Sanly bilim — rowaçlygyň binýady

29-10-23

Dünýäniň iň öňdebaryjy tejribelerini özüne siňdiren häzirki zaman jemgyýetiniň durmuşynda bilim ulgamy ilkinji orny eýeleýär. Bilim döwleti hemmetaraplaýyn ösdürmegiň esasy çeşmesidir. Dünýäniň ösen döwletleri ykdysadyýet bilen bir hatarda, bilimi ösdürmek üçin bu pudaga ummasyz derejede maýa goýumyny goýýarlar. XXI asyrda bilim, ylym, tehnologiýa, medeni we innowasion ösüşde esasy üns diňe adam we onuň gymmatlyklarynda jemlenendir, çünki bilim we medeniýet näçe ýokary derejede ösüşe eýe bolsa, şonça-da ýurtda adamlaryň aňyýetine tiz ýakynlaşylýar. Häzirki zaman biliminiň esasy wezipesi döwletde adamyň aňyýetini barha kämilleşdirmekden ybarat bolsa, global derejede diňe adamlaryň gymmatlyklarynyň goralmagyna we dünýäde islendik tebigy ýa-da beýleki wehimleriň öňüniň alynmagyna gönükdirilendir.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkara derejesinde bilimi kämilleşdirmekde birnäçe konwensiýalar, ylalaşyklar kabul edilýär. Bilimiň islendik ugry boýunça ýörite maksatnamalar, halkara standartlar hereket edýär. Halkara hukugynda bilim-terbiýeçilik işlerinde esasy maksat bilimiň hemmetaraplaýyn ugra gönükdirilmegi, ýurtlaryň milli bilim maksatnamalarynda esasy ynsanperwer bilimleri bolan medeniýet, taryh, sungat ýaly ugurlaryň öwredilmegi, bilimiň üznüksizligi, onuň bahalandyrylmagy, mugallymlaryň we hünärmenleriň ýokary derejede taýýarlygy häzirki zaman bilim ulgamynyň esasy ugurlarydyr.

Bilim ulgamy diňe döwlet möçberinde goldaw berlen ýagdaýynda uly ösüşe eýe bolýandyr. Hut şonuň üçin hem dürli döwletler, hususan-da, Türkmenistan öz milli bilim syýasatynda bilimi goldamak bilen, onuň ösüşini üpjün edýär.

Häzirki günde Türkmenistany özgertmegiň baş şerti hökmünde ähli ugurlar bilen bir hatarda, ylym-bilim ulgamyny ösdürmek hem döwletiň esasy wezipesidir. Şu nukdaýnazardan hem milli Liderimiziň we Arkadagly Serdarymyzyň döwlet gurmak, dolandyrmak we ösdürmek baradaky taglymatynda esasy orun innowasiýalara esaslanan ykdysadyýetlere berilýär, sebäbi aýratyn ýurduň halk hojalyk toplumynyň ýa-da dünýä ykdysadyýetiniň hil taýdan täze derejelere çykmagyna ylmyň täze ugurlarynyň, ýokary tehnologiýaly pudaklarynyň, nazary, amaly ylymlarynyň we innowasion tehnologiýalaryň ösmegi gönüden-göni täsir edýär.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hut şol sebäpli hem ýurdumyzda ähli ugurlar bilen bir hatarda bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegine aýratyn uly üns berilýär, çünki ýurtda ylym-bilimiň ösdürilmegi ilkinji nobatda döwleti ösüşlere tarap özgertmegiň baş wezipesi bolup dursa, ikinji tarapdan, ylym-bilimiň kämilleşdirilmeginiň geljekde döwleti gülletjek ýaş nesli — milli ruhda terbiýelenen döwrebap ýaşlary ýetişdirmekde zerur ähmiýetiniň bardygy bilen aňladylýar.

Ýurdumyzda sanly ulgamy işjeň ornaşdyrmakda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Samuhammet ORAZMUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Demir ýol ulaglary fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.