Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
Türkmen zyýaratçylary haj parzyny berjaý etmäge ugradylar
2-nji iýulda türkmen zyýaratçylary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken resminamasyna laýyklykda, «Türkmenhowaýollary» agentligi tarapyndan guralan ýörite uçar gatnawy bilen Saud Arabystany Patyşalygyna haj parzyny berjaý etmäge ugradylar. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berilýär.
AŞTU häzirki zaman GPON tehnologiýasynyň gerimini giňeldýär
«Aşgabat şäher telefon ulgamy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti paýtagtda optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň gerimini uzakmöhletleýin giňeltmek maksady bilen iň täze GPON tehnologiýalaryndan peýdalanýar.
Milli we ruhy gymmatlyklarymyz ýaşlarymyzyň uçar ganaty
Ýurdumyzyň belent özgertmelerine laýyklykda ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň döwrebap bilim we terbiýe almaklary, beden we ruhy taýdan kadaly ösmekleri hem-de wagtlaryny gyzykly geçirmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Gökdere jülgesinde ýerleşýän «Demirýolçy» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezi hem çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümini şadyýan, täsirli we peýdaly geçirmekleri üçin ähli amatly şertleri döredýär.
Türkmen halkynyň Arkadagynyň hormatyna baýramçylyk konserti
29-njy iýunda Ak bugdaý etrabynyň “Nowruz ýaýlasyndaky” “Türkmeniň ak öýi” binasynyň öňündäki meýdançada ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda baýramçylyk konserti geçirildi.
Turkmenportal mobil goşundysyny ulanyjylaryň sany 100 müň adamdan geçdi
Geçen ýylyň ýanwar aýynda döredilen Turkmenportal mobil goşundysyny ýükläp alan Internet ulanyjylarynyň sany 100 müň adamdan geçdi.
ARKADAGYŇ PAÝHASYNDAN AK ÝOLLARA ROWANA
Ýollar öý bilen öýi, halk bilen halky ýakynlaşdyrýar. Ynsan ömri, nesil dowamaty ýollarda bereket tapýar. Ýol, ruhy nukdaýnazardan bolşy ýaly, geografik jähetden-de dostluk, parahatçylyk, agzybirlik ýaly düşünjeleri özünde jemleýär. Häzirki döwürde ýol düşünjesi has-da giňedi: bu gün dünýäde söwda-ykdysady gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynda we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagynda ýollara, üstaşyr ulag geçelgelerine aýratyn orun degişlidir.
«Turkish Airlines» Stambul — Aşgabat — Stambul ugry boýunça ýörite howa gatnawlaryny guraýar
«Turkish Airlines» awiakompaniýasy ýakyn günlerde Stambul — Aşgabat — Stambul ugry boýunça üç sany ýörite ýolagçy howa gatnawyny guraýar diýip, Atavatan Türkmenistan internet neşiri habar berýär.
Aşgabat — Kerki howa gatnawy iýul aýyndan başlap her günde amala aşyrylar
«Türkmenistan» awiakompaniýasy iýul aýyndan başlap Aşgabat — Kerki ugry boýunça howa gatnawlaryny her günde ýola goýup başlar. Bu barada «Turkmenportal» habarlar portalyna awiakompaniýanyň sorag-jogap gullugy maglumat berdi.
Aşgabatdan Ahal welaýatyndaky «Türkmeniň ak öýi» binasyna wagtlaýyn awtobus gatnawy ýola goýlar
Awtokombinatdan Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde ýerleşýän «Türkmeniň ak öýi» binasyna çenli wagtlaýyn 72-nji belgili awtobus gatnawy ýola goýlar. Bu barada «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň resmi web-saýtynda habar berilýär.
«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň web saýtynda ýüküň ýerleşýän ýerini yzarlamaga mümkinçilik döredildi
«Türkmenistan» awiakompaniýasy resmi web-saýtynda täze hyzmatyň ýola goýlandygyny habar berdi. Indi howa gämileri arkaly ýük iberijiler Türkmenistanyň howa menzilleriniň ýük terminallaryndan ýükleriň barmaly ýerine iberilmegi baradaky maglumaty özbaşdaky yzarlamaga mümkinçilik aldylar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.