Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
16763b6ba4aa0d.jpeg
11 aý ozal
Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynyň ýapon dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Düýn Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynyň ýapon dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyzyň çuň many-mazmunly bu eseri durmuş ulgamynyň dürli ugurlarynda ajaýyp üstünlikleri gazanýan we eziz Watanymyzyň gülläp ösüşlerine mynasyp goşant goşýan türkmen ýaşlaryna bagyşlanýar.

16763b43c2d098.jpeg
11 aý ozal
Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Kararnama BMG-niň alty dilinde ýaýradyldy

2024-nji ýylyň ahyrynda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG tarapyndan birnäçe möhüm ähmiýetli resminamalar kabul edildi. Olar indi Baş Assambleýanyň 79-njy sessiýasynyň resminalary hökmünde BMG-niň alty dilinde elýeterlidir. Bu barada Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy sişenbe güni habar berdi.

16763a7abb186c.jpeg
11 aý ozal
Sanly tehnologiýalar dünýäni özgerdýär

18-nji dekabrda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde «Akylly» şäher: dolandyrmak, sanly, “akylly” we emeli aň tehnologiýalary, howpsuzlygy, ykdysadyýeti» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi.

1676263d4d2c69.jpeg
1 ýyl ozal
«Türkmenpoçtanyň» çaparçylyk hyzmaty: Täze ýyl sowgatlaryny ugratmak üçin oňaýly hyzmat

Täze ýylyň bosagasynda «Türkmenpoçta» ýurduň islendik künjegine baýramçylyk sowgatlaryny ugratmagyň ygtybarly we oňaýly usulyny hödürleýär. Kompaniýanyň çaparçylyk hyzmaty Türkmenistanyň dürli sebitlerine ýollamalary tiz we ýokary hilli eltip bermegi üpjün edýär.

167626137332e8.jpeg
1 ýyl ozal
«Türkmenistan» awiakompaniýasy halkara uçuşlarynyň geografiýasyny giňeldýär

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat – Deli we Aşgabat – Jidda ugurlary boýunça uçuşlarynyň sanyny köpeldýär. Degişli maglumatlar awiakompaniýanyň resmi saýtyndaky täzelenen halkara uçar gatnawlarynyň tertibinde çap edildi.

167625e086b240.jpeg
1 ýyl ozal
Täze ýyl baýramçylygy döwründe sirk çykyşy

Türkmenistanyň Döwlet sirki Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli «Akylly ýylan we aldarköse» atly täze sahnalaşdyrlan sirk çykyşyny size hödürleýär.

167625c5a708e9.jpeg
1 ýyl ozal
Öýler üçin ýokary tizlikli AŞTU internet hyzmaty

Aşgabat şäher telefon ulgamy (AŞTU) öýlere berilýän ýokary tizlikli internet hyzmatyny hödürleýär. Bu barada Aşgabat şäher telefon ulgamy habar berýär.

167625f49b6086.jpeg
1 ýyl ozal
Paýtagtymyzda frilanser bolup uzakdan işlemek başarnyklary boýunça okuw maslahaty geçirildi

2–7 dekabr aralygynda paýtagtymyzda ýerleşýän "Ynamly Kepil" koworking merkezinde frilanser bolup uzakdan işlemek başarnyklary boýunça gatnaşyjylar üçin okuw maslahaty geçirildi. Bu çäre USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy (YDA) tarapyndan gurnaldy.

167625ad678801.jpeg
1 ýyl ozal
2024-nji ýylda Türkmenistandan Azerbaýjana syýahatçylaryň sany artdy

2024-nji ýylyň noýabrynda Türkmenistandan Azerbaýjana 2753 syýahatçy bardy, bu bolsa 2023-nji ýylyň şu döwri bilen deňeşdirilende 11% artdy. Bu ösüş Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Azerbaýjana syýahatçylyk akymynyň bitewi oňyn tendensiýasynyň bir bölegi bolup durýar.

1676116c92d969.jpeg
1 ýyl ozal
Türkmenistanda Bilim ulgamynda innowasion tehnologiýalarynyñ festiwaly geçirildi

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Bilim ulgamynda innowasion tehnologiýalarynyñ festiwaly geçirildi. Çäre Türkmenistanyñ Bilim ministrligi tarapyndan guraldy.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.