Rubrikalar
Rubrikalar
3 ýyl ozal
IŇ DOWAMLY BÖKÜŞ

Ginnesiň rekordlar kitabynda sport bilen meşgullanýan adamlaryň netijeleri yzygiderli duş gelýär. Olara bagyşlanan bölümlerde kitabyň gahrymanlarynyň ýeten sepgitleri, görkezijileri uly orun eýeleýär. Şeýle hem sportyň özüneçekiji görnüşi hökmünde paraşýutly bökmek aýratyn tapawutlanýar.

3 ýyl ozal
GEŇ PYŞDYLLAR

Alymlaryň bellemegine görä häzirki wagtda ýer ýüzündäki ýaşaýan jandarlaryň görnüşleriniň sany 9 milliona ýetip biler. Olaryň arasynda daşky keşbi, häsiýeti boýunça göreni haýrana goýýan wekillerine hem duş gelinýär. Mysal üçin, ýumşak tenli Kantoryň pyşbagasy hem adatdan daşary keşbi bilen meşhurlyk gazanandyr.

3 ýyl ozal
Peýdaly maslahatlar

Köpçülikde el telefonda gepleşilende adamlary oňaýsyz ýagdaýa goýmazlygyň, birahat etmezligiň hem düzgünleriniň bardygyndan habarlysyňyz. Degişli hünärmenler bu ugurda birnäçe maslahatlary hödürleýärler.

3 ýyl ozal
Täsin ymaratlar

Ynsan eliniň we paýhasynyň güýji bilen döredilýän gözellikler, oňaýlyklar özleriniň dürli babatlarda aýratynlyklary, artykmaçlyklary bilen haýrana goýýar. Iň ilkinji zerurlyk bolan ýaşaýyş jaýlary barada aýdanyňda hem olar beýikligi, köp meýdany eýeleýänligi, köp gatlylygy, uzynlygy, köp öýlüligi ýaly taraplardan tapawutlanýarlar.

3 ýyl ozal
Ýüpekçiligiň taryhyndan

Ýüpekçiligiň gadymdan bäri köp ýurtlarda ösendigi bellidir. Ýüpekçilik bilen meşgullanýan ýurtlaryň arasynda Hytaý Halk Respublikasy bilen Hindistan Respublikasy öňdebaryjy orunlary eýeleýärler. Iki ýurt bilelikde bütin dünýäde öndürilýän ýüpegiň 60 göterimini öndürýär.

3 ýyl ozal
Antifriziň alnyş taryhyndan

XX asyryň başlary adamzadyň awtoulaglary giňden durmuşa ornaşdyryp başlan zamanalary bolupdyr. Ulagyň sowadyjy ulgamyny sowuk howada doňmaýan suwuklyk bilen üpjün etmek meselesi hem şonda döräpdir.

3 ýyl ozal
Kagyzyň oýlanyp tapylyşy

  Hat ýazmak üçin kagyzyň oýlanyp tapylan döwri biziň eýýamymyzdan öňki 105-nji ýyllara baryp ýetýär. Şol döwürdäki Hytaý patyşasynyň geňeşçisi Saý Lun eýýäm kagyza çalymdaş materialy almagyň bar bolan usullaryny umumylaşdyryp, kagyzyň täze görnüşini taýýarladypdyr.

3 ýyl ozal
Guşlar bilen iýmitlenýän haýwanlar

Guşlary awlaýan haýwanlaryň arasynda  tilkileriň, ýalmanlaryň, samyrlaryň we beýleki ýyrtyjy haýwanlaryň adyny ilki bilen ýatlamak bolar. Ýöne agaçdan-agaja towsup, sosna gozasy bilen iýmitlenýän belkanyň guşlar bilen iýmitlenip biljegini göz öňüne getirýäňizmi?

3 ýyl ozal
SUWY GAZLANDYRMAGYŇ TARYHYNDAN

Tebigy gazlandyrylan suw gadym döwürlerden bäri mälim bolupdyr. Ol bejeriş maksatlary üçin ulanylypdyr.

3 ýyl ozal
ÝABANY MIWELI AGAÇLAR

Miweli baglar, esasan, adam eli bilen ýörite ekilip ýetişdirilýär. Ýöne miwesi iýmek, dürli içgileri taýýarlamak üçin ýaramly we kähalatlarda aýratyn peýdaly bolan ýabany agaçlar hem örän köpdür.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.