Esasy maksat — bilimli ýaşlar

24-12-23

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň kuwwaty yzygiderli berkidilýär. Döwletiň we jemgyýetiň sütüni ylymdan hem bilimden bina edilende, onuň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösjekdigini berkarar Watanymyzyň gazanýan üstünlikleriniň mysalynda görýäris. Türkmen topragy gadymy döwürlerden bäri ylmyň we medeniýetiň ösen ojagy hökmünde meşhurdyr.

Bu toprakda taryhda öçmejek yz goýan kuwwatly döwletler gurlup, ylym-bilim we medeniýet ýokary derejä çykypdyr. Täze taryhy döwürde hem ýurdumyzda dünýä ülňülerine kybap gelýän, döwrebap bilim ojaklarynyň ençemesi gurlup, olarda mähriban Watanymyzyň geljegi, nurana ertirlerimiziň eýeleri bolan talyp ýaşlar kämillige gol berýär. 

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» tapgyrlaýyn esasda durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, professor-mugallymlaryň hem-de talyp ýaşlaryň tagallalarynyň netijesinde sanly bilim portaly we web-saýtlar döredilýär. Olarda professor-mugallymlaryň okuw dersleri boýunça taýýarlan gollanmalary, wideoýazgylar ýerleşdirilýär.

Bilim ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlyk ýurdumyzyň häzirki ösüş ýolunda dünýäniň öňdebaryjy gazananlarynyň esasynda milli sanly bilim ulgamynyň mundan beýläk-de ösdürilmegini, okatmagyň innowasion usullary bilen utgaşyklylykda maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň bilim berşiň ähli tapgyrlarynda giňden ornaşdyrylmagyny şertlendirýär. Täze maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny özleşdirmezden, islendik ugurda bolşy ýaly, bilim ulgamynda hem ösüş gazanmak, ýokary derejelere çykmak mümkin däl. Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri kämil bilimli hünärmenleri taýýarlamak, dünýäniň ylym-bilim giňişligine işjeň goşulmak, dünýäniň ösen ýurtlarynyň abraýly ýokary okuw mekdepleri hem-de bilim edaralary bilen ylym-bilim ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça  hem-de halkara guramalary bilen baglaşylan ylalaşyklar we ähtnamalar esasynda netijeli işleri alyp barlýarlar.

Täzeçil, döwrebap usulda iş alyp barmak bilen, milli ykdysadyýetimiziň galkynmagyna mynasyp goşant goşýan hünärmenleri taýýarlaýan ýokary okuw mekdeplerinde okuw-terbiýeçilik, ylmy-taslama, guramaçylyk we jemgyýetçilik işleriniň sazlaşykly ýola goýulmagy biziň gazanýan üstünliklerimiziň kepilidir. Gazanylýan guwandyryjy netijeler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyzyň rowaçlygyny we halkymyzyň bagtyýar geljegini nazarlaýan özgertmeleriň mundan beýläk hem üstünlikli durmuşa geçirilmegine mynasyp goşantdyr.

Islendik döwletiň ýagty geljeginiň bilimli ýaşlaryň ellerindedigi aýdyň hakykatdyr. Hut şonuň üçinem ýokary okuw mekdebiň agzybir işgärleri hormatly Prezidentimiziň özleri üçin döredip berýän şertlerinden netijeli peýdalanyp, hünärli, bilimli ýaşlary kemala getirmegi özlerine esasy maksat edinip zähmet çekýärler. Çekilen zähmet özüniň miwesini hem berýär. Biz geljekde hem hormatly Prezidentimiziň mugallymlar üçin döredip berýän mümkinçiliklerinden peýdalanyp, ýaş nesliň döwrebap bilim we hünär almagy üçin yhlasly işläris. Bize şeýle ajaýyp zamanada döredijilikli zähmet çekmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Liderine hem-de Arkadag Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş aýdýarys!

Jemal ALLANAZAROWA,
Türkmenistanyn Inzener-tehniki we ulag kommunikasiyalary institutynyn Ykdysadyyet we dolandyryş fakultetinin 1-nji yyl talyby.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.