Rubrikalar
Rubrikalar
3 ýyl ozal
Dökünleriň oýlanyp tapylyşy

Adamlar ýeri ekip, ondan bol hasyl almak üçin mineral dökünleri XIX asyryň birinji ýarymynda oýlap tapypdyrlar. Şondan öň ýerler hemişe tebigy (organiki) dökünler bilen baýlaşdyrylypdyr. Ýerleriň hasylly bolmagy üçin diňe suw bol gerekdir diýen pikire uýupdyrlar.

3 ýyl ozal
KÜKÜRDIŇ ÖNDÜRILIŞI WE EKSPORTY

Kükürt diýleninde, ozaly bilen, ojaklarda ot ýakmak üçin ulanylýan otluçöp göz öňüne gelýändir. Ýöne kükürdiň halk hojalygynda ulanylýan ýerleri, asla, munuň bilen çäklenýän däldir.

3 ýyl ozal
Kenarsyz deňiz

Adatça, kenarsyz deňizler ynsan duýgulary dünýäsinde ýa-da duýguçyllyga ýugrulan çeper eserlerde bolýarmyka diýip pikir etmegimiz mümkin. Ýöne gyzyklanyp otursaň, şeýle deňiz hakykatda Ýer ýüzünde hem bardygyna göz ýetirmek bolýar.

3 ýyl ozal
Şeker çiňrigini ösdürýän ýurtlar

  Şeker çiňrigi (saharnyý trostnik) şeker öndürmek üçin gant şugundyry bilen bilelikde ulanylýan çig mal görnüşidir. Ol ýabany ösümlik görnüşinden medenileşdirilen däneli ekinlere degişlidir. Onuň medenileşdirilen görnüşi ilkinji döwürlerde Hytaýda, Arap ýurtlarynda, Amerikada,Täze Gwineýada we beýleki birnäçe ýurtlarda ýüze çykan diýlip hasap edilýär. Soňy bilen şeker çiňrigini medenileşdirmek we ondan önüm almaga synanyşmak Braziliýa, Hindistan ýaly ýurtlara, Pars aýlagy ýurtlaryna ýaýrapdyr.

3 ýyl ozal
Gulpuň oýlanyp tapylyşynyň taryhyndan

Eýeçiligiň ýüze çykmagy bilen, jemgyýetiniň ösüşinde adalary we emlägi gorap saklamagyň dürli usullary oýlanylyp tapylypdyr. Şolaryň biri hem gapylary içinden we daşyndan gulp saklamak bolupdyr.

3 ýyl ozal
Iň köp awtomobil öndürýän ýurtlar

Awtoulaglaryň adamzat durmuşynda ilkinji gezek peýda bolup, haýran galdyranyna o diýen uzak döwür geçenok. Ýöne geçen ýüz ýyldan gowrak wagtyň dowamynda onuň dürli maksatlar üçin döredilen görnüşleriniň sany hem, dünýä ýurtlarynda öndürilişiniň mukdary hem millionlardan geçip gitdi. Şeýle köp mukdarda öndürilýändigine garamazdan, olara bolan isleg asla gowşamaýar.

3 ýyl ozal
Iň duýgur jandar

     Häzirki zaman seýsmologiýa ylmy, şol sanda seýsmologiýa gullugy ösüşiň ýokary basgançaklaryna çykdy. Ýöne bu ýagdaý tebigatyň wekilleri bolan janly-jandarlaryň ýer titremesini öňünden duýmak babatda jogapkärçiligini asla peseltmedi. Häli-häzirki döwürde geçirilýän gözegçilikler olaryň birnäçe görnüşiniň ýer titremesini öňünden duýup, howply ýerden arasyny açýandygyny görkezýär.

3 ýyl ozal
Ak gijeli şäherler

Umumy öýümiz bolan Ýer togalagynyň dürli guşaklary köpdürli täsinliklere baýdyr. Muňa dünýäniň dürli ýurtlarynda ýylyň belli döwürlerinde bolýan süýt ýaly ak gijeler hem aýdyň mysaldyr.

3 ýyl ozal
Kapasada saýraýan guşlar

  Guşçulygy et, süýt önümçilligi üçin eldekileşdirmek bilen birlikde olaryň saýrak dillerine guwanmak we gözellik üçin otagda ýörite kapasada saklamak üçin eldekileşdirmek hem ir döwürlerden başlanypdyr. Gadymyýetde bu guşlar şalaryň, gurgun ýaşaýan adamlaryň öýleriniň bezegi we soňlanmajak aýdymy bolupdyr.

3 ýyl ozal
Iň ýumşak agaçlar

  Iri gurluşykda, meselem jaýgurluşyk işlerinde, dürli mebeller ýasalanda, elbetde, iň gaty agaçlary ulanmak ýörgünlidir. Ýöne dürli sowgatlyklary, gap-gaçlary ýasamaly bolanynda welin, ýumşak agaçlar ilkinji orundadyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.