GARAŞSYZLYK — ÜSTÜNLIKLERIMIZIŇ ÖZENI

08-09-23

Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň iň täze taryhy, gazanýan üstünliklerimiziň hem-de ösüşlerimiziň ählisi mukaddes Garaşsyzlygymyzdan gözbaş alýar. Taryh üçin gysga bolan döwürde ata Watanymyz Türkmenistan ösüşiň demokratik ýoluna gyşarnyksyz eýerýändigini, dünýäniň ähli döwletleri bilen deňhukukly, dostlukly gatnaşyklara, iki tarapa-da bähbitli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklady. Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyz kuwwatly we abadan döwlet hökmünde dünýädäki abraýyny has-da berkidip, dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulyp, halkara jemgyýetçiligiň deňhukukly agzasyna öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän giň gerimli özgertmeleri, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň sanlylaşdyrylmagy döwletimiziň durnukly durmuş-ykdysady ösüşini üpjün edip, halkymyzyň hal-ýagdaýyny düýpli ýokarlandyrýar.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şöhratly ýyllary içinde milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagynyň netijesinde, ýurdumyzyň taryhynda ilkinji gezek diňe bir umumymilli we sebitleýin däl-de, eýsem halkara ähmiýetli iri taslamalara badalga berlip, olar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Amala aşyrylýan bu taslamalar ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň döwrebap ýagdaýa getirilmegini, olaryň öňdebaryjy tehnikalar we tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylmagyny, senagatyň we halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň tilsimat taýdan täzeden enjamlaşdyrylmagyny üpjün etdi.

Ýurdumyzda ykdysady özgertmeler «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Milli Maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» esasynda durmuşa ornaşdyrylyp, olar toplumlaýyn we köpugurly häsiýete eýedigi bilen tapawutlanýar. Bu maksatnamalara laýyklykda, halk hojalygynyň netijeliligini hemmetaraplaýyn ýokarlandyrmak, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny, şol oba hojalygynyň önümçilikleri ösdürmek, gaýragoýulmasyz durmuş meselelerini çözmek arkaly ýurduň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan birsydyrgyn ösdürmek, halk hojalygyny dolandyrmagyň netijeli ulgamyny döretmek ýaly esasy ugurlar boýunça işler amala aşyrylýar.

Garaşsyzlyk — türkmen ruhuny galkyndyryp, täze ykbal bagyş eýlän mukaddeslik, türkmen üçin ömrüniň aýdymyna deňelýän gymmatlyk, halkymyzy müdimilik juwan eýlän baýlyk, agzybirligiň nyşanydyr. Garaşsyzlyk — parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleriniň beýik nusgasy, pederlerden dowam bolan täze eýýamy türkmen ykbalyna ýazan ömrümiziň sowulmajak baharydyr.

Dünýäde parahatçylyk ýoly bilen gadam basmakdan, deňi-taýy bolmadyk gözellikleri döredip, onda öz bagtyňy şöhlelendirmekden, älemde beýik ynsanperwer ýörelgeler bilen tanalmakdan uly bagt barmy?! Ine, şol bagtyň agzybirlige ýugrulan sergin şemaly halkymyzy abadan ýaşaýşyň ruhuna gaplap aldy. Merdana pederlerimiziň jahany baglan şan-şöhraty bilen berkarar bolan ýurt Garaşsyzlygy — pederlerimiziň arzuwlan parahatçylygynyň durmuşa ornaşdyrylan subutnamasyna öwrüldi.

