Gadymy Hytaý pähimleri
18-06-22
Gadymy Hytaý pähimleri
KONFUSIÝ
Gadymy hytaý akyldary, Günbatarda "Konfusiý" adyna eýe bolan Kun Fu-tzunyň ahlak we pelsepe taglymaty Uzak Gündogaryň durmuşyna we medeni ösüşine ägirt uly täsirini ýetirdi. Onuň ahlak pelsepeleri adamlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň durmuş ýörelgelerine esaslanýar. Hytaýyň iň beýik filosofynyň parasatly pikilerinden dürdäneleri toplap siz ýetirmegi makul bildim.
- Diňe ýagşylyk bagta eltýär.
- Adamda ýeterlik derejede synanyşyk bolmasa üstünlik gazanyp bilmez.
- Akylly adam özi üçin ýakymsyz bolan zady başgalara etmez.
- Bilime eltýän üç ýol bar, olardan: pikirlenmek ýoly iň asylly ýol, öýkünmek ýoly iň aňsat ýol we iň kyn ýoly bolsa tejribe ýoly.
- Bilimiňiziň ýoklugyny yzygiderli duýýan ýaly we bilimiňizi ýitirmekden elmydama gorkýan ýaly öwreniň.
- Hiç haçan ýykylmadyk beýik däl, ýykylyp ýerinden turan beýikdir.
- Oýlanman öwrenmek peýdasyz.
- Hemme zatda gözellik bar, ýöne ony görmek hemme kişä berilmeýär.
- Asylly adam özünden talap edýär, nadan adam başgalardan.
- Aslynda durmuş ýönekeý, ýöne biz ony çylşyrymlaşdyrýarys.
- Uly bagty söýülende, hakyky bagt söýeniňde taparsyň.
- Diňe nadanlygyny bilip, bilim gözleýän adama görkezme ber.
- Näçe haýal ýöreýändigiňiz möhüm däl, esasysy durmasaňyz bolýar.
- Işleriňiziň çalt ýerine ýetilimegini islemek, olaryň düýpli ýerine ýetirilmegininň öňüni alýar.
- Beýik adam gürleýşinde sada, hereketlerinde beýikdir.
- Beýik adamyň maksady hakykatdyr.
- Dymmat hiç wagt dönüklik etmeýän dost.
- Size mynasyp däller bilen dostlaşmaň.
Toplan Aýdyň KURÝAZOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.