MEŞHURLYGY BOÝUNÇA DÜNÝÄDE 2-NJI ORNUNDAKY SPORTUŇ GÖRNÜŞI
10-11-24

Häzirki döwürde sport – adamzadyň durmuşynda ähmiýetli orny eýeleýär. Ol käbirlerimiz üçin tomaşa, wagtyňy şatlykly geçirmek üçin güýmenje ýa-da saglygyňy berkitmek üçin serişde bolup durýar. Dünýäde sporty hünärine öwren türgenleriň ýa-da onuň bilen meşgullanýan höwesjeňleriň, şeýle-de oňa janköýerlik edýänleriň sany sanardan köpdir. Ine sportuň dürli görnüşleriniň meşhurlygynyň özeni şundadyr.
Şu nukdaýnazardan, futbol oýnunyň dünýäde sportuň iň meşhur görnüşidigi hiç kimde şübhe döredenok. Sebäbi onuň dünýä boýunça 4 milliardan geçýän janköýeri bar, şeýle-de onuň bilen proffesional ýagdaýda meşgullanýanlaryň sany hem az däldir.
Indi bolsa özümize şeýle bir soragy bereliň. Eýsem dünýäde meşhurlygy boýunça ikinji orunda durýan sportuň görnüşi haýsyka? Elbetde, bu babatda herkimiň öz pikir bar. Kimseler boks diýýän bolsa, kimseler ikinji orunda basketboly goýýar, käbirleri bolsa döwür bilen aýakdaş gidip kibersporty öňe çykarýar. Iň geň galdyryjy ahwalat hem şundadyr. Dünýä ýüzünde birinji orunda durýan sportuň görnüşiniň haýsydygy 100 göterim bilinýän bolsa, ikinji orny eýeleýän görnüşiň adynyny aýtmakda biraz mesele döreýär.
Mysal üçin Formula-1 ýaryşy, edil uly tennis ýaly dünýä boýunça gaty meşhurlyga eýedir. Bu ýaryşlar gaty abraýly ýaryş hökmünde kabul edilýär we bilermenlerde we janköýerlerde uly gyzyklanma döredýär. Bu ýaryşlaryň ýeňijileri sportuň bu görnüşlerine janköýerlik etmeýänleriň aglaba bölegi üçin hem tanyşdyr. Emma şol bir wagtyň özünde-de bu aýdylanlar olaryň haýsam bolsa biriniň ikinji basgançakda boljakdygyna kepil geçip bilmeýär.
Çünki sportuň kesgitli bir görnüşiniň meşhurlygy birnäçe faktorlara bagly bolýar. Bularyň içinden iň esasylarynyň biri hökmünde ýurtlaryň geografiki ýerleşiş ýagdaýyny görkezmek bolar. Mysal üçin Aziýa, Afrika ýa-da Latyn Amerika ýurtlarynda futbolyň meşhurlygy hokkeýe bolan söýgüden has ýokary boljakdygy öz-özünden düşnükli ýagdaýdyr. ABŞ ýa-da Kanadada bolsa bu ýagdaý tersinedir.
Indi bolsa esasy soragymyza gaýdyp geleliň. Dünýäde meşhurlygy boýunça ikinji orunda durýan sportuň görnüşi haýsydyr? Bu soraga dünýäniň sport žurnalistleri, internet portallary we gazetleri, şeýle-de meşhur sport türgenleri jogap bermäge synanşypdyr. Bu babatda dürli görnüşli pikirleriň bolmagyna garamazdan sportuň iň meşhur görnüşleriniň sanawy düzülende ikinji orna köplenç şol bir garaşylmaýan dalaşgär düşüpdir. Sanaw düzülende sport ýaryşyna janköýerlik edýän adam sanyna seredilipdir. Soňky netijede dünýä boýunça iň meşhur sportuň ikinji görnüşi – kriket diýlip hasaba alnypdyr.
Akat Jummanow,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ýol gurluşygy fakultetiniň 5-nji ýyl talyby.

MEŞHURLYGY BOÝUNÇA DÜNÝÄDE 2-NJI ORNUNDAKY SPORTUŇ GÖRNÜŞI
Häzirki döwürde sport – adamzadyň durmuşynda ähmiýetli orny eýeleýär. Ol käbirlerimiz üçin tomaşa, wagtyňy şatlykly geçirmek üçin güýmenje ýa-da saglygyňy berkitmek üçin serişde bolup durýar. Dünýäde sporty hünärine öwren türgenleriň ýa-da onuň bilen meşgullanýan höwesjeňleriň, şeýle-de oňa janköýerlik edýänleriň sany sanardan köpdir. Ine sportuň dürli görnüşleriniň meşhurlygynyň özeni şundadyr.

ÝAGYRNYSY ÝERE DEGMEDIK PÄLWANLAR
Guşakly göreş edil milli göreşimiz ýaly, halkymyzyň sebitlerinde uly gyzyklanma eýe bolupdyr. Bu ugurda köp sanly pälwanlarymyz kemala gelipdir. Munuň şeýledigine, halk arasyndaky aýtgylar hem doly şaýatlyk edýär. «Ýagyrnysy ýere degmedik pälwanlar» adyny alyp, toýlarymyzy bezäp, agyr mähelläniň baýramçylyk ruhuny belende galdyran türkmen pälwanlarynyň inçelik bilen göreşe erk edişleri dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan hem gyzyklanma bilen syn edilýär.

2024-NJI ÝYLYŇ IŇ GOWY FUTBOLÇYSY
Ispaniýanyň ýygyndysynyň we Angliýanyň «Mançester Siti» klubynyň ýarym goragçysy Rodri «France Football» žurnalynyň möwsümiň iň gowy futbolçysyna gowşurýan abraýly «Altyn top» baýragyna mynasyp boldy. Dabaraly gowşurylyş dabarasy duşenbe güni Parižiň Şatle teatrynda geçirildi. Baýragy Rodrä «Altyn top» baýragynyň taryhynda oňa Afrikadan ýeke-täk eýe bolan we Liberiýanyň ozalky prezidenti Jorj Wea gowşurdy.
Samboçylardan hoş habar
Ussat türkmen türgenleri 52 döwletiň wekilleriniň gatnaşmagynda 11 — 13-nji noýabr aralygynda geçirilen dünýä çempionatyndan üstünlik bilen dolandylar.
Türkmenistan «ISU»-nyň doly hukukly agzasy boldy
«International Skating Union» ýa-da başgaça aýdanymyzda ISU sport äleminde abraýly guramalaryň biridir. Ýakynda, eziz Diýarymyz Türkmenistan hem ISU-nyň doly hukukly agzalygyna kabul edildi.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.