Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
160a77c0f1c8cc.jpeg
4 ýyl ozal
AŞGABATDA KÄMIL ULAG HYZMATLARY

Milli Liderimiziň pähim-­paýhasy bilen şu günler ýurdumyzyň ähli künjeklerinde Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy we Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli giň möçberli taýýarlyk işini alyp barýar hem-­de şanly seneleriň hormatyna medeni-­köpçülikleýin çäreler yzygiderli guralýar.

160a7148a85a54.jpeg
4 ýyl ozal
Türkmenistan, Gyrgyzystan, Özbegistan we Eýran täze ulag geçelgesini ýola goýmakçy

Gyrgyzystanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (GSTB) başlangyjy esasynda sişenbe güni Türkmenistanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň we Eýranyň demir ýol edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gepleşik geçirildi. Gepleşigiň dowamynda täze demir ýol geçelgesini döretmek baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

160a7137b835b3.jpeg
4 ýyl ozal
Türkmenistan we Gazagystan söwda gatnaşyklaryny giňeltmegiň ýollaryny maslahatlaşdylar

20-nji maýda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy S.Berdimuhamedowyň we Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri A.Mamin bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi. Onuň çäklerinde söwda-ykdysady we ynsanperwer ulgamlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

160a41d1569608.jpeg
4 ýyl ozal
"Türkmenhowaýollary” agentligine lukmançylyk maksatly täze dikuçar gelip gowuşdy.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň howa ulagy ulgamynda uly üstünlikler gazanylýar. Mähriban Arkadagymyzyň baştutanlygynda işlenilip taýýarlanan “Türkmenistanyň Raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2012-2030-njy ýyllar üçin Milli Maksatnamasy” tapgyrlaýyn amala aşyrylýar.

160a3657d8688a.jpeg
4 ýyl ozal
Döwrebap demir ýol menzilini gurmak boýunça bäsleşik yglan edildi

"Demiryollary" açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti territoriýany gowulandyrmak bilen Gökdepe etrabynda häzirki zaman demir ýol menziliniň taslamasyny düzmek we gurluşygy üçin

160a36308e88e1.jpeg
4 ýyl ozal
Aragatnaşykçylar AFK-nyň kubogy ugrundaky ýaryşda ilkinji ýeňşini gazandy

AFK-nyň kubogy ugrundaky halkara ýaryşda mundan üç ýyl ozal finala çenli baryp ýeten «Altyn asyr» futbol topary ýaryşyň täze möwsümindäki ilkinji ýeňşini ikinji duşuşygynda gazandy. Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojageldiýewiň şägirtleri «F» toparçanyň ikinji tapgyrynda Gyrgyz Respublikasynyň «Alaýy» bilen duşuşdylar.

160a36203d8211.jpeg
4 ýyl ozal
«Altyn asyryň» hüjümçisi AFK-nyň sanawynyň iň netijeli futbolçysy

Aragatnaşykçylaryň «Altyn asyr» futbol toparynyň hüjümçisi Altymyrat Annadurdyýew yklym ýaryşynyň iki duşuşygynda geçiren dört pökgüsi bilen tutuş ýaryşyň iň netijeli futbolçylarynyň başyny çekýär.

160a02aa49b63e.jpeg
4 ýyl ozal
Demir ýol ulaglary pudagy tomusky dynç alşa ähli hyzmatlaryny hödürlemäge doly taýýar

Tomus dynç alyş möwsüminde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda dynç alşy guramagyň meýilleşdirilýän tertibine laýyklykda, welaýatlardan we Aşgabat şäherinden dynç almaga gitjek raýatlarymyzy demir ýol ulagynda şu ýylyň 1-nji iýunyndan başlap her gün Aşgabat — Türkmenbaşy — Aşgabat ugry boýunça ýörite ýolagçy otly gatnawlaryny ýola goýmak meýilleşdirilýär.

160a03052244a8.jpeg
4 ýyl ozal
Aşgabat ― Türkmenbaşy ― Aşgabat ugry boýunça tomus aýlary goşmaça howa gatnawlary ýola goýlar

«Türkmenhowaýollary» agentligi tarapyndan 1-nji iýundan başlap, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alýanlar üçin goşmaça gatnawlar ýola goýlar. Bu barada agentligiň başlygy D.Saburow Türkmenistanda Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adaty daşary toparyň mejlisinde döwlet Baştutanyna habar berdi.

160a02e3312e7d.jpeg
4 ýyl ozal
Awazanyň myhmanlaryna ýokary hilli awtoulag hyzmatlary garaşýar

Tomusky dynç alyş möwsüminde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna gelýänlere hödürlenýän awtoulag hyzmatlaryny has-da gowulandyrmak maksady bilen, şol döwürde ýolagçy ulaglaryň täze gatnaw ugurlaryny açmak meýilleşdirilýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.