Danalardan dürdäneler

06-06-22

Hormatly Arkadagymyzyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly ajaýyp kitabynyň “Ylym-bilim durmuşa ýagty saçýar” atly bölüminde: “Iň gymmatly miras terbiýe, terbiýäniň özeni bolsa ylym-bilimdir” diýip jaýdar bellýär. Parasatly pederlerimiz nesil terbiýesine uly ähmiýet bermek bilen perzentlerininň kemally ynsanlar bolup ýetişmekleri üçin asylly ýörelgeleri biziň günlerimize ýetirip gelipdirler. Bu ugurda Mähriban Arkadagymyzyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly ajaýyp eseri bahasyna ýetip bolmajak gymmatly hazyna bolup durýar.

Men hem öz gezegimde dünýä halklarynyň danalarynyň terbiýe bilen baglanyşykly aýdan sözlerini toplap okyjylar bilen paýlaşmagy müwessa bildim.

 

Halkyň abadançylygy çagalaryň gowy terbiýesine bagly.

J. Lokk

****

Islendik hakyky bilim diňe öz-özüňi terbiýelemek arkaly alynýar.

N. A. Rubakin

****

Sözler dälde, diňe janly mysal çagany terbiýeleýär.

A. S. Makarenko

****

Çagany gowy terbiýelemek isleýän her bir adam hemişe adalatly garaýyşlara boýun bolmalydyr.

O. Balzak

****

Çagalaryňyza berip biljek iň gowy sowgadyňyz ene-atasynyň arasyndaky bagtly we dowamly gatnaşyklardyr.

J. Gottman

****

Terbiýe bermekdäki ähli kynçylyklar ene-atalaryň öz kemçiliklerini düzetmezden özlerinni aklamak bilen çäklenmän, çagalarynda bu kemçilikleri görmek islemeýändiklerinden gelip çykýar.

L. N. Tolstoý

****

Çaga elmydama ululara üç sapak berip bilýär. Olar sebäpsiz şadyýanlyk döredýärler, elmydama birzatlar bilen meşgullanýarlar we isleýän zatlaryna nädip ýetip boljakdyny bilýärler.

M. Twen

****

Çagalaryňyza dymmagy öwrediň. Gürlemegi olar özbaşdak öwrenerler. 

B. Franklin

****

Terbiýede ähmiýetsiz zat ýokdur.

N.Pirogow

Jennet ANNAMUHAMMEDOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.