Rubrikalar
Rubrikalar

Bilim — ýurduň aýdyň geljegi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň ähli ulgamlarynda we pudaklarynda asyrlara barabar ýol geçilip, belent sepgitlere ýetilýär we dünýäni haýrana goýýan ösüşler gazanylýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Ylym we bilim biziň üstünliklerimiziň hem-de öňe gitmegimiziň binýatlyk esasy bolup durýar» diýip bellemek bilen, güneşli Diýarymyzyň ylym-bilim edaralarynyň işiniň düýpli kämilleşdirilmegine aýratyn üns berýär.

Magtymguly Pyragy — adamzat kalbynyň şahyry
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beýik türkmen akyldary, döwrüň paýhas çyragy Magtymguly Pyragynyň ömrüni we döredijiligini dünýä wagyz etmek, halkara jemgyýetçiliginde umumadamzat şahyrynyň abraý-mertebesini has belende götermek ugrundaky işler barha giň gerim alýar.

Bilimli ýaşlar — ýurduň daýanjy we buýsanjy
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beden we ruhy taýdan sagdyn, watansöýüji, zehinli ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmekde halkymyzyň gadymdan gelýän asylly ýol-ýörelgeleri dowam etdirilip, olar mazmun taýdan has-da baýlaşdy.

GYSGAÇA GEODEZIÝA YLMY BARADA
Geodeziýa - Ýeriň formasyny we ölçeglerini öwrenmekde, onuň üstündäki nokatlaryň biri-birine baglylykda ornuny kesgitlemekde, ýer üstüniň kartasyny, planyny we profilini düzmekde, şeýle hem inženerçilik işlerinde binalary proýektirlemekde ýerine ýetirilýän ölçegleri geçirmegiň nazaryýeti we amallary hakyndaky ylymdyr.

ÇAÝYŇ PEÝDASY
Çaý — dünýäde iň halanyp içilýän içgileriň arasynda çaý, megerem iň söýüp içilýän içgidir. Çaýyň rahatlandyryjy we bedeniňi gurplandyryjy täsiri bar. Onuň adam bedeni üçin berýän peýdasy barada–da köp zatlar anyklanyldy. Meselem,ýapon lukmanlary günde 9-10 çemesi käse çaý içmelidigini aýdýarlar. Olaryň geçiren barlaglaryna, günde 10 käse çaý içýän adamlar 3 käse çaý içýänlerden 5-7 ýyl uzak ýaşaýar.

ÝYLAN ÝYLYNDA DOGULAN ADAMLAR NÄHILI HÄSIÝETLERI BILEN TAPAWUTLANÝARLAR?
Gündogarda ýylan akyllylygyň nyşany hasaplanýar. Ýylan ýylynda dogulanlar ýiti akyllylygy we pähimliligi bilen tapawutlanýar. Olar köp geplemeýär, tersine pähim-paýhas bilen iş görýärler. Eger-de şu ýylda dogulan adamlar ýokary bilime eýe bolsalar, onda olaryň paýhasy daş ýaryp, köp zady öňden görüp biler.

TÄSIN GYŞ
Gyş pasly täsin pasyl bolup onuň başlanyşy 3 hili düşündirilýär. Kalendarda gyş pasly 1-nji dekabrda başlanýar. Meteorologlaryň hasaby bilen howa sowanda gyş pasly başlanýar. Astronomiýada bolsa 21-22-nji dekabrda başlanýar. Howanyň iň sowuk hasaba alynmagy taryhda – 91.2 gradusa deň boldy. Ol Antraktida materiginde Sputnikden hasaba alnandyr.

MEŞHURLYGY BOÝUNÇA DÜNÝÄDE 2-NJI ORNUNDAKY SPORTUŇ GÖRNÜŞI
Häzirki döwürde sport – adamzadyň durmuşynda ähmiýetli orny eýeleýär. Ol käbirlerimiz üçin tomaşa, wagtyňy şatlykly geçirmek üçin güýmenje ýa-da saglygyňy berkitmek üçin serişde bolup durýar. Dünýäde sporty hünärine öwren türgenleriň ýa-da onuň bilen meşgullanýan höwesjeňleriň, şeýle-de oňa janköýerlik edýänleriň sany sanardan köpdir. Ine sportuň dürli görnüşleriniň meşhurlygynyň özeni şundadyr.

DÜNÝÄDE MEŞHURLYK GAZANAN KETENI
Halkymyzyň asyrlar boýy sünnäläp sungat derejesine ýetiren gymmatlyklarynyň biri hem türkmen milli lybaslarydyr. Lybaslar dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyny düzýän mirasymyzyň naýbaşy nusgalarynyň hatarynda durýar. Olar halkymyzyň çeper döredijiliginiň iň nepis gözelliklerini özünde jemleýär.

GADYMY SÖWDA ÝOLLARY
Arheologlar gündogar Özbegistanyň daglarynda iki sany orta asyr şäheriniň harabalyklarynyň üstünden bardylar. Bu barada BBC habar berdi diýip, «Belta.by» ýazýar.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.