Rubrikalar
Rubrikalar
Şeker çiňrigini ösdürýän ýurtlar
Şeker çiňrigi (saharnyý trostnik) şeker öndürmek üçin gant şugundyry bilen bilelikde ulanylýan çig mal görnüşidir. Ol ýabany ösümlik görnüşinden medenileşdirilen däneli ekinlere degişlidir. Onuň medenileşdirilen görnüşi ilkinji döwürlerde Hytaýda, Arap ýurtlarynda, Amerikada,Täze Gwineýada we beýleki birnäçe ýurtlarda ýüze çykan diýlip hasap edilýär. Soňy bilen şeker çiňrigini medenileşdirmek we ondan önüm almaga synanyşmak Braziliýa, Hindistan ýaly ýurtlara, Pars aýlagy ýurtlaryna ýaýrapdyr.
Gulpuň oýlanyp tapylyşynyň taryhyndan
Eýeçiligiň ýüze çykmagy bilen, jemgyýetiniň ösüşinde adalary we emlägi gorap saklamagyň dürli usullary oýlanylyp tapylypdyr. Şolaryň biri hem gapylary içinden we daşyndan gulp saklamak bolupdyr.
Iň köp awtomobil öndürýän ýurtlar
Awtoulaglaryň adamzat durmuşynda ilkinji gezek peýda bolup, haýran galdyranyna o diýen uzak döwür geçenok. Ýöne geçen ýüz ýyldan gowrak wagtyň dowamynda onuň dürli maksatlar üçin döredilen görnüşleriniň sany hem, dünýä ýurtlarynda öndürilişiniň mukdary hem millionlardan geçip gitdi. Şeýle köp mukdarda öndürilýändigine garamazdan, olara bolan isleg asla gowşamaýar.
Iň duýgur jandar
Häzirki zaman seýsmologiýa ylmy, şol sanda seýsmologiýa gullugy ösüşiň ýokary basgançaklaryna çykdy. Ýöne bu ýagdaý tebigatyň wekilleri bolan janly-jandarlaryň ýer titremesini öňünden duýmak babatda jogapkärçiligini asla peseltmedi. Häli-häzirki döwürde geçirilýän gözegçilikler olaryň birnäçe görnüşiniň ýer titremesini öňünden duýup, howply ýerden arasyny açýandygyny görkezýär.
Ak gijeli şäherler
Umumy öýümiz bolan Ýer togalagynyň dürli guşaklary köpdürli täsinliklere baýdyr. Muňa dünýäniň dürli ýurtlarynda ýylyň belli döwürlerinde bolýan süýt ýaly ak gijeler hem aýdyň mysaldyr.
Kapasada saýraýan guşlar
Guşçulygy et, süýt önümçilligi üçin eldekileşdirmek bilen birlikde olaryň saýrak dillerine guwanmak we gözellik üçin otagda ýörite kapasada saklamak üçin eldekileşdirmek hem ir döwürlerden başlanypdyr. Gadymyýetde bu guşlar şalaryň, gurgun ýaşaýan adamlaryň öýleriniň bezegi we soňlanmajak aýdymy bolupdyr.
IŇ ULY EMELI TOKAÝLAR
Emeli tokaý näme? Ol tebigy tokaýlardan tapawutlylykda, adamlaryň öz elleri bilen ekip, ýetişdirip idedýän uly ýa-da gyrymsy agaçlar toparydyr. Ol dürli maksatlar, howanyň düzümini arassalamak, gözellik döretmek, çölüň süýşmegini saklamak ýaly sebäpler bilen döredilýär.
Iň ýumşak agaçlar
Iri gurluşykda, meselem jaýgurluşyk işlerinde, dürli mebeller ýasalanda, elbetde, iň gaty agaçlary ulanmak ýörgünlidir. Ýöne dürli sowgatlyklary, gap-gaçlary ýasamaly bolanynda welin, ýumşak agaçlar ilkinji orundadyr.
Haýwanlaryň ukyplary
Haýwanlaryň birnäçe görnüşlerinde adamda bolmadyk aýratyn duýgurlyk ukyplary jemlenendir. Meselem, itlerde güýçli ys alyş, pişiklerde tüm gijäniň tününde hem daş-töweregi gündizlikdäki ýaly görmek ukyplary bardyr. Käbir haýwanlar adamyň asla duýup bilmejek ýagdaýlary bolan Ýeriň magnit meýdanynyň ultramelewşe şöhlelerini hem duýup bilýändikleri täsindir.
Kim näçe bugdaý ekýär?
Bugdaýdan taýýarlanan çörek we çörek önümleri ynsan üçin ilkinji zerurlyk hasap edilýär. Maglumatlar bilen gyzyklanyp göreniňde, häzirki döwürde dünýä ýurtlarynyň 100-sinde bugdaýyň ekilýändigini görmek bolýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.