Habarlar / Hepdäniň möhüm wakalary
Hepdäniň möhüm wakalary
16ac5d6b3c2834.jpeg
1 aý ozal
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy bilen duşuşygy

6-njy oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdan Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherine ugrady. Gahryman Arkadagymyz Balkan welaýatyna ugramak üçin paýtagtymyzyň Halkara howa menziline geldi. Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Liderini resmi adamlar ugratdylar.

16ac5d55beab7f.jpeg
1 aý ozal
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hatyra güni mynasybetli çärä gatnaşdy

6-njy oktýabr — Hatyra güni Türkmenistanda 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalary, şeýle hem Watan goragynda söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlar hasrat bilen ýatlanyldy. Paýtagtymyzdaky «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda geçirilen gül goýmak hatyra çäresine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.

16ac3271eb1265.jpeg
1 aý ozal
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

3-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralarda şu ýylyň dokuz aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri girizildi.

16ac3249bea620.jpeg
1 aý ozal
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

2-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň dokuz aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.

16abde0b887c7f.jpeg
1 aý ozal
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de ähli halkyna

Sizi dünýä bileleşigi bilen birlikde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda umumadamzat gymmatlyklaryny hem-de ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini dabaralandyrýan baýram hökmünde giňden bellenilýän Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.

16abca72e1aa2e.jpeg
1 aý ozal
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar

29-njy sentýabrda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň möhüm ähmiýetli wakalarynyň üstüni ýetiren taryhy pursatlar bolup geçdi. Köpetdagyň eteginiň gözel künjegindäki Türkmenistanyň Prezidentiniň 1200 orunlyk Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna hormatly Prezidentimiz we Gahryman Arkadagymyz gatnaşdylar. Bu bolsa häzirki döwrüň şanly wakalarynyň many-mazmun taýdan baýlaşmagyny şertlendirdi.

16abc9e6a6a141.jpeg
1 aý ozal
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Watanymyzyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşdy.

16abc98637f358.jpeg
1 aý ozal
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşdy

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy. Döwletimiziň berkararlygynyň, halkymyzyň erkinliginiň we özygtyýarlylygynyň nyşany bolan bu ajaýyp binagärlik toplumynda geçirilen dabara Garaşsyzlygyň taryhy ähmiýetini ýene-de bir gezek alamatlandyrdy.

16abc976a9a9c7.jpeg
1 aý ozal
Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Prezidentini Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy bilen gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli gutlag Hatyny iberdi.

16abc969bc192d.jpeg
1 aý ozal
Türkmenistanyň Prezident watandaşlaryny Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow watandaşlaryny Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramy bilen gutlady. Döwlet Baştutanymyz bu baýramy ägirt uly taryhy ähmiýetli waka diýip atlandyryp, mukaddes Garaşsyzlygyň milli döwletliligiň sarsmaz binýady we ýurduň şöhratly geljeginiň öçmez nury bolup durýandygyny belledi.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.