Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER

Türkiýäniň uniwersiteti Türkmenistanyň raýat awiasiýasy üçin hünärmen taýýarlar
Türk aeronawtika birleşigi uniwersiteti Türkmenistanyň raýat awiasiýasy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga öz goşandyny goşar. Bu barada Türk aeronawtika birleşigi uniwersitetiniň rektory Prof. Dr. Rahmi Er türk metbugatyna beren beýanatynda belläp geçdi.

Türkmenistanyň demir ýollaryň uzynlygy 5173,4 kilometre ýetýär
Demir ýol ulgamynyň geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmak, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hem döwlet Baştutanymyzyň ulag-kommunikasiýa toplumynyň ýolbaşçylarynyň öňünde goýýan wezipeleriniň hataryndadyr.

«Türkmenawtoulaglary» agentligi 6 aýda ýolagçy gatnatmak boýunça meýilnamasyny 105,2% ýerine ýetirdi
Ýolagçy gatnatmak boýunça şu ýylyň birinji ýarymynyň görkezijileri Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň netijeli işiniň beýanydyr.

“Türkmenistan” awiakompaniýasy ýurduň çägindäki dürli ugurlara uçuşlaryň tertibini täzeledi
“Türkmenistan” awiakompaniýasy 2024-nji ýylyň 1-nji awgustyndan başlap Türkmenistanyň çägindäki dürli ugurlara uçuşlaryň tertibini täzeledi.

“Türkmendeňizderýaýollary” agentligi bäsleşik yglan edýär
Türkmenistanyň Hökümeti Türkmenistanyň Deňiz ulagyny ösdürmek taslamasy boýunça Yslam Ösüş Bankyndan (YÖB) maliýe serişdelerini aldy we bu maliýe serişdelerini “Ro-Ro” görnüşli iki sany demir ýol parom gämilerini taslamalaşdyrmak, üpjün etmek we gurluşygyny dolandyrmak boýunça şertnamany maliýeleşdirmeklik üçin gönükdirmegi meýilleşdirýär.

TULM Hytaýdan konteýner daşamagy amala aşyrýar
“Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” AGPJ (TULM) Hytaý Halk Respublikasyndan Türkmenistana we yzyna konteýner daşamagy yzygiderli guraýar. Konteýner otlylaryny guramak boýunça Türkmenistanyň milli operatory bolmak bilen, bu kompaniýa Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň konteýner terminalynyň hem operatorydyr.

Türkmenistan ulag diplomatiýasynyň we üstaşyr geçelgeleriň mümkinçiliklerini giňeldýär
Ulag-kommunikasiýalar toplumy islendik döwletiň ykdysadyýetiniň möhüm düzüm bölegidir. Onuň ösüş depgini köp babatda tutuş ýurduň ösüşini kesgitleýär. Ähli ugurlar boýunça öz wagtynda, ýokary hilli hyzmat etmek wezipesi öňünde goýlan ýük we ýolagçy daşamak hyzmaty, öz gezeginde, ulag ulgamynyň aýrylmaz düzüm bölegini emele getirýär.

Hindistandan ilkinji konteýner otlusy Türkmenistanyň üsti bilen Özbegistana üstünlikli geçirildi
Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» AGPJ (TULM) ilkinji konteýner otlusynyň Hindistandan Özbegistana iberilmegini üstünlikli gurady. Keramiki plitalar bolan 20 TEU konteýnerinden ybarat otlynyň birinji tapgyry Bender-Abbas portundan Sarahs ugry boýunça Çukursaý (Özbegistan) demir ýol menziline üstünlikli iberildi.

Türkmenistanyň wekilleri halkara innowasiýa taslamasyna gatnaşýarlar
Türkmenistanyň wekilleri Nižniý Nowgorodyň N.A.Dobrolýubowa adyndaky Döwlet dil uniwersitetinde gurnalan “Ýaş mugallymlar we gözlegçiler üçin tomusky institut” atly halkara innowasiýa taslamasyna gatnaşýarlar.

«Start»-da Premium abuna ýazylyşyk elýeter edildi
Türkmenistanyň raýatlarynyň 90%-i täze «Start» sosial ulgamy hakda bilmeýär. Söhbetdeşlik, aýdym-saz, wideo we suratlar paýlaşyň we uly topar dörediň. Emma aragatnaşygyňyzy hasam gowlaşdyrmak isleseňiz, «Premium» abuna ýazylyşyny barlap görüň!

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.