Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
AŞTU merkezi edarasynda özbaşdak hyzmat ediş terminallary ornaşdyryldy
«Aşgabat şäher telefon ulgamy» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň merkezi edarasynda aragatnaşyk operatorynyň müşderilerine AŞTU-nyň hyzmatlarynyň giň toplumyny özbaşdak onlaýn dolandyrmaga mümkinçilik berýän terminallar oturdyldy.
Türkmenistanda VIP we CIP ýolagçylaryň howa menzilleriň zallaryndan geçmeginiň tertibi tassyklandy
Türkmenistanda aýratyn wajyp ýolagçylaryň (VIP) we wajyp ýolagçylaryň (CIP) howa menzilleriniň zallaryndan geçmeginiň tertibi tassyklanyldy. Bu baradaky resminama Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň portalynda çap edildi.
Garabogaz köl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsi gurlar
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ýol gurluşyk pudagyny ösdürmek, dünýäniň ösen tehnologiýalaryna laýyklykda döwrebaplaşdyrmak hem-de ýurdumyzyň üstaşyr ulag mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak, ýükleri we ýolagçylary daşamagyň häzirki zaman ulgamyny kemala getirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
«Türkmenpoçta» tutuş dünýä poçta ibermelerini amala aşyrýar
«Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň Aşgabadyň Halkara howa menzilinde ýerleşýän bölümçesi poçta hyzmatlarynyň dürli görnüşlerini hödürleýär. Bu ýerden Türkmenistanyň ähli welaýatlaryna bolşy ýaly, daşary ýurtlara hem tizleşdirilen poçtalary, ýollamalary, banderollary, hatlary, dürli ýükleri ibermek mümkindir.
Türkmenistanda döwlet eýeçiligindäki desgalaryň bäsleşikli satuwy ilkinji gezek sanly platformada geçiriler
Türkmenistanda döwlet eýeçiligindäki desgalaryň bäsleşikli satuwy ilkinji gezek www.е.fineconomic.gov.tm sanly meýdançasynda we bu platformanyň mobil goşundysynyň üsti bilen geçiriler.
Ýurduň ösüşine itergi berýän güýç
Ýaşlar baradaky döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda ýurdumyzda ýaş nesil barada, ylaýta-da, olaryň Watanymyza, halkymyza, oňyn ýörelgelerimize, milli däp-dessurlarymyza wepaly, ylymly, bilimli, hünär başarnykly, zähmet çekmäge höwesli, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerýän, ruhubelent ýaşlar bolup kemala gelmegi üçin döwlet syýasaty kesgitlenýär.
"Türkmenistan" awiakompaniýasy halkara gatnawlaryny dikeltmegi meýilleşdirýär
Türkmenistanyň Prezidenti 11-nji iýunda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew ulag toplumynda howpsuzlyk derejeleriniň sanawyny we howpsuzlyk derejelerini yglan etmegiň tertibini taýýarlamak boýunça geçirilen işler barada hasabat berdi.
Ýaş alymlar — ýurdumyzyň ylmy kuwwaty
12-nji iýunda Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Her ýylda Ylymlar güni mynasybetli geçirilýän bu iri möçberli çäräni Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilelikde guraýar.
Ylym — döwletiň kuwwaty
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni uly üstünliklere beslenýär. Döwletimiziň we jemgyýetimiziň ähli ugurlarynda, şol sanda, ylym-bilim ulgamynda hem uly ösüşler gazanylýar. Hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli kabul edýän çözgütleri, berýän tabşyryklary eziz Watanymyzyň rowaçlanmagyna, halkymyzyň eşretli durmuşynyň hatyrasyna gönükdirilýär.
Halkara ýük ulaglaryna Türkmenistandan üstaşyr geçmekleri üçin bildirilýän talaplar
Türkmenistan şu ýylyň 1-nji iýunyndan başlap, bildirilýän talaplary berjaý etmek şerti bilen, halkara ýük ulaglaryna sürüjileri bilen bilelikde Eýran-Özbegistan we Özbegistan-Eýran ugurlary boýunça öz çäginden üstaşyr geçmäge rugsat berdi. Halkara ýük ulaglarynyň hereketi boýunça bellenen ugur türkmen-özbek serhedindäki Farap-Alat geçelgesi we türkmen-eýran serhedindäki Sarahs-Sarahs geçelgesi aralygyndadyr.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.