Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
166bc41a5a918e.jpeg
10 aý ozal
Dünýäniň iň uzyn rallisynyň gatnaşyjylary Aşgabada geldiler

Dünýäniň iň uzyn rallisi hasaplanýan üçünji "İpek Yolu Rally" onlarça gatnaşyjysy Türkmenistanyň paýtagtyna geldi. 4-nji awgustda Stambulda başlan bu halkara ýaryş Türkiýäniň, Italiýanyň, Germaniýanyň, Awstriýanyň we Moldowanyň sürüjilerini birleşdirdi.

166bc409ee04a6.jpeg
10 aý ozal
"Türkmenaragatnaşyk" agentligi we Günorta Koreýanyň LS Cable & System kompaniýasy optiki kabelleriň önümçiligi barada maslahatlaşdylar

"Türkmenaragatnaşyk" agentligi günorta koreýaly LS Cable & System kompaniýasynyň wekilleri bilen Türkmenistanda optiki kabelleri üpjün etmek we önümçiligini ýola goýmak meseleleri boýunça wideogepleşikleri geçirdiler.

166bc365fd8c35.jpeg
10 aý ozal
“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň hünärmenleri STCW standartlary boýunça hünär derejelerini ýokarlandyrýarlar

2024-nji ýylyň 12-nji awgustynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara ösüş guramasynyň (USAID) Merkezi Aziýada Söwda Maksatnamasynyň gurnamagynda “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň hünärmenleri üçin, Halkara deňiz guramasynyň (IMO) Deňizçileri taýýarlamak we olara diplom bermek hem-de wahtada durmak barada Konwensiýasyna laýyklykda hünär derejelerini ýokarlandyrmak boýunça türgenleşik okuwy başlandy.

166baf3eed6382.jpeg
10 aý ozal
Türkmenistan we Gazagystan “Demirgazyk-Günorta” ulag geçelgesini işjeňleşdirýär

Gazagystanyň wise-premýeri Serik Žumangarin bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýewiň arasynda Astana şäherinde duşuşyk geçirildi. Bu duşuşyk Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynň çäklerinde amala aşyryldy.

166bafa0ade307.jpeg
10 aý ozal
Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň akademiýasy tarapyndan onlaýn okuwlara badalga berildi

Awtomobil ulaglary halkara birleşigi (IRU) tarapyndan ygtyýar berlen okuw merkezini açmak barada Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Awtomobil mekdepleriniň birleşigine «Türkmenistanyň halkara awtoulagly daşaýjylarynyň assosiýasiýasy» (THADA) bilen bilelikde «Awtoulagda Halkara daşaýjylary taýýarlaýan okuw merkezi» hojalyk jemgyýetini açmak boýunça degişli işleri geçirmäge görkezme berildi.

166bae2c02cde3.jpeg
10 aý ozal
Türkmenistanda “Hazar deňzi: durnukly ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi

12-nji awgustda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Hazar deňziniň güni dabaraly bellenildi.

166bae4e97d8cc.jpeg
10 aý ozal
Paýtagtymyzda ýokary derejeli forum geçiriler

Şu ýylyň sentýabr aýynyň 19-20 aralygynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygynyň öňüsyrasynda Aşgabatda TIF 2024 maýa goýum forumy we sergisi geçiriler. 

166bae41b2adc6.jpeg
10 aý ozal
Türkmen ilçisi “Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy” forumynyň taýýarlyk maslahatyna gatnaşdy

Golaýda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçisi Begenç Durdyýew Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginde “Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk Forumynyň Sekretariatynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň 15-nji mejlisine gatnaşdy.

166baefa2e699d.jpeg
10 aý ozal
Hazaryň halkara höziri

Türkmenistan - ajaýyp ýurt. Dag ýerinde dagy, deňiz ýerinde deňzi, joşgunly derýalary, mahmala meňzeýän sähralary bolan bu ajaýyp tebigatly ülkäniň at-owazasy mundan ýüzlerçe asyr ozallaram Ýer ýüzüniň çar künjegine ýaýran. Tebigatynyňam gözelligine gözellik goşulýandygyna biz Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň peşgeş beren Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň mysalynda bütin aýdyňlygy bilen göz ýetirdik.

166b99ce2752de.jpeg
10 aý ozal
Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýada ulag ulgamyny ösdürmäge çagyrdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygyndaky çykyşynda ýakyndan we özara bähbitli hyzmatdaşlyk arkaly ykdysady ösüşi gazanmagyň sebit gün tertibiniň ileri tutulýan ugry bolmagynda galýandygy barada aýtdy. Bu barada TDH habar berýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.