Rubrikalar
Rubrikalar
Adam gözüniň duýujylygy
Adamyň gözüniň şeýle bir duýujylygy ýokary welin, eger ýer göni bolan bolsa, ol gije 30 kilometr daşlykda ýanyp duran şemi görüp bilerdi.
El telefonynda gürleşmegiň käbir düzgünleri
Köpçülikde el telefonda gepleşilende adamlary oňaýsyz ýagdaýa goýmazlygyň, birahat etmezligiň hem düzgünleriniň bardygyndan habarlysyňyz. Degişli hünärmenler bu ugurda birnäçe maslahatlary hödürleýärler.
Bulary bilmek gyzyklydyr
Belarusyň paýtagty Minskiniň “All” sergiler toplumynda ýerli heýkeltaraş Ýelena Kliment tarapyndan beýikligi 20 metre ýetýän şokoladdan ýasalan otag döredilipdir. Dürli gurluşlaryň 50-sini öz içinde jemleýän otagda, şokoladdan öndürilen haly, stol, sagatdan başlap, adaty durmuşda ulanylýan enjamlaryň ählisi diýen ýaly ýerleşdirilipdir.
Aşa semizligiň döremeginiň sebäpleri
Aşa semizligiň döremeginiň sebäpleri köp — nesil yzarlamak, sosial, psihologiki meseleler, nerw dartgynlygy, fiziki işjeňligiň pesligi bilen bagly nädogry durmuş ýagdaýy... Bedeniň kadaly agramyny saklamak üçin hünärmenler aşakdaky görkezmeleri ýerine ýetirmegi maslahat berýärler.
Täsin tebigatly ada
Atlantik ummanynyň günortasynda dünýäniň iň çetki adalarynyň biri bolan Buwe adasy ýerleşýär. Bu ada ilkiler jahankeşdelerdir syýahatçylar tarapyndan uly aýsberg hasaplanylypdyr.
Adam ýüregi baradaky gyzykly maglumatlar
Adamyň ýüregi bir sagatda ortaça 4200, bir gije- gündizde 100800, bir ýylda 36 mln 792 müň, 64 ýyla barabar ortaça ömrüniň dowamynda 2,4 mlrd gezek urýar.
Gadymy Hytaý pähimleri
Danalardan dürdäneler
HAÝSYSY PEÝDALY - MIWELERMI ÝA-DA ŞIRELER?
Lukmanlar şeýle-de Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň berýän maslahatlaryna görä adam bir günüň dowamynda azyndan 80-100 gr miweleriň we gök önümleriň dürli görnüşlerinden iýmelidir. Miweleri we gök önümleri terligine iýmeklik saglyk üçin peýdalydyr. Şeýle bolsada alymlaryň köpüsi şireleri içmekligi saglyk üçin has peýdaly hasaplaýarlar.
HAÝSY HALKLAR HALY DOKAÝAR
Haly dokamak hünäriniň ilkinji bolup haýsy zamanlarda ýüze çykandygy barada ylmy gözlegler hemişelik dowam etdirilip gelinýär. Häzirki döwre çenli biziň eýýamyzymdan öňki V asyrlara degişli bolan Razyryk halysy iň gadymda dokalan haly hökmünde Rissiýa Federasiýasyndaky Ermitažda saklanýar. Onuň agzalan eýýamlarda Altaý sebitlerinde ýaşan türkmenleriň gaýtalanmajak sungat eseridigi dünýä ylmy jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilýär.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.