Bu gün türkmen halky her bir ynsanyň bagtly bolmagy, gijeleriniň rahat, gündizleriniň parahat bolmagy üçin alada edilýän beýik zamanada eşretli durmuşda ýaşaýar hem-de şanly Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk toýuny zähmet üstünlikleri bilen garşylaýar. Garaşsyz Watanymyzyň ylymda-bilimde, medeniýetde, sungatda, saglygy goraýyşda, ykdysadyýetiň ähli ugurlarynda, içeri we daşary syýasatynda uly üstünlikler gazanmagy döwletimiziň gün-günden artýan halkara abraýyny has ýokary göterýär. Ýurdumyzda alnyp barylýan giň gerimli döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmeginde ýaş nesillerimiziň hem egsilmez paýy bar. Täze döwrüň — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýaş nesilleriniň ýurdumyzyň öňegidişliklerine goşýan goşantlary has-da dabaralanýar. Bu gün belentden-belent ösüşlere sary ýol alan eziz Diýarymyzyň ykdysadyýetiniň, senagatynyň islendik pudagynyň ösüşinde ýaşlaryň ornuny görmek bolýar. Ýaşlarymyzyň her biri Garaşsyzlyk toýuna özleriniň mynasyp zähmet ýeňişleri bilen barýarlar.

Garaşsyz Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmek, bagtyýar durmuşymyz hem-de beýik geljegimiz üçin uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin! 

Soýenç ÝAZLAKOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Gidromeliorasiýa hünäriniň 3-nji ýyl talyby.

165bca403d3099.jpeg
Bilimli nesil — kuwwatly Watan

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallasy bilen ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda görlüp-eşidilmedik derejede ösüşiň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen öňe barýar. Islendik döwletiň ylym-bilim ulgamynyň ösüş derejesiniň kämil nusgasynyň bolmagy durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy görkezijisi bolup durýar.


HALKARA ULAG ULGAMYNYŇ GATNAŞYKLARY ÖSDÜRILÝÄR

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan netijeli daşary syýasaty we abadançylygyň, howpsuzlygyň, ösüşiň bähbidine öňe sürýän başlangyçlary we anyk işleri netijesinde Türkmenistanyň halkara abraýy barha belende galýar hem-de pugtalanýar. Ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmaga, senagat taýdan ösen ýurda öwürmäge gönükdirilen milli maksatnamalaryň we düýpli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen häzirki wagtda halkara bileleşik tarapyndan ykrar edilen uly üstünlikler gazanyldy. 


YLYM ULGAMY ÖSÜŞLERIŇ ÝOLUNDA

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ylym ulgamyny ösdürmeklige aýratyn ähmiýet berilýär. Ylmy-barlaglary alyp barmak üçin zerur şertler döredilýär. Gadymy Änew, Nusaý, Şähryslam, Şahrihaýbar, Paryzdepe, Dehistan, Amul, Köneürgenç, Merw ýaly gadymy medeni ojaklarda türkmen we daşary ýurtly alymlary, hünärmenleri tarapyndan arheologik gazuw-agtaryşlar, ylmy barlaglar, dikeldiş işleri yzygiderli geçirilýär.


1618040d2e7eb5.jpeg
PARAHATÇYLYGA ESASLANÝAN HEMIŞELIK BITARAPLYK

Dünýäde BMG tarapyndan ykrar edilen ilkinji hemişelik Bitarap döwlet — bu biziň ata Watanymyz eziz Türkmenistandyr. Bu türkmen döwletiniň, agzybir türkmen halkynyň dünýäniň ýüzünde ýeten belent derejesidir. Hemişelik Bitarap ýurtda ýaşamak, işlemek, döretmek, gurmak uly bagt hem belent mertebedir. Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy adamzadyň gymmatly ynsanperwerlik, parahatçylyk, özara düşünişmek, dost-doganlyk ýörelgelerini beýan edýär.


Ýeňişli ýollaryň şöhraty

Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlamagynda, Arkadagly Serdarymyzyň mynasyp dowam etdirmeginde, ýurdumyzda Watan goran merdana atalarymyzyň, tylda halal zähmet çeken enelerimiziň sarpalary belent tutulýar. «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylymyzda hem hormatly Prezidentimiziň ýörite resminama gol çekmegi bilen, olara gymmat bahaly sowgatlar, gül desseleri gowşurdyldy.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.