Rubrikalar
Rubrikalar
BANÝAN AGAJY
Banýan — bu fikus agaçlarynyň ösüşiniň netijesinde kemala gelýän agaç bolup, olar köküni goldamak üçin goşmaça şahalary döredýär. Fikus agaçlarynyň köklerine görä, goldaw beriji şahalaryň (“howa kökleri”) sany 10-dan 100-e çenli ýetip bilýär
Iň kiçi miwe
Dünýäde iň iri miwe haýsy diýilse, onuň garpyzdygyny emgenmän aýdyp bilýärler. Çünki Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan bir maşgalanyň agramy 120 kilograma barabar bolan garpyzy ösdürip ýetişdirendigi barada maglumat bardyr. Ýöne iň kiçi miwe haýsyka?
KOLUMBIÝA AKWILEGIÝASY
Dünýäniň iň täsin ösümlikleriniň biri hem kolumbina akwilegiýasy bolmak bilen, tebigatyň iň ajaýyp wekilleriniň biri hasaplanylýar. Çünki bu güller dürli reňklere beslenip, ýakymly ysy we seýrekligi bilen meşhurlyk gazanypdyr.
Žiraflaryň garyndaşy
Okapiler žiraflaryň ýakyn garyndaşlary hasaplanylýar. Olaryň kellelerindäki deri bilen örtülen şahjagazlary we kellesiniň gurluşy žiraflary ýatladýar. Okapileriň boýunlary beýleki toýnaklylara görä uzyn bolup, kellesiniň käbir ýerleri akdyr.
Aýnadan gurlan desga
Ginnesiň rekordlar kitabynda adam eli bilen döredilýän binalara aýratyn orun degişli bolup durýar. Olaryň arasynda HHR-de gurlan binalardyr dürli şekilli desgalar has-da tapawutlanýar.
Žakaranda agaçlary
Latyn Amerikasynda dürli görnüşli ösümlikler, bir-birlerinden tapawutlanýan jandarlar gabat gelýärler. Tebigatyň şeýle gözellikleriniň biri hem hemişe ýaşyl öwüsýän žakaranda baglarydyr. Häzir bu baglaryň 50-den gowrak görnüşi mälimdir.
Aždar agajy
Hindi rowaýatlaryna görä gadym döwürlerde Arap deňziniň Sokotra adasynda pillere topulyp, olara gün bermeýän, ganhor aždar bolupdyr. Bir gün garry we äpet pil, aždardan ýeňilýär we şol bada äpet göwrümi bilen aždaryň üstüne ýykylýar. Iki haýwan şol ýerde jan beripdir, olaryň gany akan şol meýdanda bolsa agaçlar ösüp çykypdyr. Bu agaja “dratsena” diýip at berýäler.Ol türkmençä terjime edilende ”aždaryň urkaçysy“ diýen manyny aňladýar.
IŇ KIÇI PIŞIK
Pişikler — dünýäniň iň naşyja, giňden ýaýran jandarlarynyň biri bolmak bilen, olar gözelliginiň, mähirli hereketleriniň esasynda adamlaryň göwünlerini awlap, tiz dostlaşmagy başarýarlar. Häzirki wagtda pişikleriň birnäçe görnüşleri belli bolup, olar göwrümleri, adaty bolmadyk sesleri ýa-da tüýleriniň reňki, tebigy ýaşaýan ýerleri boýunça toparlara bölünýärler.
IŇ ÝYNDAM WELOSIPED
Ählimiziň çagalygymyzyň bir bölegi bolan welosipedler ajaýyp ýatlamalarymyzyň arasynda wajyp orun eýeleýän bolsa gerek?! Şeýle welosipedleriň önümçiligi bilen meşgullanýan Ukrainanyň “Delfast” şereketine ajaýyp netije gazanmak başartdy.
IŇ DOWAMLY BÖKÜŞ
Ginnesiň rekordlar kitabynda sport bilen meşgullanýan adamlaryň netijeleri yzygiderli duş gelýär. Olara bagyşlanan bölümlerde kitabyň gahrymanlarynyň ýeten sepgitleri, görkezijileri uly orun eýeleýär. Şeýle hem sportyň özüneçekiji görnüşi hökmünde paraşýutly bökmek aýratyn tapawutlanýar.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.