Habarlar / Hepdäniň möhüm wakalary
Hepdäniň möhüm wakalary
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň işgärlerine
Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda uly dabara bilen bellenilýän Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow möhüm desgalaryň düýbüni tutmak we açylyş dabaralaryna gatnaşdy
2-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Türkmenbaşy etrabynyň çäginde karbamid öndürýän toplumyň gurluşygynyň, Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedi awtomobil ýolunyň Türkmenbaşy — Garabogaz böleginiň düýbüni tutmak, şeýle hem Esenguly etrabynda agyz suwuny arassalaýjy desganyň we Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň açylyş dabaralaryna gatnaşdy.
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
1-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň on aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy.
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana we Türkiýäniň doganlyk halkyna ýurduň milli baýramy — Respublika güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen-italýan işewürlik maslahatyna gatnaşdy
Italiýa Respublikasyna resmi saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmen-italýan işewürlik maslahatyna gatnaşdy. Italiýanyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministrliginiň geňeşçisi forumy açyp, hormatly Prezidentimiziň şu maslahata gatnaşmagynyň onuň ähmiýetini has-da artdyrýandygyny belledi we munuň üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
23-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.
Türkmenistanyň Prezidenti «ENOC» hem-de «Dragon Oil» kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi
22-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Emirates National Oil Company (ENOC)» hem-de «Dragon Oil» kompaniýalarynyň başlygy Said Al Taýeri, şeýle hem «Dragon Oil» kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Abdulkarim Al Maazmini kabul etdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
22-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bandaru Wilsonbabuny kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň barşy we taýýarlanan taslamalar bilen tanyşdy
21-nji oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesiniň utgaşdyrylmagynda bina edilen Arkadag şäherine gelip, bu ýerde täze şäheriň çäklerinde gurulýan we gurulmagy teklip edilýän döwrebap desgalaryň şekil taslamalary hem-de ählihalk bag ekmek dabarasyna görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdy.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.