Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
Türkmenistanyň raýatlary ýörite howa gatnawy bilen Türkiýeden getiriler
30-njy maýda «Türkmenistan» awiakompaniýasy Türkmenistanyň Türkiýedäki raýatlarynyň gelmegi üçin ýörite ýolagçy howa gatnawyny guramagy meýilleşdirýär. «Atavatan Türkmenistan» neşiriniň habar bermegine görä, howa gatnawy Stambulyň halkara howa menzilinden amala aşyrylar.
Täze zamananyň ulag diplomatiýasy
«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda eziz Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar we halkara derejesindäki abraýy barha belende göterilýär. Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasyna laýyklykda, ulag diplomatiýasy üstünlikli durmuşa geçirilýär.
«Türkmenistan» awiakompaniýasy halkara gatnawlaryň ýolagçylar üçin uçuş düzgünlerini neşir etdi
«Türkmenistan» awiakompaniýasy ýolagçylar üçin halkara gatnawlarda uçuş wagtynda berjaý edilmeli düzgünleri mälim etdi. Bu barada awiakompaniýanyň resmi web saýtynda habar berilýär.
Sürüjileriň bäsleşigi
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygy netijesinde, gysga wagtyň içinde awtomobil ulaglary pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýady has-da kämilleşdirildi. Häzirki döwrüň ösen ulaglar pudagyny kemala getirmek de hem-de onuň esasyny goýmakda, öz halkyny eşretli, bagtyýar ýaşatmak maksady bilen, hormatly Prezidentimiz bimöçber işleri amala aşyrdy.
TALYPLAR TANYŞDYRYLYŞ GÖÇME TEJRIBE OKUW SAPAGYNY GEÇDILER
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň gujagynda dogan her gün täze zähmet üstünliklerini buşlaýar, halkymyz ýagşy umytlar bilen röwşen geljege ynamly gadam urýar. Bagtyýarlyk bilen batlanýan, berkararlyk bilen beýgelýän mähriban Diýarymyzda, ýaşlara döwrebap bilim almak, ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak üçin giň şertler döredilýär.
DEMIR ÝOL ULAGYNDA TEBIGY GAZY ULANMAKLYGYŇ MÜMKINÇILIKLERI
Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyz hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bedew bady bilen ynamly öňe barýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe güller açýan eziz Diýarymyz ähli ugurlar bilen bir hatarda ulag ulgamynda hem uly ösüşlere eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde şol mümkinçilikden has doly we netijeli peýdalanyp, goňşy döwletler bilen özara we sebit bähbitli köp taraplaýyn dostlukly gatnaşyklar ýola goýulýar.
ULAG ULGAMYNDA SANLY YKDYSADYÝET
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistany ykdysady we durmuş taýdan üstünlikli ösdürmegiň möhüm şerti hökmünde köp şahaly ulag düzümini döretmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň ugurlarynyň biridir.
Türkmenistanda şäherara awtobus petekleriniň onlaýn-satuw hyzmaty işini gaýtadan ýola goýdy
Türkmenistanda şäherara awtobus gatnawlarynyň petekleriniň satuwy gaýtadan ýola goýuldy. Bu barada «Türkmenawtoulaglary» agentligi habar berýär. Indi ýolagçylar şäherara awtobus gatnawy üçin petekleri «Awtomobil ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň resmi saýtyndan, Android operasion ulgamy üçin niýetlenen ykjam goşundysyndan ýa-da awtoulag menziliniň kassalaryndan satyn alyp bilerler.
“Sanly ykdysadyýet - geljegiň aýdyň ýoly” atly ylmy-intellektual onlaýn bäsleşiginiň netijeleri
Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyndaky döwrebap özgertmeleri milli ylym-bilim ulgamynyň yzygider döwrebaplaşmagy, ýaşlarymyzyň hemmetaraplaýyn intellektual ösüşi, olaryň ýiti zehinli, başarjaň bolup ýetişmekleri üçin ähli şertleri üpjün edýär. Şeýle bolansoň, ýaşlaryň arasynda geçirilýän dürli derejedäki bilim, ylmy-intellektual, döredijilik bäsleşikleri olaryň zehinini açmaklary üçin uly mümkinçilik bolup durýar.
Türkmenistan halkara ýük ulaglaryna Eýrandan Özbegistana üstaşyr geçmäge rugsat berer
Daşary ýurt awtoulag serişdeleriniň Sarahs-Farap-Sarahs ugurlary boýunça ýurdumyzyň çäginden üstaşyr geçmekleri ýola goýular. Türkmenistan şu ýylyň 1-nji iýunyndan başlap Eýran serhedinden geçen halkara ýük ulaglaryna sürüjileri bilen bilelikde Özbegistana çenli geçmäge rugsat berer.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.