Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER

2024-nji ýylyň iýuly: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
3-nji iýulda ýurdumyzda we daşary ýurtlarda guralan köp sanly iş duşuşyklary, syýasy geňeşmeler, işewürlik gepleşikleri, forumlar Türkmenistanyň dünýä giňişligindäki abraýynyň barha artýandygyna şaýatlyk edýär. Ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde geçirilen bu çäreler daşary syýasat strategiýamyzyň möhüm ugry bolup, dostlukly döwletler bilen ynanyşmak, özara düşünişmek däplerine esaslanýan gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

AŞTU “Smart Goldaw” habar beriş howpsuzlyk we gözegçilik hyzmatyny ýola goýdy
“Aşgabat şäher telefon ulgamy” (AŞTU) ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti (ÝGPJ) “Uly Gaýa” hojalyk jemgyýeti bilen bilelikde habar beriş howpsuzlyk we gözegçilik ulgamynyň “Smart Goldaw”täze hyzmatyny girizdi. Bu barada AŞTU habar berdi.

AŞTU öňünden gurnalan hyzmatlary bolan täze «ITVQ8» IP týunerini hödürleýär
«Aşgabat şäher telefon ulgamy» (AŞTU) ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti özüniň abonentleri üçin «ITVQ8» IP telewizion týunerini hödürleýär.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmendemirýollary” agentliginiň Aşgabat şäherindäki demir ýol ulaglary orta hünär okuw mekdebi
2024/2025-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýändigini habar berýär:

«Bir penjire» umumy döwlet maglumat web-portaly döredildi
Türkmenistanda «Eksport-import amallary üçin Bir penjire» (www.tradebridge.gov.tm) umumy döwlet maglumat web-portaly döredildi. Ol daşary ykdysady işlere gatnaşýanlar üçin «Eksport-import amallary üçin Bir penjire» ulgamynyň elýeterliligini üpjün edýär.

“Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesi Russiýa we Hindistan üçin möhüm ykdysady ugra öwrülýär
“Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesi Russiýa we Hindistan üçin möhüm ykdysady ugra öwrülýär diýip, Ýaponiýanyň iň uly media korporasiýalarynyň biri bolan Nikkei ýazýar.

“Türkmenawtoulaglary” agentligi awtoulag serişdeleriniň hereketlendiriji we herekete geçiriji ýaglaryny satyn almak boýunça tender yglan edýär
“Türkmenawtoulaglary” agentligi awtoulag serişdeleriniň hereketlendiriji we herekete geçiriji ýaglaryny satyn almak boýunça bäsleşik yglan edýär

Saglygym bar — baýlygym bar
Şu gün TMAK-nyň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmendemirýollary» agentliginiň ilkinji zenanlar guramasy hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Demirýolçularynyň Kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi bilen bilelikde Demir ýol pudagynda zähmet çekýän gyz-gelinleriň arasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň halkara uçuşlarynyň täze tertibi
«Türkmenistan» awiakompaniýasy» şu ýylyň 27-nji oktýabryna çenli halkara uçuşlaryň täze meýilnamasyny mälim etdi.

“Sanly şäher” mobil goşundysy tapgyrlaýyn işe girizilýär
Aşgabat şäher häkimligi tarapyndan jemagat hyzmatlaryny ýerine ýetirýän edara-kärhanalar üçin “Merkezi elektron ulgam” taslamasy işlenip taýýarlanyldy we tapgyrlaýyn birnäçe programmalar işe girizildi.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.