Habarlar / Metbugat habarlaryndan
Metbugat habarlaryndan

ÖSÜŞLERE ÝARANDYR HALK BÄHBITLI ÝOLUMYZ
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrümiziň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly öz üstünlikleri, ýetýän belent sepgitleri bilen biziň her birimizi guwandyrýar. Çünki ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösüşini ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatlaýyn işler has-da rowaçlydyr.
Tebygy derman serişdesi
Ary baly azyk önümi we tebygy derman serişdesidir. Ary balynyň düziminde adam saglygyna peýdaly birnäçe witaminler bar. Şonuň üçin adamlar balçylyk bilen gadymy döwürlerden bäri meşgurlanýar. Ilatymyzyň hem ary balyna bolan islegleri juda uly. Çünki ary baly ýokumly we siňňitli iýmit hasaplanýar. Halk lukmançylygynda hem ynsan saglygyny berkitmekde öziniň täsin tebygy häsiýetleri bilen tapawutlanýan ary balyna aýratyn ähmiýet berilýär.

Ýüpekçileriň üstünligi
Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň "Mizemez ynam", "Ajaýyp sowgat" daýhan hojalyklarynda ýüpekçileri her ýyl ýüpek gurçugyny idedip, piläniň bereketli hasylyny öndürýärler. Bu daýhan birleşigiň ýüpekçileri geçen ýyl hem döwlete pile tabşyrmak baradaky meýilnamalaýyn tabşyrygy ep-esli artygy bilen ýerine ýetirmegiň hötdesinden gelipdiler.
Hoş habarly duşuşyk
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň her pursaty şatlyklara waka ajaýyp hoş habarlara beslenip geçýär. Şeýle ajaýyp habarlaryň biri hem durmuşymyzyň bezegi zenanlarymyzyň el hünäri bilen baglanşykly Gahryman Arkadagymyzyň mähriban käbesi Ogulabat ejäniň 1971-nji ýylda öz baldyzy üçin ýürek buýsanjyny siňdirip keşdelän kürtesiniň milli muzeýimize goýulanlygy hakdaky habar zenanlarymyzy diýseň begendirdi.

AJAÝYP TOÝ SOWGADY.
Hormatly Prezidentimiz öz halkyna gyzyldan gymmatly, baý many-mazmuna eýe kitaplaryny yzygider peşgeş berýär. Gahryman Arkadagymyzyň her bir eseri bu günki gün biziň her birimiziň iň söýgüli kitabymyz bolup durýar. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk ýubileý toýnyň toýlanjak Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýene-de bir kitaby elmize gelip gowuşdy.

AŞGABADYM WASPYN ETSEM ŞYGRYMDA
Aşgabadym waspyn etsem şygrymda, Ony söýdügimçe söýesim geler. Öçmez duýgy ýaşaýar bu kalbymda, Sen deý gözel şäher ýok bolsa meger. Aşgabadym waspyn etsem şygrymda, Ýazdygymça joşýar ýene ylhamym. Aziýanyň ak merjeni bolandyr, Buýsanýandyr bagta dolup gursagym.

ÝURDUŇ IŇ GOWY ETRABY
2023-nji ýylyň jemleri boýunça Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etraby ýurduň iň gowy etraby diýlip yglan edildi hem-de 1 million amerikan dollary möçberindäki pul baýragyna mynasyp boldy.

Magtymguly Pyragynyň ýaş nesli baradaky goşgulary
Ýaş nesli terbiýelemekde iň wajyp usullaryň biri hem şahsy göreldedir. Magtymguly ynsan perzendiniň ata-enesine nähili sarpa goýmalydygy barada nusga bolan şahyrdyr. Türkmenlerde gadymdan gelýän ýörelgä görä, çaga heniz aga-gara düşünip-düşünmänkä, ene-ata, il-ulsa, tebigata, Watana söýgi duýgusy bilen terbiýelenýär.

Magtymguly Pyragy kalplaryň aýnasy
Her bir halk özüniň milli gahrymanyny ezizleýär, oňa kalbyndan hemişelik orun berýär. Nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragy hem şeýle ägirtleriň biridir. Magtymguly Pyragynyň şygryýetini iň bir beýik zatlara, gymmatlyklara deňemek bilen bir hatarda, olary türkmen kalbynyň aýnasy diýip hem suratlandyrýarlar.

SURAT ÇEKMEK BÄSLEŞIGI
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty mekdep okuwçylarynyň arasynda «Parahatçylyk medeniýeti – ýaşlaryň gözi bilen» atly surat çekmek bäsleşigini yglan etdi. Bu barada institutyň resmi saýtynda habar berildi.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.