Rubrikalar
Rubrikalar

GÜNORTA AZIÝANYŇ TÄSIN ÝURDY
Hytaý owadan we gadymy medeni ýurtlaryň biridir. Hytaýly alymlaryň pikiriçe, Hytaýda 3600 ýyldan gowrak ýazuw medeni taryhy bar. Medeniýet we däp-dessurlar ýurduň medeni aýratynlygydyr. Hytaý medeniýetiniň ägirt uly bölümleri we görnüşleri bar. Dünýäniň her künjegi diýen ýaly hytaýlaryň medeniýeti we ilaty barada bilýärler we azda-kände özlerine täsirini geçiripdirler, emma şonda-da Hytaý Günbatar dünýäsi üçin gaty geň we syrly bolup görünýär.

GADYMY TARYHY MESGENLER
Türkmenistanyň baý we gadymy binagärçilik mirasy bar. Etnografik öwrenişleriň we arheologik gazuw agtaryşlarynyň netijeleri, häzirki döwürlerde we IX-XII asyrlarda ýa-da soňky döwürlerde, GünortaTürkmenistanyň Merw, Peşan, Daňdanakan, Amul, Zemm, Saragt, Mehne, Abywerd, Kufen, Nusaý, Ýazyr, Dehistan, Ahur we beýleki ululy-kiçili şäherleri, Demirgazyk Türkmenistanyň Köneürgenç, Zamahşar, Wezir wе beýleki şäherleri uly ösüşde bolupdyrlar.
Bulary bilmek gyzyklydyr
Ynsan beýnisiniň mümkinçiliginden has ýokary başarnyga eýe bolan iň güýçli kompýuter sekuntda 38 müň trillion amaly ýerine ýetirmäge ukyplydyr. Bu kompýuter 3,584 terabaýt ýady bilen tapawutlanýar.
Iň uly bazar
Stambul iki yklymyň arasynda ýerleşen, dünýäniň syýasy, ykdysady we medeni merkezleriniň biri bolan Wizantiýa, Osman jahanşalyklarynyň şäheridir.
Ýer şary barada gyzykly maglumatlar
Ýer şary bowling şaryndan hem tekizdir. Ýer ýüzündäki iň beýik dag we iň çuň çöketligi hem dünýäniň galyňlygynyň 1/5000 bölegini tutýar.
Bulary bilmek gyzyklydyr
Latyn sözlerinde we ýazuwda ulanylýan “w” harpy latyn elipbiýinde ornaşmadykdyr.
Bulary bilmek gyzyklydyr
Ýaponiýanyň Miýaşima adasynda sosnanyň örän seýrek duş gelýän görnüşi ösýär. “Aždarha sakgaly” diýlip atlandyrylýan bu agajyň boýy bary-ýogy 50 santimetr bolsa-da, onuň ýeriň üsti bilen uzalyp gidýän şahalarynyň uzynlygy 30 metre ýetýär.
Bulary bilmek gyzyklydyr
Zeminiň her bir künjünde dürli bag-bakja ekinleri biri-birinden tapawutlanýar. Şeýle ekinleriň biri hem Beýik Britaniýada hasaba alnan çyzykly bolgar burçudyr. Täsin bakja önümi C witaminine baýlygy bilen hem tapawutlanýar.
Bulary bilmek gyzyklydyr
1751-nji ýylda Fransiýada «Ylymlaryň, sungatlaryň we senetleriň ensiklopediýasy» atly kitabyň ilkinji jiltleri çap edilýär. 200-den gowrak ýazar gatnaşan bu eser şol döwre çenli iň uly göwrümli ensiklopediýa hasaplanylýar.
Bulary bilmek gyzyklydyr
Tailandda hereket edýän Maklong bazary dünýäniň iň täsin bazarlarynyň biri bolup, ol bazar gatnawly demir ýol relslerine ýanaşyk görnüşde gurlandyr. Günüň dowamynda sekiz gezek otly gatnawynyň amala aşyrylmagy bolsa bazaryň özüne çekijiligini artdyrýar.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.