GARAŞSYZLYK BILEN GALKYNAN DÖWÜR

20-09-23

Mukaddes Garaşsyzlygymyz halkymyzyň bagtyýarlygynyň gözbaşydyr. Her ýyl tylla güýzüň ilkinji aýynda berkarar döwletimiziň Garaşsyzlyk gününi dabaraly toý-baýram edip belläp geçýäris. Şu günler beýik Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllygyna bagyşlanan dabaralar ýurdumyzyň ähli künjeginde yzygiderli geçirilýär.

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň türkmen halkynyň bagtyýar, bolelin ýaşaýşyny üpjün etmek ugrunda amala aşyrýan beýik işleri halkymyzyň ruhubelentligini gazanmakda möhüm ähmiýete eýedir. Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan ynsanperwer, parahatsöýüjilikli syýasaty Watanymyzyň halkara abraýyny barha artdyrýar. Döwletimiziň berkararlygy, eşretlere eýlenen zamanamyz, ygtybarly ertirlerimize berk ynamymyz türkmen milletiniň döwletli-döwranyny, döwletimiziň binýadynyň mizemezligini nazarlaýan taglymatlaryň jemidir.

Häzirki wagtda döwrüň talaplaryndan ugur alnyp, dünýäde ylym-bilimde täze gazanylanlar durmuşa ornaşdyrylyp, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösüşini çaltlandyrmak we özgerişleriň täze basgançaklaryna ýetmek ugrunda giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Şol beýik işler jemgyýetimizi ösdürmegiň hereketlendiriji güýjüniň özenidir. Kämil maksatlar halkymyzyň watançylyk duýgusynyň ýokarlanmagyna, her bir adamyň ýurdumyzda durmuşa geçirilýän işlere dahylly bolmak, olara öz goşandyny goşmak höwesiniň artmagyna getirýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimize bolan uly söýgi ildeşlerimiziň kalbyny buýsanç, guwanç duýgularyna besleýär.

Mukaddes Garaşsyzlygymyz merdana türkmen halkynyň asyrlarboýy ýüreginde beslän arzuw-umytlarydyr. Bu günki gün Türkmenistan ykdysady we senagat taýdan ýokary ösüşlere eýe bolýan döwlet hökmünde dünýäde giňden tanalýar. Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz türkmen döwletiniň abraýy, milli medeniýeti we sungaty dünýäniň çar künjünde dabaralanýar.

Ýurdumyzyň abadançylygy ugrunda ýadawsyz alada edýän Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Serdarymyzy beýik Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk toýy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýarys. Goý, halkymyzyň bagtyýarlygynyň, ata Watanymyzyň abadançylygynyň hatyrasyna amala aşyrýan beýik işleri rowaç bolsun!

Aýlar SARYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Tehniki hyzmatyň guralyşy we tehnologiýasy hünäriniň 1-nji ýyl talyby.

165bca403d3099.jpeg
Bilimli nesil — kuwwatly Watan

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallasy bilen ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda görlüp-eşidilmedik derejede ösüşiň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen öňe barýar. Islendik döwletiň ylym-bilim ulgamynyň ösüş derejesiniň kämil nusgasynyň bolmagy durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy görkezijisi bolup durýar.


HALKARA ULAG ULGAMYNYŇ GATNAŞYKLARY ÖSDÜRILÝÄR

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan netijeli daşary syýasaty we abadançylygyň, howpsuzlygyň, ösüşiň bähbidine öňe sürýän başlangyçlary we anyk işleri netijesinde Türkmenistanyň halkara abraýy barha belende galýar hem-de pugtalanýar. Ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmaga, senagat taýdan ösen ýurda öwürmäge gönükdirilen milli maksatnamalaryň we düýpli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen häzirki wagtda halkara bileleşik tarapyndan ykrar edilen uly üstünlikler gazanyldy. 


YLYM ULGAMY ÖSÜŞLERIŇ ÝOLUNDA

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ylym ulgamyny ösdürmeklige aýratyn ähmiýet berilýär. Ylmy-barlaglary alyp barmak üçin zerur şertler döredilýär. Gadymy Änew, Nusaý, Şähryslam, Şahrihaýbar, Paryzdepe, Dehistan, Amul, Köneürgenç, Merw ýaly gadymy medeni ojaklarda türkmen we daşary ýurtly alymlary, hünärmenleri tarapyndan arheologik gazuw-agtaryşlar, ylmy barlaglar, dikeldiş işleri yzygiderli geçirilýär.


1618040d2e7eb5.jpeg
PARAHATÇYLYGA ESASLANÝAN HEMIŞELIK BITARAPLYK

Dünýäde BMG tarapyndan ykrar edilen ilkinji hemişelik Bitarap döwlet — bu biziň ata Watanymyz eziz Türkmenistandyr. Bu türkmen döwletiniň, agzybir türkmen halkynyň dünýäniň ýüzünde ýeten belent derejesidir. Hemişelik Bitarap ýurtda ýaşamak, işlemek, döretmek, gurmak uly bagt hem belent mertebedir. Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy adamzadyň gymmatly ynsanperwerlik, parahatçylyk, özara düşünişmek, dost-doganlyk ýörelgelerini beýan edýär.


Ýeňişli ýollaryň şöhraty

Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlamagynda, Arkadagly Serdarymyzyň mynasyp dowam etdirmeginde, ýurdumyzda Watan goran merdana atalarymyzyň, tylda halal zähmet çeken enelerimiziň sarpalary belent tutulýar. «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylymyzda hem hormatly Prezidentimiziň ýörite resminama gol çekmegi bilen, olara gymmat bahaly sowgatlar, gül desseleri gowşurdyldy.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.