Rubrikalar
Rubrikalar
GARA POMIDORYŇ PEÝDASY
Gara pomidor köpden bäri belli bolan görnüşleriň biridir. Olar geçen asyryň ortalarynda sowet alymlary tarapyndan döredilipdir. Bular ýabany we gyzyl miweli pomidorlary birnäçe ýyllap çaknyşdyrmak esasynda saýlap döredilen adaty görnüşleriň biridir.
Bütin dünýä iýmit siňdiriş saglygy güni
29-njy maý Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň 1958-nji ýyldaky kabul eden karary esasynda bu sene bütindünýä iýmit siňdiriş saglygy güni diýlip yglan edilendir. Dünýädäki gasrtoenterologlar adamlarda iýmit siňdirilmezlik meselelerine, bu meselede kynçylyk çekýän adamlaryň sanynyň artmagyna ünsi çekýärler we bu meseleriň üstünde durmak bilen iýmit siňdiriş ulgamynyň keselleriniň öňüni almak we bejermek üçin täsirli usullary barada söhbetdeşlikler esasynda peýdaly maslahatlar berýärler.
HAÝSY HALKLAR HALY DOKAÝAR
Haly dokamak hünäriniň ilkinji bolup haýsy zamanlarda ýüze çykandygy barada ylmy gözlegler hemişelik dowam etdirilip gelinýär. Häzirki döwre çenli biziň eýýamyzymdan öňki V asyrlara degişli bolan Razyryk halysy iň gadymda dokalan haly hökmünde Rissiýa Federasiýasyndaky Ermitažda saklanýar. Onuň agzalan eýýamlarda Altaý sebitlerinde ýaşan türkmenleriň gaýtalanmajak sungat eseridigi dünýä ylmy jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilýär.

Ornuňyza ötünç soraýan güller
Ähli pasyllarda göreniňde göwnüňi göterýän sadadan salykatly, näzik çigildemler ynsanlaryň kalbynda söýgüni artdyrýar. Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna giren, dünýä meşhur çigildemleriň taryhyň gatynda özboluşly orny bar. Çigildemleriň watany orta Aziýa hasaplansa hem olar Gollandiýada has meşhurlyk gazanypdyrlar.
Ekologiýa abadançylygy – sagdyn durmuşyň kepili
Ekologiýa abadançylygy-durnukly ösüş konsepsiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridir.Bu ugurda amala aşyrylýan giň gerimli işler häzirki günde özüniň oňyn netijelerini berýär.Çünki ynsanyň ömri, örki, ykbaly tebigat bilen sazlaşykda bolýar. Ýurdumyzda adamlaryň arasynda ekologik bilimleri giňden ýaýratmak, ekologiýa howpsyzlygy babatyndaky maglumatlar bilen ilaty habarly etmek, tebigaty goramakgy wagyz-nesihat etmek meseleleri bilen baglanyşykly işler yzygiderli amala aşyrylýar.
Rediskanyň peýdasy
Birnäçe alymlar rediskanyň düwnük keselini bejermekde ýürek we bagyryň işjeňligini ýokarlandyrmakda peýdaly täsiriniň bardygyny belläp geçipdir. Adatça rediskadan işdäaçar we beýleki tagamlar taýýarlamakda giňden peýdalanýarlar.Emma rediskanyň gündelik durmuşda peýdalanmaklygyň günlik iýmit rasiondan aýrylmaz iýmit bolmagynyň esasy tapawutly taraplary bardyr.
Äpet karri agaçlary
Awstraliýa yklymy dünýäniň ähli gury ýer bölegini özünde jemlän Pangeýa “superkontinentinden” 50 million ýyl mundan öň bölünip aýrylypdyr. Şondan bäri hem dünýäniň galan böleginden üzňelikde ýaşan Awstraliýanyň ösümlik we haýwanat dünýäsi yklymdaky tebigy şertlere görä özgermeli bolupdyrlar. Netijede, häzirki wagtda Awstraliýada duş gelýän janly-jandarlaryň aglaba bölegi dünýäniň galan böleginde gabat gelmeýär
IŇ ARASSA HOWALY ÝERLER
Mälim bolşy ýaly, dünýädäki her bir ýagdaý hasaba alnanda, yklymlar, sebitler, şeýle-de bütin dünýä boýunça diýen ýaly ölçegler ulanylýar. Bu ýagdaý dünýädäki iň arassa howaly ýerleri hasaba almakda hem şeýledir. Arassa howa ynsan hem-de tebigatdaky janly-jandarlaryň ählisi üçin zerurdyr.
Poçta markalarynyň merkezi
Ýewropada tutýan meýdany boýunça iň kiçi döwletleriň biri bolan Lihtenşteýn knýazlygy ajaýyp dag-düzlügi, tokaýlary, gadymy köşkleridir galalary bilen meşhurlyk gazanandyr. Bu döwletiň çägini bir günde awtomobil bilen aýlanyp bolýandygyna seretmezden, jahankeşdeler Lihtenşteýne gaýta-gaýta gelýärler.

MIWELERI NÄDIP SAÝLAMALY
Oba hojalygynda ösdürilip ýetişdirilýän gök önümlerdir miweleriň dürli görnüşleri türkmen halkymyzyň bereketli saçaklaryny bezeýär. Ýylyň islendik pasylynda bazarlarymyzda gök önümleriň we miweleriň dürli görnüşlerini görmek bolýar. Ýokumly iýmit maddalaryna, witaminlere baý bolan gök önümler ter görnüşinde saýlanyp alnyp peýdalanylanda jana şypaly bolýar. Gök önümler ýa-da miweler, esasanam, daşky görnüşine görä saýlanyp alynmaly.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.