ÝAGYRNYSY ÝERE DEGMEDIK PÄLWANLAR
31-10-24

Guşakly göreş edil milli göreşimiz ýaly, halkymyzyň sebitlerinde uly gyzyklanma eýe bolupdyr. Bu ugurda köp sanly pälwanlarymyz kemala gelipdir. Munuň şeýledigine, halk arasyndaky aýtgylar hem doly şaýatlyk edýär. «Ýagyrnysy ýere degmedik pälwanlar» adyny alyp, toýlarymyzy bezäp, agyr mähelläniň baýramçylyk ruhuny belende galdyran türkmen pälwanlarynyň inçelik bilen göreşe erk edişleri dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan hem gyzyklanma bilen syn edilýär.
Biz muňa halkara ýaryşlaryna gatnaşan mahalymyz telim gezek şaýat bolduk. Guşakly göreşde ýagyrnysy ýere degse, arassa ýeňiş hasaplanýan bolsa, türkmen milli göreşde bolsa, garşydaşyň islendik synasyny zemine galtaşdyryp bilseň, ýeňiş hasap edilýär. Hut şoňa görä-de, «Ýagyrnysy ýere degmedik pälwanlar» diýlen aýtgy ýoň boldy. Ýene bir tapawuda ünsi çekmek isleýärin. Guşakly göreşde guşakdan iki el geçirilýär, milli göreşde bolsa ýeke el geçirilýär.
Milli çempionatlaryň ençeme gezek çempiony bolup, halkara ýaryşlarynda ýeňişlerini artdyrýan türkmen pälwanlary sportuň milli göreş hem-de guşakly göreş görnüşleri boýunça üstünlikler gazanýarlar. Ýaş türkmen pälwanlarynyň günsaýyn ukyp-başarnyklarynyň artyp, barha kämilleşip barýandygyna syn edýän mahalyň, ýurdumyzyň sport mümkinçilikleriniň geriminiň giňeýän döwründe olaryň hem mynasyp ornunyň bardygyna göz ýetirýärsiň. Türgenlerimiz geçirilýän ýaryşlarda oňyn netijeleri görkezip, diňe bir baýrakly medallar bilen däl, eýsem halkara sport guramalarynyň, bu ugurdan dünýä belli bilermenleriň, sport ussatlarynyň ýokary bahasyna hem mynasyp bolýar. Bu bolsa, türkmen sportunyň älem giňişliginde abraýynyň barha belende galyp, uly höwes bilen gatnaşýandygyny görkezýär. Şunlukda, çagalygyndan höwes edip, ykbalyny baglan milli göreşiň, şol sanda guşakly göreşiň ussatlary, bagtyýar türgenlerimiz guşakly göreş görnüşleri boýunça ýokary ussatlygyny dünýä aýan edýär.
Taryha ser salsak, 2014-nji ýylyň noýabr aýynda ýurdumyzda Guşakly göreş we türkmen milli göreşi boýunça Dünýä çempionaty ilkinji gezek geçirildi. Dünýäniň 23 döwletinden 200-e golaý pälwanlar guşakly göreşiň 4 görnüşi boýunça medallaryň 27 toplumy ugrunda bäsleşdiler. Ýaryşlaryň netijeleri boýunça, türkmen pälwanlary altyn, kümüş, bürünç medallaryň aglabasyna eýe boldular. Ilkinji günde 16 medal (5 altyn, 6 kümüş, 5 bürünç), ikinji gününde 13 medal (3 altyn, 1 kümüş, 9 bürünç) gazandylar. Ýaryşyň üçünji güni bolsa, has-da gyzgalaňly boldy. Milli göreş boýunça pälwanlarymyz ussatlyklaryny görkezip, medallaryň ençemesine mynasyp bolmagy başardylar. Şunlukda, Türkmenistanyň umumy ýygyndy topary birinji orna mynasyp boldy. Netije-de, Guşakly göreş we türkmen milli göreşi boýunça Dünýä çempionatynda türkmen pälwanlary jemi 45 sany dürli medallara mynasyp boldular. Olaryň 16-sy altyn, 14-si kümüş we 15-si bürünç medallardyr.
Ýurdumyz sportuň mekany. Sport döwleti hökmünde dünýäde ykrar edilýär. Geçirilýän milli we halkara ýaryşlary ýatdan çykmajak taryha senä öwrülýär. Uzak ýyllardan soň nesillerimiz möhüm taryhy waka hökmünde uly ruhubelentlik bilen ýatlarlar. Her bir gününiň taryhyny altyn harplar bilen bezäp barýan milli sportumyz bu gün ösüşler sary öňe barýar.
Selim Nurberdiýew,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ýol gurluşygy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

MEŞHURLYGY BOÝUNÇA DÜNÝÄDE 2-NJI ORNUNDAKY SPORTUŇ GÖRNÜŞI
Häzirki döwürde sport – adamzadyň durmuşynda ähmiýetli orny eýeleýär. Ol käbirlerimiz üçin tomaşa, wagtyňy şatlykly geçirmek üçin güýmenje ýa-da saglygyňy berkitmek üçin serişde bolup durýar. Dünýäde sporty hünärine öwren türgenleriň ýa-da onuň bilen meşgullanýan höwesjeňleriň, şeýle-de oňa janköýerlik edýänleriň sany sanardan köpdir. Ine sportuň dürli görnüşleriniň meşhurlygynyň özeni şundadyr.

ÝAGYRNYSY ÝERE DEGMEDIK PÄLWANLAR
Guşakly göreş edil milli göreşimiz ýaly, halkymyzyň sebitlerinde uly gyzyklanma eýe bolupdyr. Bu ugurda köp sanly pälwanlarymyz kemala gelipdir. Munuň şeýledigine, halk arasyndaky aýtgylar hem doly şaýatlyk edýär. «Ýagyrnysy ýere degmedik pälwanlar» adyny alyp, toýlarymyzy bezäp, agyr mähelläniň baýramçylyk ruhuny belende galdyran türkmen pälwanlarynyň inçelik bilen göreşe erk edişleri dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan hem gyzyklanma bilen syn edilýär.

2024-NJI ÝYLYŇ IŇ GOWY FUTBOLÇYSY
Ispaniýanyň ýygyndysynyň we Angliýanyň «Mançester Siti» klubynyň ýarym goragçysy Rodri «France Football» žurnalynyň möwsümiň iň gowy futbolçysyna gowşurýan abraýly «Altyn top» baýragyna mynasyp boldy. Dabaraly gowşurylyş dabarasy duşenbe güni Parižiň Şatle teatrynda geçirildi. Baýragy Rodrä «Altyn top» baýragynyň taryhynda oňa Afrikadan ýeke-täk eýe bolan we Liberiýanyň ozalky prezidenti Jorj Wea gowşurdy.
Samboçylardan hoş habar
Ussat türkmen türgenleri 52 döwletiň wekilleriniň gatnaşmagynda 11 — 13-nji noýabr aralygynda geçirilen dünýä çempionatyndan üstünlik bilen dolandylar.
Türkmenistan «ISU»-nyň doly hukukly agzasy boldy
«International Skating Union» ýa-da başgaça aýdanymyzda ISU sport äleminde abraýly guramalaryň biridir. Ýakynda, eziz Diýarymyz Türkmenistan hem ISU-nyň doly hukukly agzalygyna kabul edildi.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.