Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER

"Türkmenaragatnaşyk" agentligi Türkmenistanyň sanly ykdysadyýeti üçin hünärmenleri taýýarlaýar
"Türkmenaragatnaşyk" agentligi Türkmenistanyň sanly ykdysadyýeti üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga uly goldaw berýär. Bu maksatnamanyň esasy bölegi Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň ýanynda "Sanly çözgüt – IT meýdança" hojalyk jemgyýetiniň döredilmegi boldy.

Daşary ýurtly syýahatçylaryň ýurdumyza islegi barha artýar
Soňky döwürde Türkmenistanda operatorlar tarapyndan berilen daşary ýurtlular üçin syýahatçylyk bukjalarynyň sany, takmynan, 50% ýokarlandy. Bu barada «Голос СНГ» neşiri habar berdi. Degişli ösüş 2018 — 2020-nji ýyllara görä hasaba alyndy. Esasan hem taryhy ýerele toparlaýyn syýahatlara isleg bildirilýär.

"Türkmenaragatnaşyk" Türkmenistanda aragatnaşygy döwrebaplaşdyrmak üçin täze sanly tehnologiýalary ornaşdyrýar
Türkmenistanda "Türkmenaragatnaşyk" agentliginiň tagallalary bilen aragatnaşygy gowulandyrmak üçin täze sanly tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Agentlik ýurduň sanly infrastrukturasyny ösdürmek üçin giň gerimli taslamalary durmuşa geçirip, aragatnaşyk babatda häzirki zaman çözgütlerini işjeň ornaşdyrýar.

«Türkmenistanyň ulag we logistika merkezi» AGPJ Hytaýyň eksport-import otlylaryny Türkmenistanyň çäginden geçirýär
Konteýner daşamagyň milli operatory hökmünde «Türkmenistanyň ulag we logistika merkezi» AGPJ (TULM), beýleki operatorlar bilen ýakyn hyzmatdaşlykda, hyzmatlaryň ýokary hilini we ygtybarlylygyny üpjün edýän köp ugurlar boýunça demirýol konteýner ýük daşamalaryny üstünlikli amala aşyrýar.

Türkmenistanda “Bir penjire” ulgamy arkaly 20 müňden gowrak arza tabşyryldy
Ulgamda 16 sany ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň 22 sany düzüm birlikleri işleýär.

«Türkmenawtoulaglary» agentligi bäsleşik yglan edýär
«Türkmenawtoulaglary» agentligi awtoulag serişdeleriniň hereketlendiriji we herekete geçiriji ýaglaryny satyn almak üçin bäsleşik yglan edýär

Infokommunikasiýa hünär-tehniki okuw mekdebi dalaşgärleri okuwa çagyrýar
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň Infokommunikasiýa hünär-tehniki okuw mekdebi 2024/ 2025-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:

Beýik özgertmeleriň ýoly bilen
Ata Watanymyzy gülledip ösdürmek, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň amala aşyrýan syýasatynyň baş maksadydyr. Giň möçberli özgertmeleri durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, halkara abraýyny pugtalandyrmak bu syýasatyň esasy ugurlarydyr.

Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşigi ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar
Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi S.Pälwanow bilen halkara hyzmatdaşlygy boýunça Ýewropa Komissarynyň kabinetiniň başlygy Taneli Lahtiniň arasynda resmi däl duşuşyk geçirildi.

Türkmenistanda serwer, maglumat saklaýjy enjamlar öndüriler
Geljekde serwer enjamlaryna abatlaýyş, tehniki goldaw bermek işlerini hem-de “akylly” öý ulgamlary üçin zerur bolan enjamlaryň önümçiligini ýola goýmak göz öňünde tutulýar.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.