Rubrikalar
Rubrikalar
2 ýyl ozal
Türkmenistan «ISU»-nyň doly hukukly agzasy boldy

«International Skating Union» ýa-da başgaça aýdanymyzda ISU sport äleminde abraýly guramalaryň biridir. Ýakynda, eziz Diýarymyz Türkmenistan hem  ISU-nyň doly hukukly agzalygyna kabul edildi.

3 ýyl ozal
Beloklaryň adam bedenine peýdasy

Beloklaryň ýaşaýşyň özenini düzýän gurujy serişde bolup durýar. Beloklar beden öýjüklerini, dokumalary, beden agzalary gurmaga we alyş-çalyş ýagdaýlary amala aşyrýan fermentleriň,  köp gormonlaryň işläp çykmagyna, gemoglobiniň emele gelmegine gatnaşýan wajyp biologiki serişdelerdir.                                      

3 ýyl ozal
Gök önümleriň saglyga peýdasy

Topragymyzda ösýän ösümlikleriň aglabasy dermanlyk häsiýetli bolup, dürli keselleri bejermekde we saglygy berkitmekde halk lukmançylygynda ir döwürlerden bäri ulanylýar. Şulary göz öňünde tutup, iýýän iýmitiňizi ter miweler we gök-bakja önümleri bilen baýlaşdyryň. Gök önümler saglyga kuwwat beriji witaminlere we minerallara baýdyr. Gök önümler saglygymyzyň däri-dermansyz dikelmegine ýardam berýär. 

2 ýyl ozal
Saglyk – ruhy baýlyk

Milli saglygy goraýyş ulgamyny standartizasiýalaşdyrmak üçin lukmançylyk hyzmatlarynyň hiline, bejeriş-öňüni alyş merkezleriniň bejeriş-anyklaýyş mümkinçiligine baha bermek maksady bilen, kadalaşdyryjy resminamalar, şeýle-de hassahanalaryň derejelerine lukmançylyk hyzmatlarynyň ýeke-täk klassifikatory işlenilip düzüldi we tassyklandy. Lukmançylygyň dürli ugurlary boýunça keselleri anyklamagyň we bejermegiň häzirki zaman kliniki beýanlary işlenilip taýýarlanyldy.

2 ýyl ozal
Dişlerimizi goralyň!

Adamyň gelşigi, görki, owadanlygy we daşky sypatyny bezeýän bir bölegi, onuň sagdyn dişleri hasaplanýar. Dişleriň saglygyny bejermek  ilkinji nobatda zeruru bolup durýar.

2 ýyl ozal
Üzümiň dermanlyk häsiýeti

Üzüm adam saglygy üçin möhüm bolan miweleriň biridir. Üzümiň dermanlyk häsiýeti gadymy döwürlerden bäri mälimdir. Ol däneli we dänesiz, gara, sary reňkde bolýar.

2 ýyl ozal
Çigildem hakynda gyzykly maglumatlar

Çigildem – düýbi sogan görnüşli, owadan gyzyl gülli meýdan oty. Çigildemler ideg etmegi talap etmeýär we daglyk, sähraly we çöllük ýerlerde ösüp bilýär. Çigildemleriň watany orta Aziýa hasaplansa, hem olar Niderlandlarda has meşhurlyk gazanypdyrlar. Häzirki wagtda dünýäniň ähli künjünde çigildemleriň dürli reňkli görnüşleri ösdürilip ýetişdirilýär. 

2 ýyl ozal
Kokos barada gyzykly maglumatlar

Ýuwaş ummanyň kenaryndaky Tonga patyşalygynda, kokosyň gaçmagy sebäpli ilatyñ köpüsi ýeňil aradan çykýar. “Kokos” sözi portugal dilinden alnan we terjime edilende “maýmyn” manysyny berýär.

2 ýyl ozal
Sag­lyk üçin peý­da­ly mi­we

Bat­hyz go­rag­ha­na­sy­nyň aý­ra­tyn haý­ran gal­dy­ry­jy gö­zel­lik­le­ri­niň bi­ri hem pis­se to­kaý­ly­gy­dyr. Pis­se­le­riň eme­li däl-de te­bi­gy taý­dan bit­me­gi türk­men te­bi­ga­ty­nyň bir gud­ra­ty­dyr. Pis­se hoz­lar maş­ga­la­sy­na de­giş­li bo­lup, äh­li top­rak­lar­da ös­mä­ge ukyp­ly­dyr. Te­bi­gy pis­se­lik­ler Mer­ke­zi Azi­ýa­da, Za­kaw­ka­zi­ýa­da, Krym­da duş­ýar.

2 ýyl ozal
Saglyk üçin peýdaly gök önümler

Bedeniň az energiýa talap edýändigi sebäpli, kabul edilýän iýmit hem az kaloriýaly bolmaly. Diýmek, tomusda ýagly etden, souslardan (has dogrusy, dogry iýmitlenmek muny ýylyň beýleki döwürlerinde etmegi maslahat berýär), tortlardan, kreplerden ýüz öwürmeli. Süýt önümleriniň az mukdarda ýag saklaýanlaryny saýlamaly.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.