnamasynyň gatnaşyjylary üstaşyr ýük daşamalaryny maslahatlaşarlar
Eýranyň Ütaşyr we halkara ulag býurosynyň Baş müdiri Jawad Hedaýati ýakyn wagtda “Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Oman” halkara ulag we aragatnaşyk geçelgesini döretmek baradaky Aşgabat şertnamasynyň agza döwletleriniň gatnaşmagynda forumyň geçiriljekdigini mälim etdi.
«Kamaz» iş gerimini artdyrýar
«KAMAZ» dünýäniň ýük awtoulaglaryny öndürýän öňdebaryjy kompaniýalarynyň 20-ligine girýän Russiýanyň iri korporasiýasydyr. Kärhananyň önümçilik kuwwaty ýylda 70 müň sany awtoulag tehnikasyny öndürmäge mümkinçilik berýär. «KAMAZ» paýdarlar jemgyýetiniň guramaçylyk edaralary Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň hem-de käbir daşary ýurtlaryň çäginde ýerleşýän 110 sany kompaniýany özünde jemleýär.
Kazandan we Dubaýdan Türkmenistana gaýtmak üçin petekleri elektron poçta arkaly öňünden edinip bolar
“Türkmenistan” awiakompaniýasy resmi saýtynda elektron poçtalaryň salgylaryny ýerleşdirdi. Şolaryň üsti bilen Russiýadan hem-de BAE-den Türkmenistana uçýan ugurlar boýunça petekleri öňünden satyn alyp bolar. Şeýle hem saýtda bu ýurtlardaky wekilhanalaryň anyk telefon belgileri ýerleşdirildi.
«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Kazan — Türkmenabat ugry boýunça amala aşyrjak uçar gatnawynyň awiapetekleriň ählisi satyldy
Kazandan Türkmenabat şäherine göni howa gatnawyny amala aşyrýan «Türkmenistan» awiakompaniýasy 8-nji iýunda meýilleşdirilýän indiki uçuş üçin ähli awiapetekleri satdy. Degişli bildiris «Türkmenistan» awiakomapaniýasynyň Russiýadaky wekilhanasynyň resmi web sahypasynda çap edildi.
«Altyn Asyr» ÝGPJ-i bilen - tehnologiýa baradaky gözýetimiňizi giňeldiň!
Adamlaryň arasyndaky uzaklyga garamazdan, olary ýakynlaşdyrýan, ykjam we wideo aragatnaşygyny üpjün edýän, bilim we söwda pudagyny özgerdýän telekommunikasiýa tehnologiýasyz häzirki döwri göz öňüne getirmek mümkin bolmasa gerek. Bu günki gün her bir adam üçin öýjükli aragatnaşygyň mümkinçilklerinden peýdalanyp, elektron poçta hyzmatlaryny ulanmak, onlaýn dükanlaryndan söwda amala aşyrmak adaty ýagdaýa öwrüldi.
Ulag ulgamy durnukly ösüşiniň esasy ugry
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny, şol sanda ulaglar pudagyny ösdürmek boýunça giň möçberli işler amala aşyrylýar. Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň bir ugruny durnukly ulag ulgamynyň ösdürilmeginde görýär. Ulaglar ulgamynyň düzüm birlikleri ýurt, sebit we sebitara ykdysady mümkinçilikleri durmuşa geçirmäge ýardam etmek bilen parahatçylygy pugtalandyrýar, ählumumy howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün edýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.